10:47
Hindi henekleri
HINDI HENEKLERI

- Ynanmarsyñam, dost, men söýýän gyzyma üç ýyllap gün yrman hat ýazdym.
- Ýeri, söýgiñiziñ soñy näme bilen gutardy?
- O gyz poçtada işleýän ýigide durmuşa çykdy oturyberdi.

* * *

- Eger ýöräp barýarkañ öñüñden ýolbars çyksa nädersiñ?
- Men hiç zadam etmen... Näme etjek bolsa ýolbars eder!

* * *

Bir adam barjamly kişiden pul sorapdyr.
- Dilegçilik ýagşy zat däl! - diýip, barjamly oña düşündiripdir.
- Men sizden pul soraýan, maslahat soramok! - diýip, dilegçi ýeñsesini tüññerdipdir.

* * *

Aýaly:
- Siz meñ başga birine durmuşa çykmagymy isleýäñizmi?
Adamsy:
- Ýok. Meñ beýlekilere-de ýigrenji bolasym gelenok.

* * *

Ölüm ýassygynda ýatan bir adam aýalyna şeýle maslahat beripdir:
- Men amanadymy tabşyramsoñ, obamyzdaky Guptaja durmuşa çykgyn.
Aýaly muña ör-gökden gelipdir:
- Aýdýanyñ näme? Ol seniñ ganym duşmanyñ ahyry!
- Dogry, keywany. Şeýdip men ondan arymy almakçy...

* * *

Ejesi oglundan sorapdyr:
- "Kim köp geplemeşek" ýaryşynda birinji ýer alanyñy eşidip kakañ näme diýdi?
Ogly şeýle diýipdir:
- Öñürti-hä ýüzi duw-ak boldy, soñam içini çekip: "Senem ejeñe çekipsiñ!" diýdi.

"Watan" gazeti, 1996 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Degişmeler | Просмотров: 168 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 5.0/1
Degişmeler bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]