16:31
Içdökme
IÇDÖKME

Salam, kaka!
Ýatyrsyňmy?..
Mör-möjekler heläk edýän däldir-ä?
Ah, olar saňa bir degmäýbilsedi.
Meni bärde çybyn-çirkeýler çakýar,
Gara içýanlar sokýar, ak möýler çakýar.
Sen gideňsoň toý tutdular gargalar,
Gurbagalar kyldy şatlyk-şagalaň,
Boldular ala-galmagal...

Ýa-da, kaka, bilýädiňmi
Aýyň garadygyny.
Şowa kör bolamsoň,
Äýnek dakynamsoň bildim
Aý ýüzünde görünýänleň
Aňyrsynda başga zatlaň bardygny.
Duşmanlar begenýär görüp
Maňlaýdaky çyzygymy,
Menem şolarça begenýän
Senden galan soňky ýadygärlik bü.

Sag bol, kaka, sen birahat bolaýma,
Men möýleriň zäherinden gorkamok,
Ýylanlaryň gaharyndan gorkamok.
Indi Aýyň garadygynam gördüm.
Dostsumaklaň çep kisede gizleýän
Gamajygynam gördum.
Jaýlaň şyrdagynyň aşagyndaky
Gulajygynam gördüm.

Menem bir gün ýadan äýnegim goýup,
Maňlaýma çyzlanlaň baryny görüp,
Müň ýoly külterlän ädigim goýup,
Müň ýola gaýtalan aýdymym goýup,
Ýanyňa bararyn hiç kim görmänkä,
Görüşýänçäk, kaka!

Suraý BABANYÝAZOWA.
Awtoryň başga makalalary

Просмотров: 123 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Mowzuga geç]
Tanryyalkasyn!

0
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Suraýjan gowy ýazypsyñ.Galamyñ kütelmesin. Iñ halan ýerim-de "Jaýlañ şyrdagy"... Üçegi şyrdaga meñzetmegiñi haladym.

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Jaýlaň şyrdagynyň aşagyndaky
Gulajygynam gördüm.

"Tamda gulak bar"

-1
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Durşuna simwolika, metafora!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]