09:37
Humaý guşa ýüzlenme
HUMAÝ GUŞA ÝÜZLENME

Jemläp iň soňky umydym,
Saňa geldim, guşlaň şasy!
Sargyt etjek toý aýdymyn
Hemem ýaşlygymyň ýasyn.

Geçen eken gözel ýaşlyk,
Isleýşimç-ä bolmady ol.
Agysyn özi aglady,
Öz erkin-ä gülmedi ol.

Ynanýandyryn öýdýäňmi
Kalbyň garramaýanyna.
Akmagam bolsam düşündim
Haýsy ýana barýanyma.

Indi aldamak mümkin däl
Gury arzuw-umyt bilen.
Pişikler meň boýdaşlarym,
Dostlaşyp ýörün it bilen.

Jemläp iň soňky umydym,
Saňa geldim, guşlaň şasy!
Aýdym-saz et, gel, bileje,
Sowaly ýaşlygymyň ýasyn.

♢ AÝDYM

Aýdym aýdypdyň birmahal,
Menem ona baş yrapdym.
Tans oýnardym keýijek deý,
O wagtlar ýaşyrakdym.

Böküp durandyr böwregim,
Tapmazdyň men deý gülegi.
Gaýyp ýörse-de notalar
Tutup bilmändim olary.

Maýyl bolup owazyňa,
Sabalarda hiňlenerdim.
Aýdym bolup durdy dünýä,
Ýöne ony kim bilerdi..

Nagmalar ýolum baglasa,
Hoş labyzňa sülmürärdim.
Güller ýaýyp barlygyňda,
Sähel gitseň süllererdim.

Soň hiç köwlenmediň asyl,
Geçen şemaldan soradym.
Söndi ähli umytlarym,
Şol gün ymykly guradym.

Saklajak bolup durmazdym
Göräýsemem gaýdanyňy.
Gaýdyp hiç kes aýdyp bermez
Seniň aýdan aýdymyňy.

***

Yaşajykdy.
Hemmeleri söýýärdi.
Işler şowdy. Zülpler towdy.
Çyndyr öýtdi bolýan zatlaň baryna.
Aýnanyň öňüne geçip
Biraz özün güýmedi.
Gözüni gypdy özüne,
Gaşyn kakdy özüne.
Hemmelerden beter özün söýäýdi.

Soň daşary çykdy,
Hemme ondan gaçyp barýan eken.
Aýam. Günem. Dosty-ýadam.
Wagtyň dagyn köwşün eline alyp
gaçaýşyny diýsene.
Näme diýjegini bilmedi.
Nämetjegin bilmedi.
Zompa aşak oturdy-da aglady.
Gaçanlaň yzyndan bimaksat garap,
Sojady-da bir uludan dem alyp,
Hemmesin...
Täzeden söýüp goýberdi.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Şirin duýgulyja goşgularyň üçin sag bol şahyr ýürekli YNSAN!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]