16:45
Heser küýsegi
HESER KÜÝSEGI

Häzir ýolda bolsaň...
Eden ýalňyşlaň
Ýüregiňe düşüp dursa azary,
Aladadan dykyn bolsa kelläňem,
Göwnüňe-de deglen bolsa mazaly,
Ýeke bolsaň,
Ýakynlaryň birisem
öňüňden çykmasa, açmasa göwnüň,
Yzyn üzmän çilim çekseň üsgürmän,
Howa sowap, çyplaň bolsa hor egniň,
Itler bölmeseler pikir-oýuňy,
Guşlar jürküldeşip “aýdym aýtmasa”,
Hol görünýän oglanjyklar pete-pet
gabatlaşyp, ýaşuludyr öýtmese —
Salam bermeseler, salam almasaň,
Ýoluň dowam etseň telli-pelliräk,
Soňam öňki-soňky armanyň üçin
Bir uludan nagra tartsaň däliräp,
Belki, bir goşgy dörärdi...

10.12.2021 ý.

Sapa HOMMADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 11
0
11 ALADIN   [Материал]
@Firenship senmaý bu? Adyñ tanysh Sapa diyip. Behh henizem goshgy ýazyp ýörmiñ tüweleme!

0
10 Taryhçy   [Материал]
Sapa Berekella. Ine, şeýle goşgulary yazyñ

0
9 Sergezzan   [Материал]
Ýüzüňi öl etmän aglan wagtyn beyik eserler döreyarmish. Yaşaýyşda bir zat anyk. Hic wagt bir taraplayyn yaşap bolmayar

0
6 mango   [Материал]
Bir uludan nagra tartsaň däliräp,
Belki, bir goşgy dörärdi.
..

bäh. ilki däliretseler, dälliresem, soňam goşgy goşsam diýýäňdä....
diýmek, goşgy döremegi üçin:
-ýalňyşlaň ýüregiňe azar bermeli,
- kelle aladadan dykyn bolmaly,
- göwnüňe degilmeli,
- ýeke bolmaly,
- (gyzykly ýeri) ýakynlaryňy günäkärlemeli,
- (ähli bela şolarda) birisem öňüňden çykmasyn, göwnümem açjak bolmasyn (göwnüm üçinem),
- çilim çekseň, üsgürmänjik,
- egniň horlug-a horlugy, howaň sowygy näme diýsene (howanam ýigrenseň, bu howada üşeýän hor egniňem ýigrenseň),
- itlerem üýrmesin (pikire batamda),
- guşlardanam bizar, jürküni jürküldetmesin,
- salam bermesin hiç kim,
- salam bermäýin menem...
- hemem....
garaz, bular gerek eken.
ana osoň, ähli sebäpleri döredip, o sebäpler hakda-da goşgy goşaryn - diýýäňdä.
bir goşgy üçin epesli sebäpler toplanmaly ekeni.
sebäp tapmasaňam özüň döretmeli....

egr goşgy dörejek bolsa....
nagra tart,
dällire,
gap-gaç döw,
agzyňy hapalap söw,
barmak çommalt,
kelläňi diwara ur.
psihopat sapa hommat.
:-)

ýyzzyllar basyldy.

0
7 Pegas   [Материал]
Ýarym ýyzzylmy, mango daýy?))

0
8 mango   [Материал]
ýooo. doly basypdym...
meňkiler doly ýyzzyl bolmaly.
---
ine ýene bir sepäp.
ýarym ýyzzyl...
öýkele mangodan,
ýene-de bir uludan nagra tart,
däliräp,
belki, bir goşgy dörär,
men sebäp.

0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Goşgy döremezden öň başdan geçirilýän ruhy ahwalat... ýadyma düşdi.
Höwri köp bolsun Sapa!

0
4 Gumlygelin   [Материал]
Sapa! Iñ gowy goşgular şeýle ýagdaýda döreýãr. Bu goşgy ýene gowudan gowy goşgular ýazmagyña badalga bolsun!

0
3 Mähriban   [Материал]
Gowy goşgy döräpdir. Berekella!

0
2 MмС   [Материал]
Salam bermeseler, salam almasaň,
Ýoluň dowam etseň telli-pelliräk...

Göwündeş setirler

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Ine, goşgynyň döremegine serişde bolýan närseleriň biri. Biz, adatça, käbir şygyrlary ýüzleý okaýarys-da geçiberýäris. Onuň kemala gelmeginde nähili ruhy azaplaryň azarly penjesinde şahyryň urunýandygyny nazara almaýarys. Okan goşgymyzdan magnawy lezzet almagyň öwezine bir giden ýeňil-ýelpaý kemçilikleriň sanawyny düzýäris. Elbetde, hekaýamy, goşgymy... kem-köstsüz bolman bilmez. Emma, okyjynyň "eýtmeli-beýtmeli" diýip, görkezýän ugur-ýoly ýazyjynyň, şahyryň öz göwnündäki matlabynyň ýoluna dogry gelmese şol ýaman.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]