17:27 Hažžyk bilen suwulgan | |
HAŽŽYK BILEN SUWULGAN Göräýmäge ikisem bir süýrenji, Biri eý görülýär, biri ýigrenji. Hersiniñ özüne laýyk ady bar, Olar hakda rowaýat bar bir geñsi. Öñ zamanda ýakmak üçin birini, Ýygyp otlapdyrlar odun baryny. Hažžyk üflänmişin ýandyrjak bolup, Suwulgan tersine söndürjek bolup, Suw getirmek üçin suwa ylganmyş, Şoñ üçinem suwulgan at galanmyş. Hažžyk bolsa üfläp göm-gök bolupdyr. Şol sebäpli gökdalak at galypdyr. Damagyn çişirip sary kelpeze, Bir mahalky otdur öýdüp Günmüze, Heniz-henizlerem üfläp ýörmüşin Çöpe çykyp, Güne gargap ýörmüşin. Dünýäm haýyr işden bolsa-da doly, Ýöne arasynda şol hažžyk ýaly, Öçüp barýan ody köredýänler bar Hažžygyñ nebsini ýöredýänem bar. 1978 ý. Ogulsoltan TAGANDURDYÝEWA. | |
|
√ Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022 |
√ Призывание / Goşgular - 28.02.2022 |
√ "Kyýamat diýip men nämä düşünýän...” / Goşgular - 29.01.2022 |
√ Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Катамаран / Goşgular - 26.02.2022 |
√ "Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." / Goşgular - 28.01.2022 |
√ Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022 |
√ Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022 |
√ Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Зарница / Goşgular - 28.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |