21:09
Hojaguly
HOJAGULY

Nakyl bardyr owaldan: "Ýalançy hiç ýarymaz",
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.
Özüñ ýalançy bolsañ, işiñ uzak ýöremez,
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Hojaguly bir çopandy, topar goýun bakardy,
"Möjek geldi, haw!" diýip, ýalan sözi çykardy,
"Haý, ýetişiñ haraýma, goýny möjek apardy!"
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Meýdandaky daýhanlar şonuñ sözne ynanyp,
Şol çopanyñ ýalanyn özlerine çyn sanyp,
Topuldylar möjege öz işlerinden galyp,
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Kim goluna daş alyp, kimseleri taýakly,
Kimse çarşagny alyp, kimseleri ýabakly.
Kimiñ golunda gylyç, kimiñ goly pyçakly...
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Ýalan sözün çyn bilip, daýhanlar ýüwrüp geldi,
Soradylar çopandan: "Hany möjek, ne boldy?"
Aldanyp gelişlerne çopan şat bolup güldi,
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Soñra bir gün möjekler etdi goýna alaman,
Taladylar sürini, özüne bir zat goýman,
Gelmediler daýhanlar, çyn sözüne ynanman,
Daýhanlary biderek aldapdyr Hojaguly.

Molladurdy.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Molladurdy | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Психея / Goşgular - 03.06.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]