05:48
Humaý guşuň endişesi
HUMAÝ GUŞUŇ ENDIŞESI

Iýmek-içmek çykdy ýatdan,
Unudyldy uklamamam.
Intelligentleň öňünde
her dem özüm aklamamam.

Çüňküm bilen kapasamyň
kildin açdym.
Garga bolup görünsemem,
Humaý guşy bolup uçdum.

Ýerden gözümi aýramok
Bakýan dünýäň gapysyna
Girmesin diýp özge bir guş
Çykyp gaýdan kapasama.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Şükür / Goşgular - 15.01.2022
"Salam, meň gülli dünýäm..." / Goşgular - 08.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 mango   [Материал]
Gadymy türk we mangol halkarynda Umaý diýen hudaýlaşdyrylan zenan personaž bar eken. Humaý bilen ady ýakyn eken - Umaý.
Umaý - kiçi çagalaryň we doguran aýallaryň howandary-goragçysy(myş).
(Bu ýazýanlam goşgy bilen bagly däl, ýöne gyzykly maglumatlar)
Gül-tegin ýadygärliklerinde şeýle setirler bar.
Umaj-täg ögäm katun gutuna inim gül-tägin är at boldy.
(Умај-тäг öгäм катун кутына інім кÿl-тäгін äр ат болды).
Manysy: «Для (то есть на радость) её Величества моей матери-катун, подобной Умай, мой младший брат, Кюль-Тегин, стал зваться мужем».
Geň ol döwürlerde ulanylan sözlerden käbiri türkmen dilinde üýtgemänjik ýaşap gelipdir; hatyn, gut*, ini (aga-ini), är, a:t, boldy…

* “gutly bolsun” diýmegiň manysy gör nirden çykdy.
Guty gurt bilen baglaýan hem bar öýdýän. Ýöne gut-bagt, gut-bagtyýarlyk ýaly…
Garaz, täze ýylyňyz Gutly bolsun, biziň bagtymyza Bagtyýar bolsun!
Ine-de size Gutlagym. Gutly gutlagym.

0
4 mango   [Материал]
Garga bolup görünýän Humaý kapasadan öz güýji bilen çykyp, asmana galdy.
Hemem ol kapasa başga bir serçäniň, bilbiliň, garganyň, käkiligiň, laçynyň…. garaz başga bir guşuň girmezliginiň aladasy bilen dertlenýär.
Umuman, guşlary kapasadan çykyp asmana galmaga höweslendirýär.
Bar etmeli işimizem çüňkümiz bilen kapasamyzyň kildini açmak….
Kapasa-da bolsa altyndan, iýjegiň öňüňde…. bolanda näme kilitli… ýaly gürrüňler bilen dowam etseň edibermeli…. Ýöne, Humaý-Suraý-yň aýdanlary ýeterlik, many çokjaga.
—-
Humaý - esasan pars-arap halklarynyň mifologiýasynda bagtyýarlyk guşy hasaplanýar. Onuň ganatynyň kölegisi düşen kişi hökümdar bolýamyş diýen ynanç bar. Humaý guşy öldüren kişem 40 günden köp ýaşaman ölýämiş. Edil kapasada saklan kişiniň näme bolýanyny bilemok.

0
3 Bagabat   [Материал]
"Intelligentler" hakda real anekdot:

Bir gezek meşhur taryhçy, passionariýlik teoriýasynyň esaslandyryjysy Lew Nikolaýewiç Gumliýow söhbetdeşlikde "intelligentsireýänleri" ýazgaryp, öteräk geçipdir. Şonda žurnalist hanym oňa şeýle diýipdir:
-Lew Nikolaýewiç, siz nädip beýle gepläp bilýärsiňiz?! Siziň özüňizem intelligent adam ahyry...
L.Gumilýow bu zenan igenjine şeýle jogap beripdir:
-Hudaý saklasyn, men nädip intelligent bolýamyşym? Meň hünärim (professiýam) bar. Üstesine-de men Watanymam söýýän...
A.Puşkiniň ertekilerini tamamlamagy eý görýän ýeserje sanawaçjygy:
"Сказка лож, да в ней намёк, добрым молодцам урок...".

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Beh, tüweleme, ajaýyp goşgy. Kiçijik goşgy, uly filosofiýa. Berekella Suraý şahyr! Üstesine her bendiň aýry~aýrylygam şygra gözellik berýär. Emma, esasysy mazmun. Berekella!

0
1 Bagabat   [Материал]
Garga bolup görünsemem,
Humaý guşy bolup uçdum...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]