09:04
Hiç zat hakda hiç zat / hekaýa
HIÇ ZAT HAKDA HIÇ ZAT

Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi.
Ýaman erbet!
Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar...
Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?!
“Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär.
Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?!
Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir.
Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri.
Oň sebäbem başda aýdyldy.
Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar.
Oň welin, şo barada şony ýazasy gelip ölüp barýar.
Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler!
Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler!
Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan deýin birnäçe sapar yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler!
Goý muňa...
Barybir, nämedip nämetseler-de, oň ýazasy gelýär.
Şo barada!
Hut şo görnüşde!
Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat!
Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly!
Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “bamysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur!
Dünýe – nämedir bir zatlaň dünýesi!
Hiç zatlaň orny bolsa, bu ýalamçy-da – köwüş bazaram däl!
Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli!
Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaň gözüne görnüp, olaň keýpini gap bilinden döwmez ýaly!
Şoň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar.
Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl.
Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez.
Ikinji sebäbine-de her kesiň özi düşünsin!
Belki, şo – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 142 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Дед Мороз / рассказ - 24.06.2021
Ak göwünli Madi / hekaýa - 02.01.2021
В полях / новелла - 23.03.2021
Mедведь Хирс-Шахрияр / сказки и притчи - 21.07.2021
Исповедь Теодюля Сабо / рассказ - 29.05.2021
Джини / рассказ - 24.06.2021
Роксана / рассказ - 11.03.2021
Bibi / hekaýa - 12.01.2021
Канарейку в подарок / рассказ - 11.03.2021
Насима / рассказ - 22.06.2021



Всего комментариев: 17
1
15 Bagabat   [Материал]
Taryhy öwrenseň, ylymda-da, edebiýatda-da, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň başga ugurlarynda-da köp üýtgeşik zatlara halk tarapyndan üns berilmän ýatdan çykyp gidýän ýagdaýlaryna, birnäçe wagt geçenden soňam, hut şol ideýanyň görlüp-eşidilmedik meşhurlyga mynasyp bolýan halatlaryna näçe diýseň duş gelmek bolýar.
Mysal üçin, ylymda köp ylmy açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň umumadamzat ösüşine hiç hili täsir etmän, köpçülik hem ylmy jemgyýetçiligiň ünsüne ilmän ýa-da ünsünden düşüp galmagynyň we jemgyýete hem ykdysady, ylmy-tehniki ösüşe peýdasyz ýitip gitmeginiň mysallary näçe diýseň bar.
Mysal üçin: Anesteziýa serişdesi bolan narkozy 836-901-nji ýyllarda Bagdatda ýaşan, alym Sabit ibn Kurra oýlap tapypdyr, emma bu derman serişdesi ençeme asyrlap halk köpçüligine mälim bolman, diňe 1850-nji ýylda ol Dunket tarapyndan gaýtadan açylandan soňra lukmançylyk ylmyna ornaşypdyr.
Abu Reýhan Biruni XI asyrda planetalaryň hereketiniň kanunlaryny açypdyr, emma bu açyş ýedi asyra golaý wagt, adamzada mälim bolman, XVII asyrda Iogann Kepler ol kanunlary täzeden açanyndan soňra ylmy jemgyýetçiligiň ünsüne düşüpdir.

0
14 Bagabat   [Материал]
Bu-da, Alfons Alleň 1883-nji ýyldaky we Malewiçiň 1918-nji ýyldaky suratlary:


0
13 mango   [Материал]
sag bol, sungat dersiňe bagabat däde.
gowy ders.
malewiçiňki soňky ekenidä.... (bilip goýduk).

0
12 Bagabat   [Материал]
Deňeşdirmeleriň alnan çeşmesi: https://stranamasterov.ru/node/1007337. 16.11.2021ý.

0
11 Bagabat   [Материал]
Bu ikisi bolsa, Alleň 1884-nji ýyldaky we Malewiçiň 1915-nji ýyldaky "Gyzyl kwadrat"-lary:


0
17 Revo   [Материал]
Malewiçiň "Gyzyl kwadrady", gyzyl bolsada, ähli bruçlary deň bolan kwadrada meňzemändir. Gyzyl reňkem bordowyý reňkede çalym etýär.)

0
10 Bagabat   [Материал]
Bu bolsa, Malewiçiň "Gara suprematiki kwadraty", 1915ý.


0
9 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bar ekeni:
Gýustaw Dore, "Russiýaň alagaraňky taryhy", 1854ý.


0
8 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bar ekeni:
Bertal, "La Hougueň görnüşi (gije örtgüsiniň astynda)", 1843ý.


0
7 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bar ekeni:
Robert Flad, "Beýik tümlük", 1617ý.


0
6 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bar ekeni:
Alfons Alle, "Hebeşileň gowakda gijäň birwagtyndaky söweşi", 1893 ý.


0
16 mango   [Материал]
şu Alfons Alleniň "Hebeşileň gowakda gijäň birwagtyndaky söweşi" eserine başga at daksaňam gelişmän durjak däl.
"gündiz garagumyň jöwzasynda gara-ört bolan gara pişigiň gijeki ukusy".
"garagumlu maňlaýaygaraň gözlerini ýumuşy".
"ýelli gün tok öçende".
"ýyldyzlara yşyk saçmagyň gadagan edilen gijesi".
"agyň ýok edilen ap-aýdyň gündizi".

0
5 Bagabat   [Материал]
Bu Kazimir Malewiçiň 1915-nji ýylda çeken "Gara suprematiki kwadraty" däl.
Pol Bilhod, "Hebeşileň ýerzeminde gijeki urşy", 1882 ý.


0
4 mango   [Материал]
malewiçiň gara kwadratyndan başga hiç zada düşünen däldirin.
belki malewiçem hiç zat hakda hiç zat ýazmak isländir, ýöne onuň hiç zat görünmeýän gara kwadratam bir zatlar hakda boany üçin.... bulam hiç zat barada hiç zat bolmyýa....
---
şu gara kwadrat maňa elmydam mekgäniň gara kubuny (käbäni) ýada salýar....
serdar kaka, bujagaz hiç zadyň bir çümmüklenmek effektini duýdurdy....
öňem biriniň aýdyşy ýaly "hiç bir zat bolmdygam bolsa, bir zatlar-a boldy"...
minnetdar.

0
3 permanh2206   [Материал]
Gaty gowy we manyly ýazlpdyr

0
2 Nurdan   [Материал]
Hiç zat hakda Hiç zat baryny ýazyp, Hemme zat hakda Hiç zat ýazmanam bolýanyna menem göz ýetirip ýörün. , Sizem subut edipsiñiz, hiç neneñ däl, Gowy bolupdyr

0
Hiç zat

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]