14:49
Iki ýylyñ sepgidinde
IKI ÝYLYÑ SEPGIDINDE

MOSKWA, WAŞINGTON...
WAŞINGTON, MOSKWA...
Bu sözleri ähli dilde
Dünýä ýaýratdy howa.

Uruş, ýarag sözlerinden
Bizary çykan efir,
Ol sözleri gaýtalady
Öýlän, agşam, ir ertir.

GORBAÇÝOW bilen REÝGAN,
AK TAM bilen KREML -
Bu sözleri nije günläp
Gaýtalady dürli dil.

Diller dürli bolsa-da,
Manysy bir meñzeşdi.
Iki ýurduñ ýolbaşçysy
Buýsanç bilen elleşdi.

Soñra bolsa ýetip geldi
Garaşylan şol minut.
Bir sekundyñ içine
Ýerleşdi million umyt.

Beýik Ylalaşyga
Golun çekdi iki el.
(Islese, hemme adam
Dost bolup biljek eken).

Ikisi-de çepden saga
Galamlaryn ýöretdi.
Milliard gözler şol demde
Iki ele seretdi.

Myhmanym Mommat aga
Seredip iki kellä,
Diñe birje söz bilen
Nyrh kesdi: "Berekella!"

Bu bir sözüñ içine
Sygdy dünýä dek many:
"Sözleşiñ, düşünişiñ,
Halas ediñ dünýäni!"

Hawa, indi ynsanyñ
Ykbaly şoña bagly.
Düşünişsin, sözleşsin,
Göreşsin adam ogly!

Diñe şeýdip dünýäni
Gorap bolar beladan.
Şoña düşünsin, adam!
Şoña düşüner adam!

87 - ajap ýyl
Goýdy Ynam binýadyn.
Taryhyna BEÝIK diýip
Girizdi ol öz adyn.

88 - täze ýyl
Mundanam has BEÝIK bor.
Onsoñ oña has ullakan
"Berekella!" diýip bor.

Aždar ýyly - ýylan ýyly
Bogup urşuñ aždaryn,
Has-da belent pasyrdadar
Parahatlyk baýdagyn.

Gir gapydan, 88,
Taşla eýmenç ýaragy.
Dik depends täç edin
ÇEKIÇ bilen ORAGY.

Uruş, ýarag sözlerinden
Bizary çykan efir.
Ýeneki täze ýyllara
Täze sowgatlar getir.

Kerim GURBANNEPESOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1988 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Haweran | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Mähriban   [Материал]
(Islese, hemme adam
Dost bolup biljek eken).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]