19:31
Hergiz sözümde duraýyn!
HERGIZ SÖZÜMDE DURARYN

Ýollar uzak, ýyllar gysga,
Bu dilde asal ezeýin.
Possun gadryn bildi:r gyşda,
Dosta dost bolup gezeýin.

Ýykmaň, köňlümiñ külbesin!
Kalpdan gözläñ zer küýzesin.
Döwüp duýgymyň kündesin,
Söýgime seýle geleýin.

Gaýga goýup gaýgylarmy,
Yşkdan bagtsyz gaýdylarmy?!
Sazsyz, sözsüz aýdymlarmy
Taşlap, señ bile güleýin.

Eläp durmuş eleginde,
Ýük goýanda her eginde,
Güýç döredip ellerimde,
Ykbaly bagtym bileýin.

Halkyñ bereni bir günlük,
Halygyñkydyr ömürlik.
Kyblaga tarap öwrülip,
Hajatym Hakdan diläýin.

Ýol uzakdyr, Nury ýigit
Kyn bolsa-da,hak ýoldan git!
Ygrarsyz ýigit - gorkak it,
Hergiz sözümde duraýyn!

Nury SAKÇYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Nury2526 | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]