18:01
Hukuk sorag-jogaplary – 8. Mellek ýeri hakda kanunçylyk
MELLEK ÝERI HAKDA KANUNÇYLYK

SORAG:
Mellek ýeri hakda kanunçylyk

JOGAP:
2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň (Kodeksiň ýerleşýän salgysy: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/37) 25-nji maddasy. Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

1. Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň we işi oba ilatyna hyzmat etmek bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, şol hojalyklarda işläp, soň gös-göni pensiýa çykan pensionerleriň maşgalalaryna we oba ýerinde ýaşaýan maýyplara, ýaşaýyş jaýynyň we hojalyk desgalarynyň tutýan meýdanyny goşmak bilen 0,16 gektara çenli möçberde satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer we suw serişdelerini hasaba almak bilen şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýeri mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berilýär.

2. Gür ilatly, ýer we suw serişdeleriniň çäkli etraplarynda (şäherlerinde) ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, degişli welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi esasynda şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin kesgitlenilen möçberden az, ýöne her maşgala 0.12 gektardan az bolmadyk şerti bilen ýer bölekleri berlip bilner.

3. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen, mirasa bermek hukugy bilen hususy eýeçilige mellek ýeri almaga mätäç maşgalalar, öz ýaşaýan ýerindäki geňeşe arza berýärler.

4. Mellek ýeri, Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, ýaşaýyş jaýyny we hojalyk desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýar.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 26-njy maddasy. Özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

Şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna, mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak we oňa hyzmat etmek üçin 0,10 gektara çenli möçberde, ýer serişdelerini hasaba almak bilen, satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer bölekleri ýörite ýer gaznasyndan berilýär.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň (salgysy: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/2) 79-njy maddasyna laýyklykda kanunda bellenilen kadalaryň bozulmagy bilen baglaşylan hem-de jemgyýetçilik bähbitlerine, ahlak normalaryna garşy gelýän geleşik hakyky däldir.

Hereket edýän kanunçylyk şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýerini satmagy, çalyşmagy, peşgeş bermegi we girewine goýmagy gadagan edýär. Şeýlelikde şu düzgüni bozup baglaşylan geleşik (şertnama) hakyky däldir.

Geleşik hakyky däl diýlip yglan edilenden soňra ol üçünji taraplaryň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmeýän bolsa, onda geleşik baglaşylmazyndan öňki ýagdaý dikeldilýär. Hukugyň dilinde bu ýagdaýa – ikitaraplaýyn restitusiýa diýilýär.

Gysgaça aýdylanda, mellek ýeriniň eýesi kime degişli döwlet edarasy tarapyndan çözgüt çykarylyp, şol ýer berlen bolsa şol fiziki şahs (adam) hasaplanýar.





Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 145 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
3 Bagabat   [Материал]
Ýaşaýyş jaýyny gurmak barada üçtaraplaýyn potrat şertnamasynda:
1.Raýat - Buýrujy;
2. Gurýan kärhana - Potratçy;
3. Häkimlik - Gözegçilik ediji gurama.

Potrat şertnamasyny ýerine ýetirmegiň möhletleri Potratçyň günäsi bilen bozulan bolsa (fors-mažor bolmadyk bolsa, Potratça bagly däl başga bir ýagdaýlar üýtgemedik bolsa we ş.m.) onda Potrat şertnamasynyň möhletleriniň bozulmagyna Potratçy jogap berýär.

Potrat şertnamalarynda borçnamaň ýerine ýetirilmezligi ýa-da degişli derejede ýerine ýetirilmezligi üçin raýat-hukuk jogapkärçiliginiň birnäçe görnüşleri bar:

1.Jerime;
2.Puşmana puluny töletmek;
3.Ýetirilen zyýanyň öwezini doldurtmak (şol sanda alynmadyk girdejileriňem) we ş.m..

Şertnamanyň bu görnüşinde onuň kadalarynyň bozulmagy ýa-da ýerine ýetirilmezligi üçin taraplaryň biriniň jogapkärçilige çekilmegi, esasan iki görnüşde amala aşyrylyp bilinýär:

1.Taraplaryň ylalaşygy esasynda - Günäkär tarap öz günäsini boýun alýar we ýetiren zyýanynyň öwezini dolýar, jerimäni ýa-da puşmana puluny töleýär;
2. Kazyýet tertibinde - Taraplaryň hiç biri özüni günäkär hasap etmeýär we olaryň biri kazyýete ýüz tutýar. Kazyýetiň çözgüdiniň esasynda taraplaryň biri raýat-hukuk jogapkärçiligine çekilýär.

Elbetde, raýat hukugy we iş dolanyşyk tejribesi şertnamanyň (geleşigiň) kadalaryny bozan taraplary jogapkärçilige çekmegiň başga formalarynam ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýöne, olar barada aýtjak bolsaň, kän wagt sarp etmeli, üstesine-de, berlen sowalyň bu jogabynyň mazmunyny bulaşdyrjak.

Şertnamany ýerine ýetirmegiň möhleti birnäçe gezek bozulan bolsa, Buýrujy Potratçynyň öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi hakdaky arza bilen Gözegçilik ediji gurama, delillendirilen görnüşde ýazmaça ýüz tutmaga we Potratçynyň çalşylyp, Şertnamanyň täze Potratçy bilen baglaşylmagyny talap etmäge haklydyr.

1
2 Bagabat   [Материал]
Gozgalmaýan emläk (ýaşaýyş jaýy) girewine (ipoteka girewi) alnyp, şol ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin karz berlende, bank raýatyň zähmet (iş) stažyny göz öňünde tutmaýar. Şol sanda pensiýadalygyny ýa-da däldiginem.

Bank göz öňünde tutýar:
- karz almak üçin ýüz tutan raýatyň alan karzyny tölemäge ukyplylygyny;
- ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzyň şertlerindäki, jaýyň bahasynyň ilkibaşky tölegini (bahaň 10%) tölemäge ýeterlik nagt pulunyň barlygyny;
- karz almak üçin ýüz tutan raýatyň şol jaýy satyn almaga we soňra eýelik etmäge, şeýle hem satyn alan jaýyny girewine bermäge hukugyny tassyklaýan resminamalaryň takyklygyny (dogrulygyny, kanuna laýyklygyny).

Bank, karz almak üçin ýüz tutan raýatyň gozgalmaýan emläk üçin karzy tölemäge ukyplydygyny kesgitlemek üçin onuň girdejilerine ýörite bellenen koeffisiýente laýyklykda baha berýär.

"Koeffisiýent" diýlende, karz almak üçin ýüz tutan raýatyň (onuň maşgala agzalarynyň hem-de zamun bolujynyň) ortaça girdejisiniň 80%-den az möçberi onuň karzy üzmek üçin geçirilýän töleginiň möçberine deň bolmaly.

0
4 Myhman0430   [Материал]
Minnetdar, Serdar aga.

Soran kişä ýetiremsoñ, olam minnetdarlygyny aýdar. Soña goýman şuwagtdan oñam sagbolsunyny aýdaýyn :-)

0
5 Bagabat   [Материал]
Bile ýalkasyn.

0
1 Myhman0430   [Материал]
Ipoteka jaýlar hakynda

1. Pensiýedäki raýata ipoteka jaý berilýärmi?

2. Şertnama baglaşylandan soñ, potratçy şertnamada görgezilen wagtda jaýy ýetişdirmese, (2-3 sapar) dobsaglaşeniýe edilip, ondaky wagtda hem ýetişdirmese. Hatda ýetişdirjegem bolmasa. 6 aýda kiçijegem üýtgeşiklik bolmasa Her gezek wagty dolanda täzeden doblaglaşeniýa gol çekiñ diýip dursalar. Raýatam "ind-ä çekjek däl" diýse

Kime näme çäre görýäler?
Häkimligemi
Raýatamy
Potratçy firmamy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]