00:46
Hindi kinosy
HINDI KINOSY


Hem söýgüden doly,
Gussadan doly,
Hem süýji owazdan, aýdymdan
dyñzap.
Hindi kinolary jadyly ýaly,
Girýärdi ýürege,
kalbyña müñzäp.

Gül,
Agla,
Señsele,
Yşkdan ýaña,
Meýmire sitarañ täsin sazyna.
Gara saçly hindi gyzyñ tansy hem,
Ýesir borsuñ mañlaýdaky halyna.

Durşy duýgy, söýgi,
Asla söz ýetmez,
Aýyrar gussañy, kineleriñi.
Şindem söýýän,
Şol mahalky elýetmez,
Şahyr eden hindi kinolaryny.

Annahal BAÝHAN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Annahal Baýhan | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Towakga / Goşgular - 18.03.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]