12:25
Howsala düşen ýylanlar / erteki
HOWSALA DÜŞEN ÝYLANLAR

Bir bar eken, bir ýok eken. Gür tokaýlyklaryň birinde ýylan maşgalalary süri-süri bolup ýaşaýar eken. Olaryň arasynda alahöwren, kepjebaş, göklors, galkanburun ýaly zäherli ýylanlar bilen birlikde pişikgöz, goňurja, gyzyl, dörtzolakly ýaly zähersiz ýylanlar hem bar eken.
Günlerde bir gün olaryň ählisi jem bolupdyrlar-da, özara maslahata ýygnanypdyrlar. Öňi bilen gyzyl ýylan özüni howsala salýan zatlary hakynda olara gürrüň beripdir. Soňam:
— Ägä boluň, töwerek-daşda bizi ýörite garawullap ýören ýylançy gyrgylar köpelipdir, örän howply hem zalym. Asyl bir çäre görülmese, olar bizi tutubam, iýibem tüketjekler — diýipdir.
— Diňe gaçyp gutulmak! Onuň başga çäresi ýok! — diýip, goňurja ýylan gyzyl ýylanyň gürrüňini alyp göteripdir. — Gyrgylaryň zalym kemi ýok, bizi gördükleri bes, derýadan aňsatlyk bilen balyk tutuşlary ýaly, asyl göz açyp-ýumasy salymda, gabat gelen ýylanyň hem hähini-mähini bermän, düýt-müýt edip taşlaýarlar.
— Gaçmak bolmaz, ýo-ok, ol biz ýylanlara ýaraşmaz! — diýip, birhaýukdan soň äpet kellesini ýerden göteren goja kepjebaş kesgitli netijä gelipdir.
— Gol gowşurybam-a oturmak bolmaz! — Gyzyl ýylan dessine oňa garşy çykypdyr.
Kepjebaş parasatlylygy elden bermän gürläpdir.
— Iň bärikijesi gurbagalary alyp görüň, şolar hem aňsat-aňsat ele düşmejek bolup, bizden nähili goranýarlar. Hemmämiz jem bolsak, bize tär edip biljek güýç tapylmaz. Ýöne, näme, birenteklerimiz kakabaşlyk edip, ýeke awa çykan bolýas. «Bölüneni böri iýer» etdirýäs. Ýa bolmasa, guşjagazlaryň ýumurtgalaryna, jüýjejiklerine topulýas. Iýenimizi iýip, iýmedigimizem zer-zaýa edýäs. Gyrgylar hem kör däl ahyryn, olar siziň bu hereketleriňizi görüp durlar. Üstesine, guşlar baryp ondan ýardam soraýarlar. Ana, şeýdibem, gyrgyň penjegine düşýäs.
Kepjebaşyň sözüni galkanburun dowam etdiripdir.
— Onyň-a dogry halypa, ýöne ynha birgiden adamlar bizi tutaga-da zäherimizi alýarlar, oňa näme diýjek?
— Goý, alsynlar, alanda näme? Aňlaýşyma görä, biziň zäherimizden adamlar üçin, olaryň dertlileriniň dertden saplanmagy üçin melhem taýynlanylýarmyşyn. Biz zähersizem ýaşap bileris. Öldürmeseler bolýar. Özüm bolsam-a, baryp olara meýletinlik bilen tabşyrardym. Arman, biz-de zäher ýok-da! — diýip, dörtzolakly ýylan zeýrenipdir.
— Zäheriň ýoklugyna ökünme, dost. Adamlaryň öňlerinden çykyp bir gör, sen zäherlimi zähersiz, dannap duranoklar, ylla, çagalaryna çenli öwredilen ýaly, derhal ellerine daş alyp, öldürmek bilen bolýarlar — diýip, bu gezek göklors ýylan ýüregindäkisini aýdypdyr.
— Ana, adamlaryň şonusy bolanok. Ýöne, zäherli ýylanlar, näme-de bolsa siz daşky howpdan goranyp, olary çakyp, gorkuzyp bilýärsiňiz — diýip, pişikgöz ýylan hem dörtzolaklynyň arkasyny alypdyr.
— Esasy zat. — Kepjebaş hemmelere eşitdiribiräk gürläpdir. — Ejize sütem etmeli däl. Ajyndan ölýän ýok. Entäp ýörene çöl içinde maslyk gyt däl. Nämemişin, size täze et gerekmişin. «Ody özüňe bas, ötmese — kesekä» diýlendir. Degmedige degmäň, ana, şonda size abanjak howp bolmaz. Nirde, näme etjek bolsaňyz, agzybir hereket ediň, balalarym. Agzybirlik döwlet getirer, agzalalykdan döwlet gaçar. Ahmal bolmasaňyz, kyrk kelleli, bir guýrukly ýylanyň düşen güni biziňem başymyza geler. Muny meň ene ýüregim duýup dur.
— Kyrk kelleli ýylan bolanmyş diýip birinji gezek eşidýän. Olar ertekilerde bolýar ahyryn? — diýip, bu gezek gyzyl ýylan öňürdipdir.
Kepjebaş:
— Gyzyljam, eşitmedik bolmagyň hem ahmal. Örän gadymy rowaýatlara görä, biziň ata-babalarymyz kileň kyrk kelle bilen bir guýrukly hem-de kyrk guýruk bilen bir kelleli ýylanlar bolanmyşyn.Günleriň birinde ýaňky ýylanlaryň ýaşaýan tokaýlygyna ot düşüpdir-de, ýanyp başlapdyr. Onsoň bir kelleli, kyrk guýrukly ýylanlar-ha derhal otdan gaçyp gutulypdyr. Kyrk kelleli, bir guýrukly ýylanlar welin gaçyp bilmän, yzly-yzyna ot alyp ölüpdirler.
— Nämüçin? — Pişikgöz geňgalyjylyk bilen sorapdyr. — Gaýta kyrk guýrukly ýylanlar ölen bolaýmasyn!?
— Gepem şonda-da. Tokaý otlananyny görüp, her kes ondan gaçyp, janyny halas etmegiň gamyny iýipdir. Emma kyrk kelleler welin hi-iç öz aralarynda oňuşmandyr, bir guýrukly göwräni hersi bir tarapa çekip, agzalalyk edipdirler. Şeýdibem, olaryň ählisi heläk bolupdyrlar — diýip, köpügören kepjebaş bu baradaky gürrüňini soňlapdyr.
— Beterinden beteri bar. — Galkanburun hem söz alyp, gören-eşiden zatlaryny gürrüň bermäge durupdyr. — Arada bir topar adam gelip ýaş göklorslardyr kebjebaşlary ýygnap, şäheriň haýwanat bagyna alyp gitdiler. Geň ýeri, adamlardan biri hakyt biziň ýylan dilimizde gürläp bilýär eken. — Ol menden «Ýylanlaryň arasynda diri çaga dogurýanlary hem barmyşyn diýip eşitdik, bize onuň adyny, salgysyny aýdyp biljek dälmi?» diýip, meni gyssadylar. Dogrusy, men-ä dilim tutulan ýaly, hiç zat aýtmadym welin, pişikgöz saklanyp bilmän «Ýylanlaryň arasynda diňe alahöwren diri çaga dogurýar, galanlarymyz ýumurtga» diýip, jogap berdi.
— Pişikgöz oňarmandyr — diýip, goňurja ýylan hemleli gürläpdir. — Soň ol nämeler diýdi?
— Soňmy, soňundan ol adam «Biziň haýwanat bagymyza-da diri çaga dogurýan ýylanlar gerek. Bize olaryň salgysyny beriň. Haýwanat bagyna baran ökünmez, o ýeri diýseň rahatdyr. Ýylançy gyrgylar-ha golaýlaryna-da gelmez, olar aýry-aýry otaglarda saklanylýar. Adamlar bolsa çagajyklary bilen günde-günaşa olaryň halyndan habar almaga gelerler» diýdi. Şondan bärem meniň alahöwren doganlarymyzdan iru-giç aýra düşjekdigime nebsim agyrýar.
Muny eşiden ene alahöwren birjigem howatyrlanmandyr. Gaýta ol: «Men hemişe çagajyklarym bilen bileje ýaşar ýaly rahat, asuda ýeriň arzuwyndadym. Haýwanat bagy diýilýän ýer hakyt biziň üçin döredilen jennet mekany bolmaly. Daşyň goragly, iýjek-içjegiň üpjün, saňa abanjak howp ýok bolsa, üstesine, adamlar çagalaryny yzlaryna tirkäp, topar-topar bolup geläge-de, günde-günaşa halyňdan habar alyp, ýüregiňi gysdyrmaýan bolsalar, biz ene ýylanlara şundanam bir uly bagt bolarmy?» diýipdir-de, çagajyklaryny töweregine üýşürip, özüniň idegine çykan «myhmanlaryň» basymrak gelerine garaşyp ýatyberipdir.
Ine, şo mahalam tokaýda ýel turup, ýyldyrym çakyp, çapga ýagmaga başlapdyr, daş-töweregi nämedir bir zadyň hyşy-wyşy sesleri hem gaplap alan ýaly bolup görnüpdir. Şeýdibem, şol günki maslahata ýygnanan ýylanlardan çagalaryna höwür bolup oturan alahöwrenden başgasy, tokaýy mydamalyk terk edip, başga ýurda göçmek bilen bolupdyr.

Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.





Категория: Ertekiler | Просмотров: 52 | Добавил: Haweran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

ԱՌԱՋԻՆ ՍԵՐԸ / Первая любовь сказка - 18.02.2022
Nedirguly / erteki - 30.04.2022
ԹՈՒՐՔԻ ԱՂՉԻԿԸ / Турецкая девушка - сказка - 18.02.2022
Человек и слон / сказка - 12.03.2022
Kerepli sakyrtgalar we daýhan / erteki - 29.04.2022
Gijigen myhman / erteki - 30.04.2022
Jadyly dünýä / erteki - 30.04.2022
Howsala düşen ýylanlar / erteki - 29.04.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]