09:44
Hudaýa şükür!
HUDAÝA ŞÜKÜR!

Meniň bir ganar gussam bar
gara-gara
Daýaw pyýada kyssam bar
gara-gara
Meniň bir elhenç do:stum bar
gara-gara
Gara şeýtanda kastym bar
gara-gara

ra:stym
kö:stüm
tüssäm bar
gara-gara

gara gara
gara-gara
gap-gara.

Hudaýa şükür!
Meniň bir ullakan bagtym bar
ap-akja.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mähriban   [Материал]
Mango dogan, bagyşlaň! Eletron poçta ulanmamsoň, jogap bermegiň ebeteýini tapmadym. Şu ýere ýazaýyn mümkin bolsa.
Mango dogan, Tagor diýen bir daýy bir paýhasly pikir aýdypdyr bir mahallar: täze zat döretjek bolsaň, garşylyga-da hökman taýyn bol diýen manyda. Elbetde, garşylyk bolar, sebäbi täzeligi köpleriň kabul edesi gelmeýär, oňa düşünmek we kabul etmek gerek, meň pikirimçe. Örän köp adamyň öňki öwrenişen ramkasyndan çykasy gelenok, sebäbi ramkaň içi howpsuz, aňsat, hezil, ondan çyksaň, komfortyňy ýitirýäň, ýüzüňi alýarlar, käýeýäler, uraýýalaram hatda. Täze zat döretseň şeýdäýýärler-dä (sagbolsun aýdýandyrlar-da, elbetde :-) ). (Bu zatlara Siz menden has gowy düşünýänsiňiz.)
Eksperimente geçeli, öz aýdyşyňyz ýaly, halamanam durmadym. 2-nji warianty hasam gowy gördüm. Dowam, gaýrat hem-de sabyr ediň! Oýlanma görnüşde-de döreden eserleriňiz kän bolmaly. Üstünlikler!

0
5 mango   [Материал]
suraý hanymyň islegi bilen, mendenem bir eksperiment...

Öwrülişik

Howlukman,
Gaýtalaýan:

Estagfirullah!
Estagfirullah!
Estagfirullah...

Gaýtaladykça
toplanýar günäm,
soňra öwrülmek üçin
sogaba...
---

ýa-da ikinji warianty:

Howluk
mann
gaýtala
ýann

Estagfirullah
estagfirullah
estagg
firillah...

Gaýtaladykça
günäm toplanýar
öwrülmek üçin
sogaba...

(suraý hanym, meniň adresim: ognam.mango@yandex.ru)

0
3 Mähriban   [Материал]
ra:stym bar
kö:stüm bar
tüssäm bar
gara-gara

başda şeýledi, soňam ýöne "bar" sözüni gaýtalap durmaýyn diýip üýtgeden boldum. Siziň heňi duýşuňyz güýçli, sag boluň, Mango! Özüňizem ýazýan zatlaryňyzdan paýlaşaýyň, okaýaly bizem.

0
4 mango   [Материал]
Nesip bolsa, ertir şu ýerde bir-iki sany eksperimentlerimi goýmakçy.

0
2 mango   [Материал]
gowy. "gara-garany" ýene-de biraz "oýnamaly" ýaly....
--
ra:stym hem
kö:stüm hem
tüssäm bar
gara-gara.

şu ýerde "hem"-lerden soň "bar" diýmegiň biraz büdredýän ýaly.
(ýa-da "hemler" büdredýär).
belki "hem"-ler "bar" bolmalydyr?

ra:stym bar
kö:stüm bar
tüssäm bar
gara-gara
gap-gara (şu setiri aşakdaky "ap-ak"-a ýoldaşlyk goşup bolardy)

Meniň bir ullakan bagtym bar
Hudaýa şükür
ap-akja.
---
bellikler bellikden başga zat däldir.
gowusyny awtor bilip dura:n.
berekella.
edeniňi et, ýaýdanma.
dowam!

0
1 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy eken berekalla

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]