22:30
Serwim
SERWIM

Akyl-huşdan jyda düşdi goşgulam,
Ýürek zaryn iňläp, ses eder, Serwim!
Sen goşgudan kämil, juda hoşgylaw,
Beýhuş boldum synlap keseden, Serwim!

Mesgen tutup gözlerimiň agynda,
Gel, ýüregim, syryňy aç, ýaryl-da,
Gabaklarňy gözden serpen çagyňda,
Kirpikleriň maňa eseder, Serwim!

Elleriňe alyp ýüregmiň bagyn,
Nirä çekseň, şoňa ýüwrüp barýaryn,
Sen meni söýmegňi bes eden çagyň,
Ýüregmem urmasyn bes eder, Serwim!

Gül bolsaň, bagbanyň bolaýyn-la men,
Ah, sensiz niçiksi oňaryn-la men,
Häzirem ýanymda, golaýymda sen,
Aramyz bir garyş, sere deň, Serwim!

Gözleň – umman, kirpikleriň kürekdir,
Şol ummanda ýüzmäge jan elekdir,
... Häzir artykmaç söz näme gerekdi?!
Munda ykbalymyz deňe-deň, Serwim!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 219 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 22
0
22 Trigger   [Материал]
Если тебя не любят – не выпрашивай любовь,
Если тебя не верят – не оправдывайся,
Если тебя не ценят – не доказывай,
Лучше сделай себе чай с печенькой!..

0
21 beg   [Материал]
Goşgyň ortasy başky we soňky iki setirini berkidibilmändir. Köp üýtgedilen bolmagam ahmal.

17-nji asyrda horwat aýallar ýan ýoldaşlaryny urşa ugradanlarynda öz ýaglygyny boýnuna dolap ugradar ekenler. soň adat bolup galypdyr. bu däp fransuzlara geçende "la croate" diýlipdir. türklere-de "krawat" ady bilen geçipdir. horwatlardan gelýär-dä. boýunbag diýmegiň zyýany ýok. horwat ýa-da krawat diýenden gowy. modern gulçylygyň iň esasy simwoly. okuwda gul bolmagy öwredýäler, boýunbagsyz praktika bolmaz. işiňem gapysyndan şonsuz salanoklar. Hat-da öýleneňde-de şony dakaýmaly. Sebäbi ikinji derejeli gul bolýaň. Herkim seni bu derejäň üçin gutlaýar.
Gulçulykdan azat bolmagyň ýeke ýoly bar, olam özüňi asmak. Agam, oňarsaň oppuskada-da baraýma. :)

0
19 mango   [Материал]
Goç kaka, maslahat bar.
ýüregiňe düw.
bir gün
säher bilen işe gitme,
penjegiňem geýme,
boýunbagyňy unut,
unut işi (iş tapylar)
we göni Oňa tarap ýola düş.
şonda...
aýralygyň soňy geler!
Aý-günlerem gülüp bakar ýüzüňize.
---
unutma,
durmuş - diňe penjek, boýunbag, iş däl ahyry...

0
20 Edebiyatcy   [Материал]
Gowy maslahat agam, basym oppuska hem çykýan:-):-)

0
18 Edebiyatcy   [Материал]
Köp sag boluň bellikler üçin, göwne ýakyn belliklerem kän ekeni.
Köp sowallara jogap bermekden saklanýaryn.
Minnetdar hemmäňize

0
17 mango   [Материал]
Her gün säher işe gidýän penjekli,
Boýunbagdan asýaryn men özümi.


şu setirlerde näme sebäpden "özüni asýanyna" özümçe düşündim...
işlemek - gullaň işi, işe gitmek - gulçulyk, gulçylyk - agyr, aý soňy ölmez-ödi alaňd-a hasam....
gahryman gulçulukdan ýadapdyr, işe gitmegi (esasanam kostýumly işe gitmegi) ölüme deňeýär.... galstygyndan asylyp ölmeginiň sebäbi şol, gulçulykda ýaşaýanyna akyl ýetiren bolmaly. (degişýändirin).
ýöne, men-ä biraz erkinräk gul. hudaýa şükür kostýum, galstuk.... resmi geýim geýmeýän gullardan... :-)

---

Şapak dogýar elwan ýaňagňa meňzäp,

Goç kaka, özüň-özüňi gaýtalaýaň.
bu goşgyňda: "Şapak dogýar elwan ýaňagňa meňzäp"
"haýyş" diýen goşgyňda: "Säherleň şapagy ýaňagna daman" diýýäň,
täsirlenen goşgularyň birinde-de: "Şapakda görerin — ýaňagyň alyn"

umuman, şöle...

0
16 myhman   [Материал]
goşguda biraz logika saklajak boljak bolmaly dälmi?

Her gün säher işe gidýän penjekli,
Boýunbagdan asýaryn men özümi.
... Sensiz aýralygyň soňy geljekmi?!
Aý-günlerem alýar meniň ýüzümi.

bolýa irden turup paratnyý formada işe gitdiň.
onsoň?
işe şo gyz üçin gidýäňmi?
aýrylmagyňyza iş sebäp boldumy?
paratnyý formany şol gyz talap edýämi?
diýen soraglara berjek däl. ýöne

... Sensiz aýralygyň soňy geljekmi?!

nädip düşündirsemkäm?! biraz pikirleneýin. hmm, men-ä düşündirmekden ejiz gelýän.

men birine "suw içmesem, suwsuzlygym gitmez. bir zat iýmesem açlygym dowam eder" diýsem. oň maňa berjek jogabyny gözömüme getirip bilemok.

Aý-günlerem alýar meniň ýüzümi.

ýüzüň alynmagy käýelmek, gygyrylmak ýalyrak zatlar dälmi? birhili öz-ä. öňýanyndaky setir bilenem baglanyşdyryp bilmedim.

0
15 myhman   [Материал]
Mahym hanymyň aýdyşy ýaly boýunmagdanam "çuňluk" gözleseň gözläboturbermeli.

galstuk - isän dakynýa, islemedik dakynanok
boýunbag - hökman daňaýmaly

Boýunbagdan asýaryn men özümi.

şo dereje iripdir diýäýmeli.

baglanyşy ýogamdyr welin şu setirler şu setirleri ýada düşürdi.

Her gün säher işe gidýän penjekli

Men bu gün säher oýanyp, çykdym lälezarlyga...

Şapak dogýar elwan ýaňagňa meňzäp,

Şapakda görerin — ýaňagyň alyn

0
14 hoşowaz   [Материал]
Meselem, @Haweran, @Hyýalkeş, @mango, @myhman we beýleki agzalaryň teswirleri ýerlikli we düşnükli. Sözme söz diýen ýaly analiz edilen. Analitikleriňki başgaça bolaýýar... (bu ýerde ýok agzalary ýazanym üçinem ötünç soraýan, köp gabat gelemsoň ýazaýdym)

0
13 hoşowaz   [Материал]
Goşgyny analiz eder derejede mende-hä hiç zadam ýok. Analiz etmek aňyrda dursun, oňa düşünmäge hem biziň aýkýumyz ýetenok. Analizi bolsa, poeziýa, filosofiýa we ş.m.lara düşünip bilýän agzalar ýazar-da. Olaň bar ýerinde biz LALdyrys...

0
12 Hyýalkeş   [Материал]
11 sany teswir ýazylyp ýeke adamyñam goşga umumy analiz bermän boýunbag barada gepläp çykmagy...Diñe @Haweran umumy bir zat aýdygym bolsun diýip pikri gowy diýipdir.
Galstugyñ "boýunbaglygy"meni hä bimaza edenok.Netijede bu sözi birinji gezek Goçmyrat agadan eşitmedik.Goşgynam haçandan bäri şu şahyry okamanymdanmy nämemi birhili haladym.
Gahrymanyñ boýunbagdan özüni asýan ýaly duýmagynyñ sebäbi belkem aýralykdyr?
"Durnañ üstüne urna diýen ýaly".
"Şapakda görerin ýañagyñ alyn"
Şapakly ýeri lenç edilen meñzetme ýaly la.
"Şemal ýat gözelleñ sypar saçlaryn"
Şu ýerde bir zada bar.Şemal hemme uzyn saçlyñ saçyny deñ sypamaly dälmikä? Eger gahryman şemalyñ ýarynyñ saçyny sypaýandygyny görüp bilmeýändigini aýtjak bolan bolsa başgaçarak aýtmaly.
"Synlama:n şemalyñ saçyñ sypaýşyn" meselem.
Jemlemesinem,başlaýşynam haladym.Goşguda iñ halan ýerimem şol öýdýän.Ýöne umuman goşgy gowy.

0
11 bbaygeldiyew   [Материал]
Gowy taraplaryny hem aydyňa

0
10 hoşowaz   [Материал]
Hawa, menem şoň üçin diýdim.

0
8 hoşowaz   [Материал]
Öňünden uly ötünç soraýan. Gromit hem boýunbag dakanlarynda ýokuş görýä.

0
9 Edebiyatcy   [Материал]
Üns berseň, boýunbagyň eýesem şol boýunbagdan asylyp, özüni gynaýar, olam galstuk dakynmagy halamaýan ýaly

0
6 Edebiyatcy   [Материал]
Boýunbagyň galstukdygyny okyjylarymyz bilýändirle, ol sözüň terjimesiniň ýerine düşmändigi bilen biz dälde, goý, dilçilerimiž alada etsin

0
7 Haweran   [Материал]
Dilçiler günäkär diýýäñ-dä.. ))

0
5 Haweran   [Материал]
Goşgyñ pikiri gowudyr ýöne, Goç gardaş. Men diñe galstuk barada aýdýan, göwün edäýme :))

0
4 bbaygeldiyew   [Материал]
Boyny baglamak hakykatdanam gowy dälä meňzeýä

0
3 Haweran   [Материал]
Indem boýunbag sözüni rusça terjime etjek bolup görüñ, näme bolýa...

0
2 Haweran   [Материал]
Galstuk sözüniñ "boýunbag" diýip alynmagyny öñem oñlamokdym, häzirem oñlamok.

0
1 Alaýabyly   [Материал]
Iň soňky setirde tersine boýunbag özüni asan bolsa gowy bolardy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]