16:45
Heýkeltaraş Saragt Babaýewe
HEÝKELTARAŞ SARAGT BABAÝEWE

Tebigylyk owalbaşda zandyňda,
Eziz dostum, gözellige teşne sen.
Eger meňzetmeli bolsa özüňi,
Dag göwsüni ýaryp çykan çeşme sen.

Kalbyňy çoýandyr bir mährem ene,
Gara daş janlanýar seniň eliňde.
Heýkelleri synlap diýdim: „Aperin!“
Gözellik bar gözelligiň deginde.

Daň ýyldyzy bolup Nury Halmämmet,
Seret, anha, tirsegine galypdyr...
Aýralyk pursaty ne agyr pursat,
Bagşy soňky gezek dutar çalypdyr.

Iň soňky bolmaga haky ýok, haky,
Dutara jan berdiň ýene, Saragt!
Dünýä deýin ajap türkmen bahary,
Ak güllere basyrnypdyr daragt....

Gözellik döredýäň daşlary ýonup,
Hem-de ýonup öz-özüňi taplaýaň.
Ukusyz gijeleň ezýeti başga,
Munda şahyr gijesini ýatlaýan.

16.12.2008





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..." / Goşgular - 25.05.2021
Ybarat bil / Goşgular - 15.04.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Ýürekdeş gözlegi / Goşgular - 16.03.2021
Sadalykdan dogan kämillik / Goşgular - 16.03.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Gözýaşlam bilen ýuwaryn / Goşgular - 10.01.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...” / Goşgular - 14.04.2021
Мысли, рождённые на кладбище / Goşgular - 17.03.2021



Всего комментариев: 2
0
Şundan başga heýkeltaraş barmyka?

0
2 mango   [Материал]
Bolmazmy?
Babasary Annamyradow, Juma Jumadurdyýew (merhum), Nurmuhammet Ataýew (ýaňy ýakyn ýogaldy), Gylyç Ýarmämmedow…

Ors bazardaky Gülüstan bazarynyň ortasyndaky duran betondan keýikokara heýkeli Gylyç Ýarmämmediňki.
On atlar, Öküz… Babasary Annamyradowyňky.
Ýalňyşmasam ozalky “дом одежды” magazininiň gapdal diwaryndaky (Nowaýy köçede) barelýef Juma Jumadurdyňky.
Ministrler kabinetiniň meýdan tarapdan girişindäki iki sany atly ýigit we gyzyň heýkeli (ýalňyşmasam) Nurmuhammet Ataýewiňki bolmaly…
Häzirki täze dikeldilýän Magtymguly heýkeli Saragt Babaýewiňki.
Bar bizde güýçli skulptorlar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]