12:39
Hezreti Isa haçan doguldy?
HEZRETI ISA HAÇAN DOGULDY?

Rim Papasynyñ "Isanyñ çagalygy" atly täze ýazan kitaby Hezreti Isanyñ haçan doglandygy baradaky hemişe dowam edip gelýän jedelleri hasam gyzyşdyrdy.
Taryhy we dini çeşmelerde bu barada hiç hili maglumat duş gelmeýär. Hezreti Isanyñ ne doglan güni, ne-de doglan ýyly bellidir.
Muña garamazdan 24-25-nji dekabr gijesi bolan Noel gijesini Hezreti Isanyñ doglan güni diýip hasap edilýär. Bu sene Papa Gregoriniñ rejeleşdiren kalendaryna eýerýän katolik, protestant, sürýany we rumlylarda kabul edilen senedir.
Russiýanyñ, Balkan ýurtlarynyñ we ermeni buthanalary Noeli 6-7-nji ýanwar gijesinde garşylaýar. Çünki olar Ýuliý Sezaryñ ulanan Iýul kalendaryna eýerýärler.
Iki kalendaryñ arasynda 13 gün tapawut bar. Dabaralar 24 gün (ermenilerde 50 gün) öñünden başlaýar. Şol günler berhiz tutulýar.
Mitradan Noele çenli gadymy rimliler gyş möwsüminde Günüñ howrunyñ peselmegine gynanç bildirýän ekenler. Olar günüñ uzap başlan wagty bolan 25-nji dekabr gününde Günüñ bendilikden halas bolmagynyñ şanyna köpçülikleýin we azgynçylykly ahlaksyz şowhun-dabaralary gurnapdyrlar.
Şol gün Ýagtylygyñ hudaýy Mitranyñ doglan günüdir. Däbe öwrülen bu edim-gylymyñ täsiri bilen ilkinji hristianlar buthana girenlerinde-de Güne salam bererdiler.
Rim imperatory Konstantiniñ döwründe 25-nji dekabr Hezreti Isanyñ doglan güni hökmünde gutlandy. 354-nji ýylda Rim arhiýepiskopy Liberiusyñ karary bilen bu baýramçylyk resmileşdirildi. Şeýlelikde gadymy paganistik adatlaryñ ýene biri "Isa biziñ Güneşimiz" şygary astynda hristianlaşdy. Munuñam üstesine adamlaryñ aglabasynyñ daýhançylyk we balykçylyk bilen meşgullanandygyny nazara tutsak, onda Noeliñ gyşda bellenmegi has göwnemakul görünýär. 597-nji ýylda bu gijä Hristmass/Noel ady berilýär. Hrist - Isa pygamberiñ adydyr. Bu söz grekçe "halasgär" manyny berýän "hyristos" sözünden gelýär. "Mass" - bu "bedene aralaşmak" diýmekdir. Fransuzça "Noel" balsa, latyn dilindäki "nativitatis/natalis" sözünden gelip çykýar.
525-nji ýylda Rim papasy Dionis Hezreti Isanyñ şol wagta çenli belli bolmadyk doglan gününi 754-nji Rim ýyly diýip yglan etdi. Bu bolsa milady ýyl hasabynyñ 1-nji ýylyna deñ gelýär. Edepsizlik bolmasyn diýip (ýa-da şol wagt Ýewropada 0-yñ nämedigini bilmeýändikleri üçin) 0 (nul) ýyly taşlanyp hasaplanypdyr. Häzirki Rim papasy Kepleriñ teoriýasy göz öñüne tutulanda, munuñ 6-7 ýyl has öñ bolup biljekdigini aýdýar.
Injilde aýdylmagyna görä, asmanda uly bir ýyldyzyñ doglandygyny gören we muny beýik bir adamyñ dünýä inmegi bilen baglanyşdyran eýranly münneçjimler Ierusalime gelip, Hezreti Isany sallançakdaka görüp gidipdirler.
Miladydan 6-7 ýyl öñ 25-nji mart güni Ýupiter we Saturn planetalary zodiak guşagynda gabat gelşipdi. Münneçjimleriñ gören hadysasy şu bolsa gerek.
Hezreti Isanyñ doglan güni hakynda anyk maglumat ýokdur. Lukanyñ Injilinde (2/4-8) Hezreti Isanyñ doglan wagtynda çopanlar gyrlarda goýun otladyp ýörler. Ýöne gara gyşyñ ortasynda bu mümkin däl. Milady hasap bilen 6-7-nji ýyllarda imperator Awgust ilat ýazuwyny geçirmekligi buýurýar (Luka, 2/1-3). Munuñ üçin her kim öz doglan ýerine gidýär. Hezreti Merýem hem adaglysy Ýusup bilen Nasyradan 150 km uzaklykdaky Betleheme gidýär.
Gyşyñ güni göwreli aýalyñ uzak ýola çykmagyndanam beter, halkyñ içki işlerine goşulmaýan bir hökümdaryñ her pursatda pitne turuzmaga bahana gözläp ýören ýewreýlerden gyşda ilat ýazuwy üçin ýola çykmaga buýruk berjegine ynanmak kyn.
Rowaýat edilmegine görä Pasha baýramynda (15-nji aprel) Hezreti Ýahýa we onuñ daýzady Isadan alty aý öñ dogulypdyr. "Gurhan" Hezreti Merýemiñ täze hurma bişen wagty çaga dograndygyny aýdýarm (Meryem: 22-25). Görşüñiz ýaly, Hezreti Isa oktýabr aýynda Sukkot baýramynda doglupdyr. Diñe güni näbellimi? Hezreti Isanyñ diñe doglan güni däl, eýsem doglan ýyly-da näbellidir. Milady senesiniñ 4-nji ýylynda ölen Rimiñ dikmesi Herodyñ döwründe (Matta, 2/1) we Awgustyñ milady 6-njy ýylda geçiren ilat ýazuwy (Luka, 2/1-3) dogulypdyr. Emma birnäçe Herod we Awgust atly taryhy şahsyýetler bardyr. Ilat ýazuwy bolsa bir gezek däl, birnäçe gezek geçirilipdir. Her bolup geçen wakany iñ bir ownuk detallaryna çenli gürrüñ berýän rim senenamalarynyñ şol döwre degişlileri bu barada ýeke ýerde-de maglumat bermeýär.
Hezreti Isa meñzeş bir ýagşyzada adamdan ilkunji bolup söz açan Tajitusdyr (MS 55-120).
1947-nji ýylda Iordaniýa Öli deñziñ kenaryndaky gowaklarda tapylan ibrany dilindäki golýazmalaryñ "Mukaddes kitabyñ" tekstleridigi ýüze çykdy we golýazmalardaky agzalýan taryhy senelerde, berilýän maglumatlarda Hezreti Isa juda meñzeş bir şahsyýetiñ miladydan bir ýarym asyr öñ ýaşandygy aýdylýar.
Ierusalimiñ Suriýany arhiýepiskopynda hüşgärlik bilen saklanýan bu golýazmalary ysraýyllylar uzak wagta çeken çekeleşikden soñ satyn aldylar we ýakynda Ierusalimiñ muzeýinde goýdular. Bu golýazmalaryñ rimlileriñ zulmundan gaçyp bu ýerlere ýerleşen essenilerden galandygy çak edilýär.
Yslam alymlary-da Hezreti Isa bilen Hezreti Muhammediñ (s.a.w) arasyndaky wagty dürli-dürli berýärler. Selman, Ibni Abbas, Mukatil, Katade we Ibni Ishakdan 600, Muammer, Kelbi we Müjahitden 540, Dahhakdan 440 ýyl rowaýatlary bardyr. Käbir hronologiýalar Hezreti Isanyñ Aleksandr Makedonskiniñ Darini ýeñmeginden 65 ýyl soñra dünýä inendigini ýazýar. Bu söweş b.e.öñ 334-nji ýylda bolup geçýär. "Mewahib-i Ledünniýýe" kitabynda Ibni Asakiriñ Şabä salgylanyp Hezreti Isa bilen Hezreti Muhammediñ (s.a.w) arasynda 963 ýyl ýatandygyny habar berýär. Ymam Gazaly bu iki pygamberiñ arasyndaky wagtyñ müñ ýyldan az bolmandygyny aýdýar. Çünki Hadyslarda hem her ulugyl-azym pygamberiñ arasy müñ ýyldyr.
Ymam Gazaly bu iki pygamberiñ arasyndaky wagtyñ müñ ýyldan az däldigini aýdýar. Çünki Ymam Rabbany şeýle rowaýaty mysal getirýär:
Eflatuna (Platon) Palestinada Isa atly pygamberiñ dörändigini aýdanlarynda, ol: "Biz arassa adamlardyrys, bizi päklemegiñ hajaty ýok" diýen sözi meşhurdyr. Şundan ugur alsañ, Hezreti Isa miladydan 347-nji ýylda ölen Eflatunyñ döwürdeşi bolup çykýar. Grek filosofynyn dersleri meşhurlyk gazananlygyndan, ölen wagtyna ynansylsa-da, Isa pygamberiñ gizlinlikde dünýä gelip we dünýäde az salym bolandan soñ asmana göterilenligindenem, oña iman edenleriñ azlygyndanam, hristianlaryñ az sanly we ençeme asyrlap ynançlaryny ýaşyryn saklandyklaryndanam Noeliñ anyk senesiniñ bulaşyklyga düşenligini açyk görmek bolýar.

Ekrem BUGRA EKINJI.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 717 | Добавил: Adalat19 | Теги: Ekrem Bugra EKINJI | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]