08:25
Howa sowap başlady
HOWA SOWAP BAŞLADY

Penjiräni ýap,
Peji ýak!
Üşemezimiz ýaly.
Dileg edeli biraz
Göwün sähel giñär ýaly.
Sowuk bizi çarçuwa salýar,
Ýogsam, biz bir wagt dagda borduk.
Kese ösýän baglary synlap,
Ýokary akýan çeşmejige bakyp
Dünýäni biraz beýikden görüp
Kän şükürler aýdardyk weli,
Sowuk bizi gabady.
Şeýle üşek bolsagam
Añzagy söýýäs, nämüçinkä
Belki bizi ikiçäkleşdirýänligi üçindir.
Garaz añzak bize araçy
Sowuklykdan ýylylyk döredýär.
Gel şoñ üçin şükür edeli!
Diñe salkynlyk bolsa
Gör biz nirlerden çykardyk.

Sap erkinlik arzuwymyz
hiç haçanam paşmady.
Gapylary, penjireleri ýapaly
Howa sowap başlady.





Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 8
0
8 Nurdan   [Материал]
Meñli özboluşly gowy ýazýa, pikirleri bir-birine utgaşyp täsin duýgy bermegi başarýar, üýtgeşik usul, haladym

0
7 Gülkeşde   [Материал]
"Ýokary akýan çeşmejige bakyp
Dünýäni biraz beýikden görüp
Kän şükürler aýdardyk weli,
Sowuk bizi gabady."

täzeçe ruhda ýazylan, ýürekden ýazylan.

0
6 Pero   [Материал]
ra-ra :)

0
5 mango   [Материал]
hügge filosofiýasy gaty geň.
sowuk howa-da gar syrap duran bolmaly senem halaýan kişiň bilen penjiräň öňünde sary yşykly lampa ýakyp, ýa-da şem ýakym, aýagyňa ýyljajyk odeýala ýapyp çaý süzmek....
adama kän zat gerek däl.
adam sähel zatdan lezzet almany başarmaly (kanagat diýýär oňa türkmen)....
umuman diýýän-de....
lezzet bilen ýaşalyň!
Ura!

0
4 Pero   [Материал]
*r - e

1
3 Pero   [Материал]
☺ Mango,siz-ä tüýs türkmençeläýipsiñiz-ow! Hügge hakda birinji gez rşidýän, şeýle bagtyýarlaşdyrma hakykatdanam ähli halkda-da bardyr-la ýöne "hüge" ýaly umumy at berilen däl bolaýmasa

0
2 mango   [Материал]
meňli hanym. bu ajap goşguňyz skandinawlaň hügge-sini ýada saldy...
gör, bak skandinawlar hiç zat ýok ýerden özlerini nähili bagtyýarlaşdyrýar.
ýogsam, olaň ýurdynda sowuk günler gaty kän....
(edil bizdäki yssylar ýaly).

Хюгге (дат. Hygge) — понятие, возникшее в скандинавских странах, обозначающее чувство уюта и комфортного общения с ощущениями благополучия и удовлетворённости. За последние годы хюгге стало определяющей характеристикой датской культуры.

И в датском, и в норвежском языках «хюгге» означает «форму повседневного единства», «приятные и высоко ценимые повседневные ощущения безопасности, равенства, личной целостности и спонтанного социального потока». Этимологический словарь норвежского и датского языков определяет «hygge» как нечто хорошее, уютное, безопасное и привычное в отношении психологического состояния. Словарь Collins English Dictionary[en] определяет слово как «понятие, возникшее в Дании, которое заключается в создании уютной и дружеской атмосферы, способствующей благополучию».

Майк Викинг, основатель и руководитель датского Института исследования счастья, даёт в своей книге «Hygge. Секрет датского счастья» 8 советов достижения хюгге:

1. Сделать уютными место пребывания — дом, офис
(töweregiňi rahat et)
2. Принимать в гости дома близких людей
(myhmansöýer bol, myhman kabul dip dur)
3. Вкусно есть, наслаждаться готовкой пищи
(ysyny-kokuny ýaýradyp öýde palow bişir)
4. Вести активный образ жизни
(hereketli bol. herekete bereket)
5. Одеваться в удобную, непринуждённую одежду
(rahat geýim geý, türkmentekstiliň pagta eşikleri :-))
6. Получать удовольствие от простых радостей
(ýönekeý zatlarada begenmegi başar)
7. Заниматься хобби, творческими занятиями, которые приносят удовольствие
(şuny edip bilemizok ýöne. başarsaň şygyr ýaz, aýdym aýt, surat çek, başarmasaň iň bolmanda jorap-çeşka ör)
8. Иметь чувство меры, получая удовольствия
(kanagatly bol!)

aslynda hügge düşünjesi her halkda bolşy ýaly türkmende-de bar bolmaly.
yssy howada, üzüm dalbaryň kölegesinde, keçede, bir çäýnek gyzgyn çaý, ýanyňda-da halaýan birileriň biri-ýarymy.... bolany – ine-de bagrtyýarlyk.

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Gowy goşgy.
Howa dogrudanam sowap başlady. Ýoñlanymyzy duýmanam galdyk.. :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]