11:57
Höwwez-hutdyny
HÖWWEZ-HUTDYNY

Aşyk Myrat müşgil sorag ýazypdyr,
Bilmeýärin ebjet, höwwez-hutdyny;
Sen maña deginip, päliñ azypdyr,
Nesip etsin, örän ýagşy tut dini.

Saña öwredýän ussadyñ düşünmez,
Diýdik sözlerine özi ynanmaz,
Sözüm gün ýalydyr, zatdan ýaşynmaz,
Her ebleh adamdan edermi syny.

Oguz nesli altmyş lakam, agzybir,
Bir ölçegde inçe, ýogyn sözi bir,
Men degmesem sen ýoluña geziber,
Iliñ azgyn diýip etmegin muny.

Haçan dogulmyşdyr ol gudrat ýylan,
Niçik sözlär ýetmiş iki dil bilen,
Kimler ony myhman aldy il bilen,
Niçik oña örtüpdirler donuny.

Derdim artyp, beter boldum söwdaýy,
Degmeseñiz däliremez Şeýdaýy,
Kim sözleşip, kim görüpdir Hudaýy,
Kimler ondan okap, öwrendi dini?

• EÝ, AŞYK MYRAT!

Meniñ bir sözümden kyrk-elli magny
Alsañam ýaraşar, eý, Aşyk Myrat!
Men syrym düýbýni açmadym, ýagny
Aklyñ ýetse, jogap ýazgyn atba-at.

Ol kimdir han bolup geçdi dünýäde,
Ady galyp mutyg edilmiş ýada,
Binamyslyk bolmaz ondan zyýada?
Sen-de şeýlemikäñ, eý, Aşyk Myrat!

Ol ne aýýar, satýar saña öz malyñ,
Ussat bolýar, azaşdyryp öz ýoluñ,
Ýene oña düşündirýär öz iliñ,
Ýogsa tärin bilmez, eý, Aşyk Myrat!

Kim geýdirdi, öz donuny çöwürip,
Kim alar göwheri saman sowuryp,
Kim tikinçi tikmiş ony çöwürip,
Bilseñ dogry sözle, eý, Aşyk Myrat!

Her zat bolsa ýene dogrulyk ozar,
Şeýdaýy dogrusyn aýdar bir nazar,
Kim çöwürme geýip obada gezer,
O-da gutly bolsun, eý, Aşyk Myrat!

Şeýdaýy.





Категория: Goşgular | Просмотров: 404 | Добавил: Нawеran | Теги: Şeýdaýy | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022
Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022
Бахчисарай / Goşgular - 24.02.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Смерть Пушкаря / Goşgular - 22.02.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]