19:48
Iki boldum
IKI BOLDUM

Men “Sen” diýip ýola düşdüm,
Ýürek boldy pagyş-para.
Iki boldum, ozal üçdüm,
Birim galdy bagyşlara.

Çykdym jaýyň üçegine,
Takat tapman düşegime.
Ynha, indi üşegene
Otly çöp bol oňuşmaga.

Diýip dursaň sen: “...ätlemen”,
Bilmedim, nädip, nätmenem.
Owadan söýgä ä:t menem,
Yhlasym çoh gowuşmaga.

Gaýtalaýan öňki heňi,
Dolduryplar öýkenimi.
Sen nä menden öýkelimi,
Öňküden ha:s daşdyr ara.

Men “Sen” diýip ýola düşdüm,
Ýürek boldy pagyş-para.
Iki boldum, ozal üçdüm,
Birim galdy bagyşlara.

Süleýman HAÝDAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Habar / Goşgular - 16.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]