02:10
Hyýal / liriki hekaýa
HYÝAL

Şol gün öýlän duýdansyz ýagyş ýagdy. Ilkibada edalyja ýel öwüsmäge başlady, soň biraz güýjedi, onsoň ýeliň çynydygy bildirip ugranyndan soň, gür baglar agramly telpegini saklabilmän, eýlä-beýlä yrandylar. Garagol ýeliň eýini berjek bolýan ýaly, şahalary bilen galgaşyp, çarýana hallan atdylar. Ýerdäki ösgün otlar ýüzüne urlan ýaly, tas ýarysyna çenli bir tarapa gyşardylar. Şeýdip, ilkinji damjalar asmandan düşdi, olaryň yzýany bilenem alňasak beýleki damjalar tekiz ýeri garaltmaga başladylar. Men gözüme ynanman, oňa köp seredip durdum. Tä şol edalyja ýeliň öwüsmäge başlap, alňasak damjalaryň ýeri garaldýan pursatyna çenli gözüme ynanman, aňalyp durupdyryn. Soň ýuwaşlyk bilen onuň ýanyna golaýlaşdym. Sowukdan ýaňa aýaklarym titiräp, dişlerim çakyşýardy. Men durkum bilen galpyldy bolup barýanym üçin edil ýaňy aýak biten çaga ýaly, haýal ädim ädýärdim. Şol aralykda onuň beýle uzakda duranyna we maňa garşy ädim ätmeýänine içim ýanýardy. Eger daşarda ýagyş bolsa, kellämiň içinde has erbetdi, doňaklykdy. Damjalar zalymlyk bilen depämden guýýardylar. Soňabaka olaryň saçymdan geçip, kellä ýetendigini duýmaga başladym. Saçyň üsti öl bolup, entek öl geçmedik gury bölegine ýagyş damjalary ýagyp dursa, bir zat agyryňy gozgap duran ýaly bolýan ekeni. Umuman, ýakymsyz duýgy. Ahyry aramyzda iki-üç ädim galanda, men saklandym. Ýagyş damjalary onuň garaýagyz ýüzüni hasam agras görkezýärdi. Onuň gözlerinde haýsydyr bir ökünjiň demiňi degirseň, erejek, eliňi degirseň, pytrajak görnüşi bardy. Dodaklarynda nähilidir bir söz aýdylman, aýdylmaga taýýar görnüşde müňzäp durdy. Ol şeýlebir naýynjardy, nebsagryjydy, şo bir wagtda-da örän ýatdy, nätanyşdy. Kimdir biriniň diýseň mähriban hem diýseň ýat adam bolup bilýändigi hakykat ekeni.
- Sen üşäňokmy, üşärsiň ahyry. Ýör, öýe gideli – diýip, men oňa tarap golaýladym. Ol “ýok” diýýän terzde gözüme gönüledi. Göwnüme bolmasa, bir ädim yza-da süýşjek boldy öýdýän. Beýle garşylyga garaşmanymdan soň, ýene äm-säm halda aňkarylyp durdum. Indi onuň tutuş göwresi bilen suw-sil bolandygy gözüme ilýärdi. Ýagyş onuň eşiklerinden geçip, ýaňy ýuwlan geýimlerden suwuň damşy ýaly, dynuwsyz damýardy.
- Ýör! – diýip, men aýgytly seslendim. Kelläm bilen öýe tarap yşarat etdim. – Gideli! – diýen wagtym onuň pursat geçdigi saýy hasam gaýgyly görnüşe geçýän gözlerine seredip tas aglapdym. Sesimde baryny edip aglamasamam, ýüregim elenip, bokurdagym doldy:
- Gidäýeli-le, ýöräýsene – diýip, onuň ýuwaşjadan alkymyna dykyldym. Şo wagt sowuk şemal göwrämi galgadyp, ellerimi titretdi. Içimden ýakymsyz bir zat sanjyp gitdi. Ýöne soňundan onuň ýüzüme çabraýan ýyly demi meni köşeşdirmäge başlady. Endamym gowşap, bedenime ýylylyk aralaşdy. Şol ýylylykdanmy ýa aşa köp duranym üçinmi, ilkibada sowuk bolsa-da, soň gyzyp başlan göwräm mundan artyk tap getiribilmän, gözüm garaňkyrady. Meni ýyly eşige dolap öýe salanlarynda-da, daşymda ylgaşlap, öl eşiklerimi çykarjak bolýan wagtlaram huşumdadym. Ähli bolup geçýän zatlary görýärdim hem aňlaýardym. Gözlerim bilen ony gözleýärdim. Onuň bu töwerekde ýokdugyna akyl ýetirenimden soň huşumdan gidipdirin.
Şulаr ýаly ýаgdaý birnäçе gеzek gаýtalandy. Bir-dе оl bаgyň aşаgynda mаňa gаraşyp durmukа diýýärin. Mеniň duşuşуga gelmеýänime gаhar еdip, аsmana bаkyp, şеýlebir аh çеkýärmikä diýýärin wеlin, agzуndan оt çуkyp gidýärmiş. Оnuň şеýlebir ýürеgi аgyrýarmyşyn wеlin, ýеne birаzajyk, onsоň оl ysgуnsyzlykdan ýеre çöküр oturýаrmyşyn. Оnuň şu hаlyny göz öňünе getirеnimde, siz mеniň nähili günе düşýänimi bilýärsiňizmi? Şо wаgt оnuň ýаnyna bаryp, egnindеn tutmаýanyma, gаrsa gujаklap, gözlеrini öрmeýänime örän gуnanýaryn. Еger, еlimde bоlsady, häzirkim ýаly, kim bilýär, nirä ylgаp çykаrdym. Ikiýаna еlewräp, оny gözlärdim. Еger, bаr bоlsa tapаrdym, hökmаn tapаrdym. “Sеn gynаnma, sеn gyýуlma, mеn bаr” diýеrdim. “Mеn hеmişe-de bаrdym, ýönе mеni sеniň ýаnyňa gоýbermediler, “wаgty gelеnde gidеrsiň” diýdilеr, mеn şоnuň üçin barуbilmedim” diýеrdim.
Hawa, soň-soňlaram oňa özümiň bardygym hakyndaky habarlary ýetiresim geldi, elbetde. Ýöne bir-de kepderiler olar tarapa uçmadylar, bir-de ýolumyzda aždarhalar oturdy, birde-de, gara döwler göze görünmeýän galalary saldylar. Onsoň maňa arzuw etmekden başga alaç galmady. Wagt geler, kepderilerem ýene asmanda perwaz urar, aždarhalaryň kellesi aýrylyp, döwler düýbünden ýitip gider. Şonda aramyzda hiç hili päsgelçilik bolmaz, şonda men onuň ýanyna bararyn, hökman bararyn. Barybam: “Sen aglama, sen gyýylma, men hemişe-de bardym” diýerin...

Bägül ATAÝEWA.

Makalaň çapa çykan ýyly: ýanwar, 2020 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Zenan kalby" žurnaly

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 101 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Помидоры / рассказ - 25.06.2021
Otla gijä galdy / hekaýa - 15.03.2021
Роза для Соломона / рассказ - 18.04.2021
Просто булочная / рассказ - 25.06.2021
Икар / рассказ - 28.06.2021
Сулук / рассказ - 22.06.2021
Правдивая история / рассказ - 05.05.2021
Бочонок / новелла - 15.04.2021
Ханский огонь / рассказ - 08.06.2021
Кошка дохлая / рассказ - 25.06.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Wepa074880   [Материал]
super

0
4 Gozellik_   [Материал]
Ýarsyna çenli demimi tutup okadym. Gyzykly. Sonlary kynrak boldy. Ylhamyñ egsilmesin, ýakymlyja hekaýalar ýazyp dur.

0
2 Aksary   [Материал]
...onSOÑ ýeliň çynydygy bildirip ugranyndan SOÑ, gür...

Ikinji sözlemďäki SOÑdan soñky ONSOÑlar, SOÑlar kän gereķdäl ýaly...

Bägül uýam umuman erbetdäl döredip duruñ, bizem okaly

0
1 mango   [Материал]
bägül hanym, ýazgyňyz gysgajygam welin ýaman süýndirýäňizlaý...
ýene-de soňuna çenli okap bilmedim....

1
Mango saña name diysemkam? Howlukman bah söygem barou diyip okap gör ya da howlukman göz önune getirip ya da gayta gayta yada säginip säginip yada gynanyp . Bolmasa soñ okay

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]