16:24
Arakhor goja we çopanyñ dogasy
ARAKHOR GOJA WE ÇOPANYÑ DOGASY

Bir obada: "Şü adam ölse, bizem mundan dynsaýdyk" diýdirýän, obalylara ot ýakdyrmaýan, günägaby bir  adam ýaşapdyr.

Adamyñ zenanasy onuñ ýagdaýyna näler gyýylsa-da, otuz ýyl maşgala bolup ýaşan döwründe urulyp, ýenjilse-de, her gün biri bilen jenjele girip ýören adamsyndan nalyş etmändir.
Adam garradygy  saýy  iki basgançak ýokary galsa demini-demine ýetirmeýän, gijeler ukusyny bölüp ýatyrmaýan üsgülewik heläk edip, ellerini titiredip çilimini saklamasy hyllalla bolupdyr.
Zenanasy ellerini asmana açyp, ömründe bir gezejik bolsa-da adamsynyñ düzelmegi üçin Alla ýalbarypdyr.
Bir gün säher wagty öýden çykan adam ertesi günem dolanyp gelmändir. Dañ agarandan aýaly adamsynyñ gözlegine ugrapdyr. Obanyñ ýokary tarapyndaky çeşmäñ başyny, golaý ýerleri, obanyñ çar künjüni aýlansa adamsy ýok. Zenan: "Belki öýe gelendir" diýen umyt bilen öýüne haýdaýar, emma adam häzirem dolanmandyr. Kim bil­ýär nirede doñup galdy bu adam!
Gün guşluk boldy, Zenan çaltlyk bilen täret aldy, namaza durdy, dogasy biter-bitmez gapy kakyldy,
Gelen ýüzi saralyp, gara-ört bolan adamsydy, üsgürip eli bilen gursagyny görkezýärdi, zenana onuñ goltugyna girip düşegine geçirdi. Düşek-de süýnen adam kempiriniñ ýüzüne naýynjar bakyp aglaýardy, bu bakyş düzelmek  islegini añladýardy, razylaşmak isleýän ýalydy, emma bir söz sözläp bilmän amanadyny tabşyrdy. Zenan uly ses bilen ahy-perýat çekdi. Bir salymdan özüni ele aldy, gözýaşyny syldy-da, ymamyñ öýüne ugrady.
Zenan:
-Mollam.. -- diýdi-de dymdy,
Ymam hatynyñ ýüzünden ýagdaýyny añlady, "obalylar näme diýer" - diýip oýlandy-da:
--Bir gezegem metjidiñ gapysyny açmadyk píse çynaza çykmaryn - diýip gapyny hatynyñ ýüzüne ýapdy.
Zenan gaharlandy, "nirä, kime barsamkam" diýip pikirlendi, biçäre halda öýüne dolandy.
Adamsyny ýuwga saldy, sandygyndan çykaran ak biýzine dolananan jesedi arkasına aldy-da mazarlyga tarap ugrady, mazarlyga gidýän ýoluñ ugrundaky metjidiñ deñine gelende obanyñ kethudasy bilen oba, adamlarynyñ özüñe tarap gelýändiklerini gördi. Damagy doldy, ölüni omuzyndan düşürdü-de dyzyna çöküp oturdy, ellerini ýüzüne tutup aglamaga başlady.

Oba ýaşulysy:
--Ony nirä alyp barýañ?  Mazarlyga eltiji  bolaýmagyn,  saglygynda biz çekdik, indi ölülerimiz bir zyýan çekmesin oñ derdinden.
Zenan dolagdan gözüni aýyrman oturşyna birden dälirän  ýaly uly ses bilen möññürmäge başlady,  daşyndakylar  gorkularyndan ondan daşlaşyp, dargamak bilen boldular,
Gara-der bolup tapdan düşüp, indi ädim ätmäge gurbady galmadyk zenan öz-özüne:
--Şu ýerde ýerläýin adamymy, bu ýerde hiç kim birahat bolmaz - diýdi-de  diñşirgendi.
Şol barmana aýak sesi eşidildi. Gelen bir çopandy. Görgüli zenan bolan wakalary çopana gürrüñ berdi. Çopan gyýyldy, gözleri nemlendi:
-- Alada etme, men saña kömek ederin.
Çukur gazyp ölüni depin etdiler.
Çopan mazaryñ başujynda durup, ellerini açyp doga okady, Zenan gül ýygnap topragyñ üstüne sepdi. Çopana alkyşlar aýdyp öýüne dolandy.
Argyndy. Uklady.
Ertesi säher wagty oba ýaşulysy ymamyñ gapysyny kakdy. Howpurgap gapyny kakyp, aýagy bilen ýer urup duruşuna:
--Ymam aga, Ymam aga! - diýip aljyraññy seslenýärdi. - bir düýş gördüm, mollam, ol bozuk biçäre jennetdemişin, maña: "saña hakym halal bolsun" diýip ýylgyrdy--diýýär.
Düýşi duýan Ymamyñ reñki öçdi, ol hem şol düýşi görüpdi. Gapyda duruşlaryna oba, dälisiniñ gygyryp gelýänini gördüler:
--Men size aýtmadymmy, aýtmadymmy size, düýşümde gördüm, düýşümde..
Oba adamlarynyñ birnäçesiniñ  şol bir düýşi görendiklerini  bilenlerinden soñ "ötünç soramaly, bizi bagyşla diýmeli hem-de bu ahwalyñ manysyny öwrenmeli" diýen netijä geldiler.

Onuñ öýüne gelip gapysyny kakanlarynda gapyny açan hatyn geñ galdy, gapyny ýapmakçy boldy, emma saklandy, gelenler bolup geçenleri aýdyp ötünç soradylar, ölüni nirede ýerlänini, nämeler bolup geçeni bilen gyzyklandylar. Görgüli Zenan bolanlary b:ir-b:ir aýdyp berdi. Ünsli diñlän adamlar çopany tapmaly diýen karara geldiler. Ýöräp baryşlaryna: "Belki çopan bir öwülýadyr, ýa-da Hydyrdyr. Ölenem beýle bir erbet adama däldi aslynda.." diýişýärdiler.
Aýdylan ýerde çopanyñ goýunlary otlaşyp ýördiler.
Gelenleri gören çopan:
--Gowulykdyrda hernä? diýip ör turdy.
Olara oturmagy teklip etdi, süýt, hödür-kerem etdi. Çopan olaryñ aýdýan zatlaryndan hiç zada düşünmedi,  ölüni nähili ýerländigini aýdyp berdi:
-- men bir garyp bende, ölüni depin etdim, başujynda durup doga-dileg etdim, bolany..

Onda ondan nähili doga edenini soradylar:
Çopan:
"Allahym, men dagda mallarymy bakýarkam ýanyma Salam berip gelen bendeleriñe, Seniñ salamyñ bilen gelen, Seniñ myhmanyñdyr diýip olara hezzet-, hormat edýärin, süýt hödür-kerem edip azygymy paýlaşýaryn, indi bolsa men Saña bir myhman ugradýaryn, SENDE ONY HEZZETLE! " diýip jogap beripdir.

Çeşme: https://kisahikayeler.net
Terjime eden: © Kalba NUR.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 190 | Добавил: Nurdan | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 8
-2
7 edebiyatteswiri   [Материал]
düşünmedim

-4
4 edebiyatteswiri   [Материал]
Salam Nurdan. Nurdan bu saýta surat nädip goýulýarka. Gaýrat edip aýdaýda, haýyş edýän.

1
5 Nurdan   [Материал]
Salam, şahsyñyza ýazdym.

1
3 menliasyrowa91   [Материал]
Hawa,täsirli,düýşli ýerinde inim tikenekläbem gitdi. Höwri köp bolsun,Nur! Terjimeleriñe,esasanam öz goşgulaña garaşýandyrys.

1
6 Nurdan   [Материал]
@Gumlygelin, Meñli, sagboluñ, minnetdar!

-2
8 edebiyatteswiri   [Материал]
Salam Nurdan. Nurdan düşünmedimdä

1
2 Gumlygelin   [Материал]
Nurdan ömrüñ uzak bolsun uýam.Juda täsirli hekaýa.Zenanyñ yhlasy gör nähili güýçli eken.

1
1 Hаwеrаn   [Материал]
Ayyaş - alkaş, ihtiyar - garry (erkek bolsa - goja, aýal bolsa - kempir).
Kethuda başga zat.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]