22:34
Hukuk sorag-jogaplary -6: Raýaty we onuñ şahsy durmuşyny telefonda ýa-da başga ýazgy ediş enjamynda audio-wideo ýazgy etmek hakda
RAÝATY WE ONUÑ ŞAHSY DURMUŞYNY TELEFONDA ÝA-DA BAŞGA ÝAZGY EDIŞ ENJAMYNDA AUDIO-WIDEO ÝAZGY ETMEK HAKDA

SORAG: (@Gökböri)
- Bagabat aga, öñräk raýaty, onuñ hereketlerini, şahsy durmuşyny onuñ razylygy bolmazdan telefonda ya başga zatda wideo ya-da audio yazgy etmegiñ kanuny jogapkärçiligini yazypdyñyz, kyn gormeseñiz şony gaytalap yazayyñ-da yene, zerur gerekdi. Öñunden minnetdarlygymy bildiryarin.

JOGAP:

• Türkmenistanyň Konstitusiýasy:

37-nji madda. Her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan goranmaga hukugy bardyr.

38-nji madda. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

• "Maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, 03.05.2014ý.
7-nji maddasynyň 8-nji bölegi:


8. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, fiziki şahsyň erk-isleginiň garşysyna ondan onuň şahsy durmuşy baradaky maglumaty, şol sanda şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän we öz içine raýatyň gelip çykyşy, saglygy, syýasy we dini garaýyşlary baradaky maglumaty bermegi talap etmek, şeýle maglumaty almak we ýaýratmak gadagandyr.

• "Maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, 03.05.2014 ý.

16-njy maddasynyň 2-nji bölegi:
2. Rugsat çäklendirilen maglumatyň aýan edilmegi ýa-da şeýle maglumatyň başga bikanun peýdalanylmagy bilen baglanyşykda hukuklary we kanuny bähbitleri bozulan şahslar bellenilen tertipde özüniň hukuklaryny goramak, şol sanda zeleliň öwezini dolmak, ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, at-abraýyny, mertebesini, namysyny we iş abraýyny goramak barada kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

• Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi:

146-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

(1) Başga bir adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän, şahsy durmuşy hakyndaky maglumatlary onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnana, saklana ýa-da ýaýradana, eger bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olar bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradana,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

• Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi

339-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

Başga adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän şahsy durmuşy barada maglumatlaryň onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnalmagy, saklanylmagy ýa-da ýaýradylmagy -
binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

• Türkmenistanyň Raýat kodeksi:

17 madda. Öz şekiliniň suratlandyrylmagyna hukugy goramak

Kim-de bolsa biriniň razyçylygyny alman, onuň suratlandyrylan şekilini çap etmäge we ýaýratmaga hiç kimiň haky ýokdur. Şekili çap etmek we ýaýratmak suduň, doznaniýe we derňew organlarynyň talap etmegi bilen baglanyşykly bolan mahalynda, şekil köpçüligiň arasynda surata düşürilen ýa-da başga usul bilen suratlandyrylan mahalynda, şonuň ýaly-da kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda, şonuň ýaly razyçylyk talap edilmeýär.
Şekili suratlandyrylýan şahs hakyna surata düşen bolsa, onda öz şekiliniň çap edilmegine we ýaýradylmagyna şol şahsyň razyçylyk berdigi hasap edilýär.

• Türkmenistanyň Raýat kodeksi:

18 madda. Şahsy durmuşyň syrlaryny goramak hukugy

1. Fiziki şahs özüniň şahsy durmuşyny: hat ýazyşmagynyň, gündelikleriniň, bellikleriniň, ýazgylarynyň, pynhan durmuşynyň, dogluşynyň, perzentlige alynmagynyň syrlaryny, wraçlyk ýa-da adwokatlyk syryny, goýumlarynyň syryny we şulara meňzeşleri goramaga hukugy bardyr.
Şahsy durmuşyň syrlary diňe kanunda bellenilen halatlarda açylyp bilner.
2. Gündelikleriň, ýazgylaryň, bellikleriň we şulara meňzeşleriň çap edilmegine diňe olaryň awtorynyň razyçylygy bilen ýol berilýär, hatlaryň çap edilmegine bolsa olaryň awtorynyň we hat kime ýüzlendirilen bolsa, şonuň razyçylygy bilen ýol berilýär. Olaryň haýsy-da bolsa biri ölen mahalynda ýokarda görkezilen dokumentler öleniň diri gezip ýören ýanýoldaşynyň we çagalarynyň razyçylygy bilen çap edilip bilner, soňra bolsa aradan çykanyň beýleki daşgyn nesilleriniň razyçylygy bilen çap edilip bilner.

Şahsy durmuşyň, şahsy we maşgala syrlarynyň eldegrilmesizligine, mertebesini we at-abraýyny, hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf we beýleki habarlary alyşmagyň syryny goramaga bolan hukuk:

Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine bolan hukuk -

Türkmenistanda bu adamyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýän esasy şahsy hukuklarynyň biri bolup, adamyň şahsy we maşgala syrlarynyň kanun esasynda goralýandygyny aňladýar. Bu ýörelgeleýin hukuk kadasy adamyň özüniň razylygy bolmasa, kanunda görkezilen anyk ýagdaýlardan başga halatlarda onuň şahsy durmuşy baradaky maglumatlary toplamagy, saklamagy, ulanylmagy we ýaýratmagy gadagan edýär. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň kanuny kepillikleriniň möhüm düzüm bölekleri hökmünde döwlet tarapyndan adamyň özgeler bilen alyşýan hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syrlarynyň goralmagy, ýaşaýyş jaýyna eldegrilmesizlik hukugynyň kanuny kepillikleri çykyş edýärler.
Şonuň ýaly-da, şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine bolan hukuk, döwlet tarapyndan adama özi baradaky maglumatlaryň saklanylyşyna we ulanylyşyna gözegçilik etmäge, çuňňur şahsy-pynhan (intim) häsiýetli maglumatlary özgeleriň bilmegine ýol bermezlige mümkinçilik döredilýändigini aňladýar.
Adamlaryň şahsy durmuş çygryndaky, hereket edýän kanunçylyk bilen düzgünleşdirilmeýän özara gatnaşyklary, esasan ahlak kadalary we durmuş edim-gylymlary, däp-dessurlar bilen düzgünleşdirilýär. Erkin şahsy durmuşa bolan hukuk, adamlaryň arasyndaky maşgala, garyndaşlyk, dostluk we beýleki şahsy gatnaşyklaryň resmi däl ýagdaýda amala aşyrylmagynyň erkinliginde ýüze çykýar.
Adamyň pikirleri, syýasy we sosial dünýägaraýyşy, höwes bilen meşgullanýan pişesi we döredijiligi, adamyň şahsy durmuşynyň ýüze çykmalaryna degişlidir. Mundan başga-da, adamlaryň biri-biri bilen poçtadan, telegrafdan, telefondan, internetden we beýleki aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanyp, päsgelçiliksiz özara gatnaşyk saklamagy, maşgalanyň serişdelerine, şahsy we hususy eýeçiligindäki emläklere, pul goýumlaryna erkin erk etmegi-de hereket edýän kanunçylyk tarapyndan doly kepillendirilýär we görkezilen maglumatlar adamyň şahsy durmuşynyň syrlary hökmünde kanun esasynda goralýar.

2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna (salgysy: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/93) laýyklykda:

Şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak şu ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:


1) subýektiň razylygy bolmazdan onuň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol bermezlik;

2) adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek;

3) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlarynyň we usullarynyň kanunylygy;

4) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlarynyň olar ýygnalanda kesgitlenen maksatlara, şeýle hem operatoryň ygtyýarlyklaryna laýyk gelmegi;

5) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

6) ýygnalýan we işlenip taýýarlanýan şahsy maglumatlaryň möçberiniň we häsiýetiniň, olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usullarynyň şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna laýyk gelmegi;

7) şahsy maglumatlaryň hakykylygy, ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin olaryň ýeterlikligi, şahsy maglumatlar ýygnalanda kesgitlenen maksatlar babatda gereginden artyk şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň ýol berilmesizligi;

8) rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy.

2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda:

Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak şu halatlarda subýektiň razylygy bolmazdan geçirilýär:

1) hukuk goraýjy edaralaryň we kazyýetleriň, ýerine ýetiriş önümçiliginiň işi amala aşyrylanda;

2) döwlet statistiki işi amala aşyrylanda;

3) şahsy maglumatlary hökmany atsyzlandyrmak şerti bilen olar döwlet edaralary tarapyndan statistiki maksatlar üçin peýdalanylanda;

4) Türkmenistanyň tassyklan halkara şertnamalary durmuşa geçirilende;

5) subýektiň ýa-da başga adamlaryň jany, saglygy, gaýry kanuny bähbitleri, konstitusion hukuklary we azatlyklary goralanda, eger subýektiň razylygyny almak mümkin bolmasa;

6) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilýän şertinde žurnalistleriň kanuny hünär işi ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi ýa-da ylmy, edebiýat ýa-da gaýry döredijilik işi amala aşyrylanda;

7) şahsy maglumatlar, şol sanda saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgärleriň şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda çap edilende;

8) şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bermek boýunça borçlar subýekt tarapyndan ýerine ýetirilmände;

9) Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen gaýry halatlarda.

2017-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasyna laýyklykda:

Her bir adamyň öz şahsy maglumatlaryny goramaga hukugy bardyr, olar bellenilen tertipde kesgitli maksatlara we subýektiň rugsat bermegi esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar bar bolanda peýdalanylmalydyr.

Her bir adamyň özüne degişli bolan şahsy maglumatlara rugsada we olary anyklamaga hukugy bardyr.

Şahsy maglumatlar goraga degişlidirler, ol döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

Şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy we işlenip taýýarlanmagy diňe olaryň goragynyň üpjün edilen halatlarynda amala aşyrylýar.

Hereket edýän kanunçylyk adamyň şahsy durmuşynyň syrlaryna wesýetnamanyň syry, lukmançylyk barlaglarynyň syry, perzentlige alynmagyň syry ýaly syrlary hem degişli edýär.
Bu syrlaryň bikanun toplanmagy, olaryň ulanylmagy ýa-da ýaýradylmagy bolsa kanun esasynda jogapkärçilige getirýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň JK-nyň 146-njy maddasynda şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy, 147-nji maddasynda hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy, 157-nji maddasynda perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar.





Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 130 | Добавил: Gökböri | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
3 Bagabat   [Материал]
"Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny:

44-nji madda. Fiziki şahsyň hukuklaryny, namysyny we mertebesini goramak

1. Köpçülige niýetlenilen habar taýýarlanylanda we ýaýradylanda fiziki şahsyň hususy häsiýetli habaryny goramaga bolan hukugyny üpjün etmek zerurdyr.

2. Fiziki şahsyň hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak, onuň namysyny we mertebesini goramak maksady bilen habar ýygnalanda we açyk halka ýetirilende şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) onuň razylygy bolmazdan surata almagy, surata düşürmegi geçirmek, fiziki şahsa degişli ýaşaýyş jaýynda, fiziki şahsyň hususy öýünde we oňa degişli aýmançada ýa-da bu şahsyň görkezilen ýerlerde bolýandygyna garamazdan takyk bellenen çägi başga usul bilen audio-we wideo ýazgy geçirmek;

2) şeýle çäreleri guramaga hukugy bolan guramaçylaryň razylygy bolmazdan köpçülige niýetlenilmedik çäreler geçirilýän wagtynda surata almagy, surata düşürmegi we audio- we wideo ýazgyny geçirmegi;

3) fiziki şahsyň razylygy bolmazdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatda onuň şekilini surata düşürmegi, surata almagy we peýdalanmagy geçirmek;

4) onuň razylygy bolmazdan fiziki kemçilikleri aýdyň bolan fiziki şahsyň surata düşürilmegini we surata alynmagyny geçirmek ýa-da haçan-da fiziki şahs saglygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kömeksiz ýagdaýda bolanda ony surata düşürmek we suratyny almak;

5) kämillik ýaşyna ýetmedigi surata düşürmek, suratyny almak ýa-da onuň ata-enelerinden bolmanda biriniň (kanuny wekilleriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedigiň özüniň razylygy bolmazdan ses- we wideoýazgy geçirmek;

6) aradan çykanyň ýa-da wepat bolanyň maşgala agzalarynyň razylygy bolmazdan aradan çykan ýa-da wepat bolan adamy uly möçberde surata düşürmek, suratyny almak ýa-da wideoýazgy etmek.

3. Şahsy durmuş hakynda habar fiziki şahsyň kanunyň bozulmagyny ýa-da jenaýatçylykly etmişleriň açylmagyna ýardam edýän halatlarda, şeýle hem eger habar işe açyk garamagyň barşynda berilse, fiziki şahsyň razylygy bolmazdan halka ýetirilip bilner.
MUNDAN BAŞGA-DA jemagata belli şahsyň hususy durmuşy hakyndaky habar, eger bu habar bu adamyň şahsy durmuşynyň ýagdaýlaryny ýa-da jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan şahsy sypatlaryny berse, onuň razylygy bolmazdan halka ýetirilip bilner.

0
4 Tumarly   [Материал]
Öz suratyñy imoda ýa-da instagramda paýlaşmagyñ kime näme zyýany barka? Käbir kişileriñ öz suratyny imoda goýandygy üçin öz edarasynda ýa başga edaranyñ işgärleri tarapyndan çagyrylyp düşündirişiniñ alynýandygyny we indikide goýmazlyk üçin käýelýändigini eşidýäs? Bu barada hem aýratyn temada giñden düşündiräýseñiz?

0
1 mango   [Материал]
toýda restoranda, sadakada palatada... dogramaly çemçämi agzyma ýetiren wagtym menden soraman (sorasalar ýok diýerdim) wideo düşürseler 38-nji madda bilen dawa açyp bilerinmi? ýa toýa gitmek we toýda özüňi alyp barmak şahsy durmuşa girenokmy? garaz, toý wideolary kanunymy?

ýa-da ikinji sorag. magazine barmak, otelde galmak, restoranda bolmak - bularam jemgyýetçilik ýerleri..... eger meni şo ýerde surata alsalar kanun kimiň tarapynda? umuman gymmat dükandan bahasy aýdaly 10.000$-lyk bir zat alsam, ýa gymmat otelleriň prezident nomerlerinde dynç alýan suratlarymy, restoranda birileri bilen agşam naharynda düşürilen suratlar..... bular kanunymy, we meniň garşyma subutnama hökmünde ulanyp bilerlermi.
bellik: getiren mysallarym ýöne bir mysaldyr :-)

38-nji madda. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

0
2 Bagabat   [Материал]
JOGAP BERLEN MATERIALDAN ALYNMA:

Türkmenistanyň Raýat kodeksi:

17 madda. Öz şekiliniň suratlandyrylmagyna hukugy goramak

Kim-de bolsa biriniň razyçylygyny alman, onuň suratlandyrylan şekilini çap etmäge we ýaýratmaga hiç kimiň haky ýokdur. Şekili çap etmek we ýaýratmak suduň, doznaniýe we derňew organlarynyň talap etmegi bilen baglanyşykly bolan mahalynda, şekil köpçüligiň arasynda surata düşürilen ýa-da başga usul bilen suratlandyrylan mahalynda, şonuň ýaly-da kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda, şonuň ýaly razyçylyk talap edilmeýär.
Şekili suratlandyrylýan şahs hakyna surata düşen bolsa, onda öz şekiliniň çap edilmegine we ýaýradylmagyna şol şahsyň razyçylyk berdigi hasap edilýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]