14:10
Iç döksem
IÇ DÖKSEM

Öz-özüñe göwnüñ ýetip kä halat,
- Baham ýokdur - diýip öwünme, kişi.
Gynanýaryn,
Sözüñde ýok adalat,
Bu dogry gepimden alma, teşwüşi

Atanlykda çawuş eştdim bir setir,
Ine, şeýle aýdylany
Iç döksem:
"Saña aşna, mahmal berjek üç metr,
Pylanynyñ kesesinden gol çekseñ".

Hawa, adam, biler bolsañ, çyn bahañ,
Bir haýynlyk,
Hem üç metr mahmaldyr.
Ýalan öýtseñ, durmuş atly ýuwdarhañ,
Ýakasyndan tutmak üçin
Baş galdyr.

• GOWY ADAM

Risky çöpläp günlerden,
Pent görmediñ kimlerden?!
Urlan ýeri ýüzüñe,
Geçdi çak-u-çenlerden.

Galmajak bolup derde,
Sesiñ gapdyñ her ýerde.
Barybir gald-a seniñ
Ýürek-bagryñ heserde.

Ýaman işi çaşyrdyñ,
Ýagşa sanyp aşyrdyñ.
Asyl şeýdip jahanyñ,
Akyl-huşun çaşyrdyñ.

Myrryh tursa dökülip,
Gyra gidýäñ çekilip,
Hakykaty aýtmakdan -
Şo-ol ýörüşiñ çekinip.

Kakabaý YLÝASOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Kakabaý Ylýasow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]