21:15
Hiňlenme

HIŇLENME

Ak çagbada galan joram,
Nogta saçlaň ezildimi?
Kimsä ýaýabilmän derdiň,
Syr monjugyň üzüldimi?

Agzyň gyýanda gopuzyň,
Gaçyp galanda gotazyň,
Çola burçunda otagyň
Gözýaşlaryň süzüldimi?

Ýap boýunda şeker igde,
Ýar ýolunda galdy dide,
Her kirpigiň aşyk ýigde,
Hanjar kimin gezeldimi?

Göwün ýumagyň çözläniň,
Sülmüräp ogryn gözläniň,
Pyşyrdap adyn sözläniň
Maňlaýyňa ýazyldymy?

Gyzyl kürtäň-gyzyl çoguň ,
Ýüze sylar ulus-ilim,
Dähedemläp başlan ýoluň
Ömür ýolňa uzaldymy?

• ASMAN KONSERTINDE

Asman!
Depregiňi kaksana batly!
Menem ajap simfoniýaňa
Dutarym çalyp goşuljak.
Ataş gözli ýyldyryma
Gujak çigildem gowşurjak.
Gidip durka seň konsertiň
Menmi munda "dek" oturjak?!

• LOMAÝ SÖWDA

Men ownuk söwdany oňarmaýaryn.
Bir çümmüjek mähir,
Bir gysymjyk bagt,
Bir bulgur söýgi
Derkar däl maňa.
Tükenmeýän mähir...
Soňlanmaýan bagt...
Hemem...
Hiç wagt gutarmajak
Yşk gerek maňa
Iň bolmanda:
Asman ýaly.

Suraý BABANYÝAZOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Всего комментариев: 17
0
17 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Tüweleme Suraýjan!

0
15 Allanazar   [Mowzuga geç]
Ýene bir gezek okadym, Suraý galamyň elmydama ýiti bolsun.

0
14 Allanazar   [Mowzuga geç]
Oňat, örän oňat setirler, Hakdan içen şahyr.

-1
13 Mähriban   [Mowzuga geç]
Bagyşlaň, käbir "tehniki sebäpler" sebäpli ýalňyşlyk gidipdir. Haweran, "Lomoýy" - "Lomaýa" öwrüp beräýiň!
Teswirleriň gowudygyny, edil arzuwlamdaky ýaly. Hawa, ikinji goşgy asmanda "pelpelleýärkä", ýanymda adamlaň kän bolandygy üçin bar "tutup ýetişenim" şol setirler boldy. :-) Seslenendigiňiz üçin köp sag boluň!

1
12 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Ikinji asmanly goşguda ideýa örän gowy, ýyldyrymly asmana ýüzlenip, onuñ çalyp oturan sazyna dutaryñy gurup, onsoñ onuñ ataş gözli ýudyrymyna gül gowşurmak, olam ýönekeý gülem däl, oda meñzeş çigildem çemenin. Haladym, ýöne howlugyp ýazylan ÿaly!? gowy suratlandyryp bilmändir, şygryýet doly däl, goşgy ideýasyna seredeniñde hem göwrümi kiçi hem-de şahyranalygy ejiz.

0
11 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Başda aýtjak zadym, Mango daýyñ Kitapçyda bardygyna begendim, birnäçe wagt görünmän ýördi, çykyp gidäýendir öÿtdüm. Suraý Babanyýazowyñ ôñem birki sany goşgusyny okap halapdym. Bu goşgulary hem örän gowy, Hiñlenmesi hasam göwne ýakymly, aýdym edip aýdybermeli setirler. Türkmen halk döredijiligine çalymdaş gošgy, beter haladym. Üstünlikler!

-2
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Suraý "lomaý" bolmaly dälmi?
A goşgular welin gowy, içime lomaý aş düşen ýaly boldy.

1
5 Aksary   [Mowzuga geç]
Hiñlenmede bir topbagyñ yerini çalyşjak boldum başarmadym!

Lomaý sowda gowy bolupdyr, ýöne goşgyñ ady agsaýa. Söwda bolanda satyn almak, satmak b.n baglanşykly, siziñ goşgyñyzdaky zatlaryñ hijisem satylmaýar,
Hudaý halasa mugt (mümkin Dileg diýersiñiz we ş.m)

-1
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Söwda sözi diñe bir many añladanok, Baýgeldi. ("Başym çykmaz ne söwdaýa sataşdym")
Söwda - yşk, söýgi manylaram bar (şu many häzir türklerde işjeñ -"sevda").
Söwda - isleg-meýilden, höwesden, arzuwdan, çakdanaşa söýgüden dörän we emi ýok, emini diñe wysaldan, arzuwlaýan yşkyndan, söwdasyndan (diýmek, söwdanyñ dermany söwdanyñ özünde) dörän kesel manysyny-da berýär.

"Söwda sözi arap dilinden geçen söz we ol "gara zat", "gara safra" diýmegi añladýar, "çakdanaşa isleg-arzuw, hyjuw" manysyny berýär. Musulmanlaryñ mukaddes saýýan "Gara daşyna" (Käbedäki daş) "Hajer-ül Eswed" diýilýänini eşdensiñiz. Ine, şol ýerdäki "eswed" bilen "söwda" sözi bir kökden we "gara" manysyny berýän “swd”-den gelip çykan.
Şonuñ üçin türkler "gara söwda" (“kara sevda”) diýenlerinde megerem gap-gara arzuwy, islegi añladan bolmaly. Arapça "söwdanyñ" grekçedäki "melanholiýa" sözi "gara safra" (öt) bilen deñ many berýär. Antik medisinada adam saglygynyñ organizmdäki dört esasy suwuklygynyñ sazlaşygyna baglydygyna ynanylypdyr. Aşgazan, dalak keselleriniñ sebäpkäri saýylýan "gara safra" (öt suwuklygy) şol suwuklyklaryñ biri hasaplanýar: söýgi hasratyny-yşk yzasyny çekmek melanholiýa ýa-da söwda bilen baglanyşdyrylypdyr."


Tükenmeýän mähiri, soñlanmaýan bagt, gutarmaýan yşky islänimizde "asmany" gereklemekde nädürslik ýok, çünki biziñ görýän asmanymyz tükeniksiz älemiñ bir bize görünýän dyrnak ýalja ülşi we tükeniksizligiñ gädiginden jyklamak, gyrasyndan ätlemek üçin şol ülşe (asmana) eliñi uzatmaly, iñ bolmanda soñsuz älemiñ bir bölegine galtaşmaly (islemeli)... Biz kosmosyñ gara deşigi däl ahyry, galaktikalary, planetalary, ýyldyzlary birden demimize sorup alar ýaly. Asmany isle, şol bes, Suraý. Biziñ arzuwlaýan ASMANYMYZYÑ goýny giñ, ol isleglisine tükenmeýän mähiri, soñlanmaýan bagty, gutarmaýan yşky heran haçanam berip bilýär.

Awtor söwda sözüne meñ aýdyşym ýaly giñ many bermedik bolmagam mümkin. Emma muny dar ma:na baglamagymyzyñam hiç hili manysy ýok.

0
8 Aksary   [Mowzuga geç]
Tükenmeýän mähir...
Soňlanmaýan bagt...
Hemem...
Hiç wagt gutarmajak
YŞK GEREK MAÑA

Dileg diledi Has kaka

-1
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hä, hawa? Dilände näme? Aslynda biziñ hemmämiz dilegçi... ) Dilemeseñ zat berilýämi, "Aglamadyk çaga mämmä ýok" diýip aýdypdyrlar-a, öñküler. ))
"Butparazlar butdan alsa myradyn,
Hajatyny Hakdan dilän almazmy?"

0
16 Aksary   [Mowzuga geç]
Düşündim Has kaka!

-1
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Söwda etseňiz Alla bilen söwda ediň. Diňe Alla bilen söwda edenler uly girdeýji gazanarlar." - diýipdir, Çaryýarlaryñ üçünjisi Hezreti Osman (r.a)
Oñ ü.n o "satylanok" diýýänleriñi söwdalaşyp "satyn alsa" bolar, Baýgeldi.. ))

1
4 mango   [Mowzuga geç]
Bäşşşýyzzyl.

1
3 mango   [Mowzuga geç]
“lomaý söwdaňyzam” gowy.
Gysgajyklygam gowy.
Aýtjak bolýan gepiňem gowy.
Aýdyşyňam gowy.
Siziň söwdegärligiňizem gowy.
Bölek däl lomaý isleýäňiz.
Tükeniksizlik isleýäňiz.
Bakylyk isleýäňiz.
Ýöne, “iň bolmanda asman ýaly” diýip ownamaň.
Lomaýmy, lomaý bolsun.
Arzuwyňa ýet.

1
2 mango   [Mowzuga geç]
“asman konsertem” - gowy zat bolupdyr.
Original.
Ýöne, asman simfoniýasyna dutaryň bilen goşuljak bolsaň, ol simfoniýaň “ýyldyrym” agzasyna bir “gujak çigildem gowşurjak” bolşuň dogrumy? Senem dutaryň bilen simwoniýaň bir agzasy ahyryn. Sen tomaşaçy däl-ä.
Ýöne, "dek" oturma, dowam et.
Üstünlikler.
Bir gujak hyýaly çigildem menden size bolsun.

1
1 mango   [Mowzuga geç]
Gyzyl kürteli… dähedemläp başlanan (durmuş) ýoly…. ajaýyp suratlandyrma.
Berekella Suraý hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]