20:59
Iberilmedik hat
IBERILMEDIK HAT

Tanadyňmy?!
Tanansyň-la, elbetde.
Saňa aýan ahyr düýnüň syrlary.
Agyr zat ýok eken özüň ýeňmekden,
Has ir düşse günleriň pasyllary.

Çünki söýgiň köňle çöken dürlerin
Asla tapyp bilmez ýyllaryň meýli.
Günler geçýär duýgularmy gürledip,
Ýaşlygym – söýgümiň asmana seýli.

Düşnüksiz küýsegiň dodagy kepäp,
Delmuryp garaýar gözýetim sary.
Agaçlary ýekän-ýekän gürledip
Barýan ýeller meniň umydym ýaly.

Ak güller mesawy gürrüňe gümra,
Guşlar hem saýraýar kalbymy ezip.
Ýürek ýene öňki heňini çalýar
Sen diýip gezip.

Laura MAKSYMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Mahymm | Теги: Laura Maksymowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hatlar / Goşgular - 26.05.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Saña menziller / Goşgular - 07.02.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]