17:24
Hukuk sorag-jogaplary – 1: Ýaşaýyş jaýyny sowgat etmek, satmak hakda
ÝAŞAÝYŞ JAÝYNY SOWGAT ETMEK, SATMAK HAKDA

SORAG: (@Елена_Прекрасная)

- Ýaşaýyş jaýyny sowgat etmek we satmak hakda nähili hukuk kadalary bar?

JOGAP:

Ýaşaýyş jaýy – gozgalmaýan emläk bolup durýar.
Sowgat etmek şertnamasy hakda düzgünler – Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 548-554-nji maddalarynda, wesýetnama boýunça miras hakda kadalar şol Kodeksiň 1103-1179-njy maddalarynda berkidilýär. Türkmenistanyň Raýat kodeksini şu salgydan: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/2 tapyp bolýar.
Gozgalmaýan emläk bilen bagly geleşikler, şol sanda sowgat bermek şertnamasy baglaşylanda, emläk wesýetnama boýunça miras goýlanda geleşikler:
1. Ýazmaça görnüşde;
2. Notarial formada (ýagny, notariusda kepillendirilen görnüşde);
3. Degişli döwlet edarasynda (Adalat ministrliginiň geleşikleri bellige alyş gullugynda) bellige alnan görnüşde bolmaly.
Has giňişleýin we jikme-jik maglumatlar, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2016-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran buýrugy bilen tassyklanan: “Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamanyň” degişli bentlerinde bellenilýär.
Bu düzgünnamada, ýaşaýyş jaý babatda görkezilen hukuk hereketlerini amala aşyrmak üçin nähili resminamalar gerek, nirä ýüz tutmaly, haýsy möhletlerde bu hereketleň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Ýa-da iň gowusy, öz ýaşaýan etrabyň boýunça Notarial edara baryp, şol ýerde öz ýaşaýyş jaýyň (jaý hususy eýeçilikde bolmaly) babatda etmekçi bolýan hereketiňi aýdyp, gerekli resminamalaň sanawyny alyp gaýtmaly.
Hususy ýaşaýyş jaýyny sowgat berlende sowgat beriji bilen sowgat alyjyň bilelikde ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän etrabyndaky döwlet Notarial edarasyna ýüz tutmaly. Ol ýere barmazyňdan öň gerekli resminamalar:
1.Ýaşaýyş jaýynyň tükelleýiş kitapçasy (inwentarnoýe delo);
2. Ýaşaýyş jaýynyň gozgalmasyz edilmändigi we sowgat berijiniň hususy eýeçiliginde durýandygy hakda ýaşaýan etrabyň Tehniki-tükelleýiş edarasyndan we Adalat minsitrliginiň bellige alyş gullugynyň degişli etrap bölüminden kepilnamalar;
3.Pasportlar;
4.Eger-de sowgat beriji resmi nikada durýan bolsa nika şahadatnamasy hem-de şol emlägiň eýedeşi hökmünde aýalynyň (äriniň) şol emlägi sowgat bermäge ýazmaça razylygy (muny adatça, notariusda dolduryp berýärler, diňe gol çekäýmeli);
5.Sowgat berijiniň we sowgat alyjynyň ýazgyda duran ýeri hakda ýerli ýaşaýyş jaý bölüminden kepilnama (Forma-3);
6.Eger-de sowgat berilýän ýaşaýyş jaýynda sowgat berijiniň özünden we onuň eýedeşinden (aýalyndan, ärinden) başga-da kämillik ýaşyna ýeten raýatlar ýazgyda duran bolsa, olaryň şol ýaşaýyş jaýynyň sowgat berilmegine ýazmaça razylygy (Bu-da adatça, notariusda doldurylýar we gol çekilýär);
7. Görkezilen resminamalaň içinde arzalardan galanynyň göçürmesi (kopiýasy);
8. Şu görnüşdäki geleşikler hakda esasy zady aýtmak ýatdan çykypdyr:
Notariusda şertnamaň tassyklanandygy we Bellige alyş gullugynda şertnamaň bellige alnandygy üçin döwlet pajy tölenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky 10495-nji karary bilen tassyklanan Döwlet pajynyň möçberleriniň 3-nji bölegine laýyklykda, gozgalmaýan emläk ýakyn garyndaşlykda durmaýan şahsyň eýeçiligine aýrybaşgalaşdyrylanda (satylanda, sowgat edilende, alyş-çalyş edilende), binýatlyk mukdaryň 300% möçberinde döwlet pajy tölenilýär. Olam şu wagtky ýagdaýda 900 manat bolýar.
Soňra şol şertnama bellige alnanda binýatlyk mukdaryň 10% möçberinde döwlet pajy tölenilýär. Olam 30 manat bolýar.
Eger-de geleşik notarial edaraň özünde däl-de başga ýerde tassyklansa, döwlet pajynyň möçberi 2 esse ýokarlanýar.
Eger-de gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalaşdyrmak bilen bagly şertnamany baglaşýan taraplar ýakyn garyndaş bolsa, onda notarial hereketler üçin döwlet pajy binýatlyk mukdaryň 100% möçberinde alynýar. Bu hem häzirki wagtda bolýar 300 manat.
Geleşik baglaşylanda ýazmaça razylygy talap edilýän adam, notariusa gelip bilmese, onda onuň beren arzasyndaky golunyň hakykylygy tassyklanýar ýa-da ol özüniň gol çekmek, razylyk bildirmek-bildirmezlik hukugyny ynanç hatynyň üsti bilen başga bir şahsa berýär.
“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 89-njy maddasyna laýyklykda, munuň ýaly ýagdaýda, döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam (konsul, ilçihanaň degişli işgäri) mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we geleşikleriň beýany bolmadyk resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edýär. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam goluň hakykylygyna şaýatlyk etmek bilen resminamada beýan edilen wakalary tassyklamaýar, diňe goluň kesgitli şahs tarapyndan goýlanlygyny tassyklaýar.
“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 10-njy maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde şular notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuga eýedirler.
Faksdan geçen ýa-da bellenilen tertipde tassyklanmadyk kopiýa resminama hökmünde kabul edilmeýär. Sebäbi şeýle göçürmeleň ýa-da faks habarlaň hakykylygyny tassyk etdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu bolsa: «те же яйца, но вид сбоку» bolýar.
Ýaşaýyş jaýyny satýan adamyň daşary ýurtdaky oglunyň bolsa, öz razyçylygyny diňe «öz eli bilen ýazyp ugradandygy» ýeterlik däl. Ol öz bolýan ýurdundaky Türkmenistanyň konsullyk edarasyna ýa-da şoň derejesindäki ygtyýarlandyrylan edara baryp, şol ýerde bellenen tertipde öz ýazmaça razylygyny tassyklatmaly. Soňra asyl nusgasyny Türkmenistana ýollamaly. Eger-de soňra dawa (jedel) ýüze çykmak howpy bar bolsa, şol resminamaň ugradylyş ýoly hem zerurlyk ýüze çykan halatynda kazyýet tarapyndan barlamaga ýaramly (ygtybarly) bolmaly. Sebäbi kazyýet seljerişinde: «subutnamaň gelip çykyş çeşmesi» diýen bir düşünjede bar.
Bu düzgüniň girizilýändiginiň sebäbi, adamlara öz jaýlaryny satmagy «kynlaşdyrmak» üçin «emeli bökdençlik» döretmek däl. Ýurtda günde ýüzlerçe adam jaý satýar, alyş-çalyş edýär, girewine goýýar, sowgat berýär. Eger-de şeýle düzgünler girizilmese, günlerde bir gün, durmuşda bolmasa-da hukuk nukdaýnazaryndan «öý eýesi» maşgala agzalarynyň ählisini öýsüz-öwzarsyz goýýar goýberäýýär.
Onsoň ertesi gün kazyýetiň gapysy uly goh: «Bizden bidin jaýy satypdyr. Habarsyz galypdyrys» we ş.m., we ş.m….
Ýa-da öý eýesi kakasy (ejesi) öýi satandan soň kämillik ýaşyna ýeten oglan (gyz) okuwyny (işini) tamamlap öz ýurduna dolanyp gelenden soň, nirede ýaşamaly?!
Elbetde, hukugyň nazaryýetinde eýeçilik hukugynyň absolýutlyk düşünjesem, otnositellik düşünjesem bar. Ýöne, jemgyýetde konflikti, dartgynlylygy pes derejede saklamak üçin şeýle kadalaram herekete girizilýär.
Telefonda gepleşdirip razyçylyk aýtmak meselesinde-de, edil faksdaky ýaly. Notarius, aňyrdaky gepleýäniň hut şol adamdygyna nädip kepil geçsin?
Hossarlarynyň sözündenmi?
Olar geleşikde bähbidi bar adamlar!
Skaýpyň üsti bilen ýüzbe-ýüz gepleşipmi?
Dogry, aragatnaşygyň bu usulynda özüňi kimdir biri hökmünde tanadyp aldamak mümkinem bolsa, kyn. Emma, hereket edýän kanunçylykda, notariusa munuň ýaly interaktiw usulda resminama tassyklamak ygtyýarlygy berilmedik.
Hereket edýän kanunçylyk, islendik zady sowgat bermek meselesinde, ony garyndaşlyk gatnaşygy bilen çäklendirmeýär. Kämillik ukyby bolan, raýat hukuk gatnaşyklarynyň islendik subýekti, kanun esasynda öz eýeçiligine degişli islendik emlägini islendik şahsa sowgat berip bilýär.
Sowgat bermek şertnamasy baglaşylyp notariusda tassyklananda-da edil satyn almak-satmak şertnamasyndaky ýaly döwlet pajy tölenilýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynyň 17-nji bendine laýyklykda: «ýakyn garyndaşlar - ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar» bolup durýar.





Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 83 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 18
0
16 Adamzat   [Материал]
Has dogrusy, 7-nji bentdäki taraplaryň garyndaşlyk derejesini tassyklaýan resminamalaryň (nika ýa-da dogluş şahadatnamalaryň we ş.m.) nusgalary zerur, ýöne pasport muňa girenok.

0
15 Adamzat   [Материал]
Berekella, gaty aktual mesele, ýöne 5-nji we 7-nji bentler artykmaç.

0
17 Bagabat   [Материал]
Men-ä artykmaç hasaplamaýaryn. Sebäbi düşünjeli hünärmene gabat gelseň, ol Forma-3 soramaýar, pasportyň özi barka onuň göçürmesinem talap etmeýär. Sebäbi Forma-3 kepilnamaň berýän maglumatyny pasportyň origanylynyň 9-njy sahypasy (ýazgyda durandygyň hakda möhürçe basylan sahypa) berýär. Emma, käbir dikdüşdä welin, gep düşündirip bolmaýar. Elbetde, özüň hukukçy ýa-da şerraý bolsaň, düşündirip bolar. Özüne düşündirip bolmasa, ýolbaşçysyna düşündirseň bolar. Ýöne, adatça, şol kepilnama bilen pasport kopiýasy şonça kelle agyrdanyňa degmeýär.
Şoň üçinem: "Кашу маслом не испортишь" hem-de "Praemonitus, praemunitus" (Кто предупрежден тот вооружен).
Türkmen aga bolsa: "Ýok bolup "wah" diýeniňden bar bolup "meh" diýeniň ýagşy" diýýär. Onsoňam: "Gerekli daşyň agramy ýok" diýen bir nakylam bar.
Umuman, sähelçe zatda-da: "Iki ýurist üç pikir" diýlenine baryp barýa :-).
Belligiňize minnetdar.
Bahana bilen diňe hukuk tejribesini däl-de durmuşy tejribänem aýtmaga mümkinçilik döredi.

0
13 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, hökman sowgat etmek şertnamasyny baglaşmagyň zerurlygy barmy?
Satyn almak şertnamasyny baglaşsaňyz bolmaýarmy?
Şol bir möçberde döwlet pajy tölenilýär.

0
Bir garyndaşyma gerekdi şondan soradym. Jogabynyza sag boluñ tanry ýalkasyn!

0
18 Bagabat   [Материал]
Bile ýalkasyn, @Ýelena hanym! Kim sorap bermegi haýyş edenem bolsa, haýryna ýarasyn!

0
10 Bagabat   [Материал]
Ýaňy "ýakyn garyndaşlara" kanunçylygyň nukdaýnazaryndan kimiň girýändigi hakda "Myhman depderi"-nde jogap galdyrypdym welin, üns bermedik bolmagyň ahmal.
Ine, täzeden goýýan:
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynyň 17-nji bendine laýyklykda:
"ýakyn garyndaşlar - ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar" bolup durýar.

0
Hawa düşündim muña. Myhman depdere serediñ. Name ucin notarial edara diñe yakyn garyndaşlaryn şertnamalaryny tassyklayar?? Garyndaşlaram tassyklasa bolmayarmy? Razycylyk bolsa tassyklap bilerä

0
12 Bagabat   [Материал]
Siz, ilk-ä material edilip açylan maglumatlary ünsli okasaňyz, soňam 9-njy teswiri. Belki özüňize laýyk bolaýjak jogaby taparsyňyz?!
Şular bilen kanagatlanmasaňyz, mend-ä başga jogap ýok.
Ýa-da bu kadalary has bilýänräk, has tejribeli hukukçy bilen maslahatlaşaýmasaňyz...

0
Edil Abeliks bilen Asteriksiñ barda :)

0
9 Bagabat   [Материал]
Saňa, jigim, maslahat bereýin:
2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda: "Administratiw önümçilik hakynda" Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Şol Kanunyň 8-nji maddasynda şeýle diýilýär:
1. Her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr.
2. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.
Şonuň ýaly-da, şol Kanunyň 42-nji maddasynda şeýle bellenýär:
Gyzyklanýan şahslar öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen administratiw nama ýa-da administratiw namany kabul etmekden ýüz dönderilmegine, şeýle hem administratiw edaranyň hereketine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmäge hukuklydyrlar.
Ýene-de şol Kanunyň 43-nji maddasyny okasaň, onda şeýle bellenýär:
1. Administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
2. Administratiw tertibindäki şikaýat ýokarda durýan administratiw edaranyň hut özüne ýa-da administratiw namany kabul eden ýa-da hereketi (hereketsizligi) amala aşyran edaranyň üsti bilen berilýär.
3. Eger şikaýat etmegiň gaýry tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, kazyýet tertibinde administratiw nama şikaýat etmek, şikaýat administratiw tertipde seredilenden soň amala aşyrylýar.
4. Ýokarda durýan administratiw edara bolmadyk halatynda administratiw nama gönüden-göni kazyýete şikaýat edilip bilner. Şu ýagdaýda şikaýat etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu Kanunyň elektron görnüşini, ine şu taýdan tapyp bilersiň: https://minjust.gov.tm/mcenter-single/88

0
Onda garyndaş bolyarda. umumy ata babadan gelip cykan adam bolyar a. Garry enem bilen garry atamyñ dogany, erkek doganynyñ çagalary

0
7 Bagabat   [Материал]
Bägül, jigim, ýene-de "ýakyn garyndaş" bilen "garyndaş" düşünjesini çalyşýaň. Ýaňky teswirimde aýtdym ahyry: "ýakyn garyndaşlykdan başga garyndaşlyk gatnaşyklary adatça hiç hili hukuk ähmiýetli netijeleri döretmeýär ýa-da ujypsyz hukuk netijelerini emele getirýär."

0
Menem kellam dury wagty gyzyklanyan hukuk bilen. Gaty köp yerde gerek bolyar. Onson sorag: atamyn enemin doganlary menin yakyn garyndaşym bolyarmy?

0
5 Bagabat   [Материал]
Ataň doganlary ýakyn garyndaşlaryňa girmeýär.
Ýakyn garyndaşlara kimiň girýändigini Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň ýaňky sanawynda görkezilýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynda garyndaşlyk hakda şunuň ýaly hukuk kesgitlemeleri bar:
14) garyndaşlar - öz aralarynda ganybir garyndaşlygy bilen baglanyşykly we biri-beýlekisinden ýa-da umumy ata-babadan gelip çykýan adamlar. Garry ata (garry ene), garry baba (garry mama), ata we ene, baba we mama, kaka (eje), ogul (gyz), agtyklar, çowluklar, doganlar, daýylar (daýzalar), ýegenler we beýlekiler garyndaşlar bolup durýarlar;
15) ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlar - ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa zürýatdan ata-baba garalanda: agtyk, ogul, kaka, ata;
16) ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlyk - ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa ata-babadan zürýada garalanda: ata, kaka, ogul, agtyk.
Ýöne, ýakyn garyndaşlykdan başga garyndaşlyk gatnaşyklary adatça hiç hili hukuk ähmiýetli netijeleri döretmeýär ýa-da ujypsyz hukuk netijelerini emele getirýär.
Diňe Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1096-njy maddasynda kanun boýunça mirasdarlykdaky nobatlar hakda kadalarda daşgyn garyndaşlygyň hukuk netijeleri bellenilýär. Ine şeýle:
1. Kanun boýunça miras edilende deň paýly hukuga şular mirasdar bolup durýar:
birinji nobatda – çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri – aýaly we öleniň ene – atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem ölenden soň onuň doglan çagasy;
ikinji nobatda – öleniň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy.
3. Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger miraslyk ýüze çykan döwründe, miras galdyryjylaryň mirasdarlary bolmaly şolaryň ene-atalary diri bolmasa, başga görkezilenler kanun boýunça mirasdarlar hasaplanylýar hem-de kanun boýunça miraslyk edinilende olaryň ölen ene-atalaryna degişli bolup biljek paýa deň derejede miras alýarlar.
Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger olaryň ene-atalary mirasy almakdan ýüz öwren bolsalar, mirasdar bolup bilmezler.

0
2 Haweran   [Материал]
Agam, kiçigöwünliligiñ bilen, saýta girýän, sorag berýän her bir agzanyñ sowalyna işiñ daşyndan sypynyp wagt tapyp jogap berýäniñ üçin ähli agzalar-okyjylar bolup näçe minnetdarlyk bildirsegem az bolar. Diñe gyzykly eserlerdir makalalaryñ b.nem saýt ü.n hiç birimiziñkiden artyk bolmasa pes iş edeñzok. Beýik Allatagaladan bu edýän uly hyzmatyñlaryñyz ü.n jogapkärli işiñizde, durmuşyñyzda, döredijiligiñizde uly-uly üstünlikleri, rowaçlyklary ýar etmegini dileg edýärin. Ömrüñiz uzak bolsun!

0
3 Bagabat   [Материал]
Sag bol. Bile ýalkasyn.
"Kilçerýä" diýme. Ýöne, çagalykdan bir tymsal gulagymda galypdyr:
"Dünýäde iň peýdasyz kişi kimdir?
Bilýänini özgelere öwretmeýän alymdyr".
Ýöne, pesgöwünsiremek däl, gara çynym, ýene-de bir zat aýdaýyn: "Özüni alym hasaplaýar-ow!" diýmersiňiz diýip umyt edýän.
Ine, halypam Tagan aga (Taganmyrat Goçyýew) hakyky alym. Ýene-de bir halypam Ata aga (Ata Eýeberdiýew) alym. Dostum Aýdogdy (Aýdogdy Çaryýew) alym. Rahmet aga (Rahmet Gylyjow) alym. Osman aga pahyr (Osman Ödäýew) çyn alymdy. Orazguly aga (Orazguly Annaýew) alym. mugallym Begmyrat aga (Begmyrat Weýisow) hakyky alym. Başga-da kän hakyky alymlar. Diňleseň diňläp doýup bolmaýar.
Meň bolsa, şoldugymy ýa däldigimi şolar aýdaýmasa.

0
1 Haweran   [Материал]
Ine, bu bolaýdy :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]