00:48
Henizem
HENIZEM

Tamakin däl gapymdan seretmäge,
Gapymyň kiltigin oýnaklamaga.

Söýem barmak bilen penjiräme kak,
Akyp barýan köçelerden maňa bak.

Henizem obamyň däli gyzy men,
Asyrlaň ýitiren köne yzy men.

Henizem ýelleriň ganaty meňki,
Kyssada çapylýan ak aty meňki.

Gözüm ýyldyz, agzym täze dogan aý,
Garyplyk çaglardan, göwnüm bolsa baý.

Gabagymyň astynda deňiz ýaşaýar,
Gözellik şährimde semiz ýaşaýar.

Saçymyň içinden aryklar akýar,
Daglary tenim bilen bile boý çekýär.

Gysgajyk gülki, men ýoka dodakda,
Azajyk selki men, adak - çadakda.

Asmanyma aý gysdyryp gün çekýän,
Täze dünýäni düzüp könäni sökýän.

Aglap dogan goşgy maňa meňzeýär,
Sygman syzan goşgy maňa meňzeýär.

Goşgyň hudaýy men, behişt dogurýan,
Dünýäň panarynyň odun degirýän.

Akbibi BESIM,
Türkmensähra.

هنیزم

طاماکین دأل غاپئمدان سراِتمأگه
غاپئمئنگ کیلتیگین اۇیناقلاماغا

سؤیم بارماق بیلن پنجیرأمه قاق
آقئپ باریان کؤچه‌لردن مانگا باق

هنیزم اۇبامئنگ دألی غئزئ من
عاصئرلانگ ییتیرین کؤنه ائزئ من

هنیزم یل‌لرینگ غاناتئ منگکی
قئصصادا چاپئلیان آق آتئ منگکی

گؤزۆم یئلدئز، آغزئم تأزه دۇغان آی
غارئپلئق چاغ‌لاردان، گؤونۆم بۇلسا بای

غابئغمئنگ آستئندا دنگیز یاشایار
گؤزللیک شهریمده سمیز یاشایار

ساچئمئنگ ایچیندن آرئق‌لار آقیار
داغ‌لارئ تنیم بیلن بیله بۇی چکیأر

غئسغاجئق گۆلکی، من یوقا دۇداقدا
آزاجئق سِلکی من، آداق-چاداقدا

آسمانئما آی غئسدئرئپ گۆن چکیأن
تأزه دۆنیأنی دۆزۆپ کؤنأنی سؤکیأن

آغلاپ دۇغان غۇشغئ مانگا منگزه‌یأر
سئغمان سئزان غوشغئ مانگا منگزه‌یأر

غۇشغئنگ حودایئ من، بهیشت دۇغوریان
دۆنیأنگ پانارئنئنگ اۇدون دگیریأن

آق‌بی‌بی بسیم





Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Haweran | Теги: Akbibi Besim | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021



Всего комментариев: 8
0
7 mango   [Материал]
Söýem barmak bilen penjiräme kak,
Akyp barýan köçelerden maňa bak.

şu setirleri täsir etdi, haladym.
hawa, köçelerden akyp barýanlaryň içinde birisi penjiräňe kaksa ne gözel.....
---
bir täzelige-de gözümiz düşýä soňky günler.
goşgular ikinji elipbiýde hem berilip başlady welin, bu Ybraýym daýyň teklibimikä? nähilem bolsa latyn-türkmen elipbiýini bilmeýän doganlarymyz hem bilýän elipbiýinde okar ýaly boljak eken. bu gowy.
dag aňyrsyndaky doganlarymyzam tanyşdyryp duruň.
Akbibi hanyma üstünlikler dileýän.

0
Men koplenc arapca waw bilen parsy waw garyşdyryan onsoñ mobl bolmaly mende mubl bolya

0
8 mango   [Материал]
waw....(ؤ) !!!
arabi-farsam bilýäňmi?
berekella.

0
Söyem däl, süyem, uzyn aydylyar waw harpy barde

0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Henizem obamyň däli gyzy men,
Asyrlaň ýitiren köne yzy men. Üýtgeşik setirler, Döredijiligiñ dowamly bolsun, Akbibi hanym!

0
2 sabyrly   [Материал]
Pikirleri üýtgeşikden ajaýyp! Başga goşgularyndanam ýetirip duruň!

0
1 Aksary   [Материал]
@Haweran sizden birzat sorapdym welin netijesin aýtmarsyñyzmy?

0
4 Haweran   [Материал]
?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]