04:24
Hazareý türkmenleri
Taryhyna gum sürlen doganlarymyz

▶ HAZAREÝ TÜRKMENLERI

• ýa-da öwrenilmedik türkmen taýpasy - hazareýler hakynda

Hazareýler (hazaralar) häzirki Owganystanyñ çäklerinde ýaşaýan we ilaty Owganystanyñ 35%-ne barabar gelip çykyşy boýunça esasy düzümi türkmenlerden bolan iñ uly türki taýpalaryñ biridir. Ençeme asyrlap eýran dilleriniñ gysajynda ýaşansoñ, şeýle-de ylym-bilim öwrenmeklerine bilkastlaýyn rugsat berilmän, belli bir döwürde gul-gyrnak kimin harlanan, bala-çagalaryny gul bazarlarynda satmaga mejbur edilen, assimilizasiýa sezewar bolup öz ene dillerini we däp-dessurlaryny unudan, pars diliniñ bir şahasy dari dilinde gepleýän, sebitde ýaşaýan beýleki jemagatlara garanda has köp hammallyk, lagymçylyk, çopançylyk ýaly gara işlerde işläp güzeranlaryny dolaýan we "nadan" hasaplanýan çarwa hazareýler bütin bu görýän horluklaryna garamazdan başlaryny dik tutup, özbaşdak halk hökmünde ýaşamagyñ hötdesinden gelmegi başarýarlar.

• Hazareýleriñ taryhy

Ýogsa-da kim bu hazareýler? Olaryñ asly hakykatdanam türkmenmikä? Bu soraglar alymlar tarapyndan ýygy-ýygydan orta atylýan soraglardyr.
Görgüli hazareýler her pursatda "depämizden haçan bomba düşerkä?" diýen gorkuly düşünjede bütin bu ýuwtýan hunabalaryna garamazdan Günorta Türküstany terk etmän ýaşaýan asly türkmen ganybir doganlarymyzdyr. Owganystanyñ Hazarajat welaýatynda ýaşaýan hazareýleriñ welaýaty ýurduñ jümmüşinde ýerleşýändigi sebäpli kese ýerli basybalyjylaryñ, okkupatorlaryñ ýurduñ o başyndan bu başyna jyrt atýan meýdançasyna öwrülip gidipdir. Şonuñ üçin Hazarajat welaýaty hemişe diýen ýaly basybalyjylaryñ penjesinde boldy. Taryhda hazareý hanlary we mirleri merkezi hökümete paç tölemek arkaly dolandyryldy.
IX asyryñ ahyrynda Hazarajatda Emir Zunnun Ergüniñ esaslandyran Ergüniýe (türkmen) emirligi hazareýleriñ iñ soñky emiri Şa Beg Ergüniñ Şa Ysmaýyl Hataýy Türkmen tarapyndan öldürilmegi netijesinde taryh sahnasyndan çekildi. Onuñ ýerine Abdyrahman han tagta geçipdir. Abdyrahman han tagta geçensoñ, hazareý hanlary we mirleri täze emir Abdyrahman hany goldap başlapdyrlar. Bu ýagdaý uzak dowam etmändir. Sebäbi Abdyrahman han iñlislere syrtyny diräp Hazarajaty basyp alýar. Abdyrahman han hazareýlere garşy yglan eden urşuny hakly çykarmak üçin hazareý hanlaryny Şiraly hana ýardam edýärler bahanasy bilen tussag edýär we halkyñ töläp bilmejek görnüşinde on alty dürli agyr salgyt salýar. Biçäre halk salynan agyr salgytlary berip bilmänsoñ, zalym han hazareýleriñ sylanýan kethudalaryny zyndana okladýar. Abdyrahym han müñlerçe bigünä adamy öldürdýär. Ol diñe hazareýleriñ däl, eýsem, özbekleriñ we nurystanlylaryñ hem başyndan bela bolup inipdir. Abdyrahman hanyñ hazareýleri ýigrenmeginiñ sebäbi, olaryñ aslynyñ türkmen bolmagydy we hazareýleri özüne howply duşman hasaplamagydy.
1893-nji ýylda bolup geçen gandöküşikli uruşlardan soñ Hazarajatyñ ykdysady güýji çagşaýar. Hazareýleriñ bu welaýatdaky ähli öri meýdanlary, mülkleri ellerinden alynýar, döwlet olardan zor bilen alynan ýerlere diñe çarwa puştunlaryñ mallaryny goýbermäge rugsat berýär. Ylalaşyp bolmajak bu ýagdaý arly gyş aýlary iýmäge bir döwüm çöregi galmadyk hazareýlere ellerinde galan bolanja ýerlerinem ujypsyzja bahasyna puştunlara zor bilen satar ýaly edilýär. Maddy taýdan gedaý düşürilen hazareýler dogduk mekanlaryny terk etmäge mejbur bolýarlar.
Abdyrahym hanyñ öz ogly tarapyndan öldürilmeginden soñ hazareýleriñ mejbury ýagdaýda puştunlara satan ýerleri yzyna - hak eýelerine gaýdyp berilýär. Hazareýler gaýtadan Hazarajat welaýatyna ýerleşýärler. Abdyrahym hanyñ zulmundan gaçyp, Kabula göçen hazareýler diñe 1929-njy ýyldan soñ özlerine berlen mümkinçilikden peýdalanyp oñardylar. Olar Hazarajatyñ merkeze ýakynlygyny gowy peýdalanypdyrlar. Kabuldaky hazareýler syýasy, ykdysady se medeni ugurlarda möhüm ýerlerr gelip başlapdyrlar. Hazareýleri owgan syýasatynda 1980-nji ýyllara görmek mümkin däldi, indi olardan çykan syýasatçylar aktiw syýasatyñ başyny çekýärler. (Olardan Abdul Aly Mazarynyñ, Kerim Halylynyñ, Soltan Aly Keştmandyñ, Olimpiýa türgeni Rohulla Nikpaýyñ atlaryny agzamak bolar -t.b.)
Owganystan Dawut hanyñ döwründe respublika režimine geçdi. Şol döwürde Dawut hanyñ ähli ünsi puştun meselesine gönügensoñ, hazareýlere ýeterlik üns berenem bolmandyr. Hernä, bu böwşeñlik hazareýleriñ bähbidine bolupdyr. Pursatdan peýdalanan hazareýler döwletiñ dûrli jogapkärli wezipelerine geçmegi başarypdyrlar. 1978-nji ýyldan soñ mujahit partiýalar kommunistik häkimiýete garşy ýurduñ çar künjeginden aýaga galypdyr. 1979-njy ýylyñ aýagynda bolsa hazareýleriñ ulamalary we progressiw adamlary agyz birikidirip Owganystan Yslam Rewolýusiýasy Bileleşigi hökümetini yglan edýärler we Seýit Aly Behiştini Prezidentlige saýlaýarlar. Şol wagtdan başlap Hazarajat özygtyýarly awtonom welaýata öwrülipdir.
1989-njy ýylda hazareýleriñ partiýalary bileleşip bir bitewi Wahdet partiýasyny gurýarlar. Wahdet partiýasy işe başlandan soñ üç ýylyñ içinde Hazarajaty we hazareýleriñ ýaşaýan başga ilatly nokatlaryny öz gözegçiligi astyna alypdyr. 1991-nji ýylda ilkinji gezek Wahdet partiýasy Owganystan meselesi boýunça halkara konferensiýa gatnaşmaga çakylyk alýar. Olar bu konferensiýadan soñ Stambulda geçirilen Yslam ýurtlarynyñ daşary işler ministrleriniñ konferensiýasyna-da gatnaşdylar.
Taliban režiminiñ häkimiýetden çekilmeginden soñ daşary ýurtlaryñ goldawy bilen Hamit Karzaýyñ ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümet gurulýar. Owganystanyñ täze durmuşynda hazareýleriñ täsirli roly artyp başlaýar. Häzir parlamentde hazareýleriñ altmyş alty sany halk deputaty bar. Sowatly adamlaryñ barha artmagy, hazareýleriñ özlerini dürsemegi we ylym-bilimiñ ösüşli ýollaryna gadam urmagy, sosial taýdan kämilleşmegi puştunlara we täjiklere hiç ýaranok...

• Hazareýleriñ etniki gelip çykyşy

Hazareýleriñ gelip çykyşy boýunça üç dürli çaklama orta atylýar. Bu çaklamalardan birinjisi: hazareýleriñ aslynyñ tutuşlaýyn mongoldygy we Çingiz hanyñ hersi on esgerden ybarat dokuz topary Kabula, bir topary bolsa Amyderýanyñ gündogaryndaky Hazarlar raýonyna ugradandygy, netijede hazareýleriñ şol mongol onluklaryndan dörän kowçumdygy çak edilýär. Çingiz han ýaly her mongol urşujysyna aýratyn ähmiýet beren zalym hökümdary bu ýerde az sanly esgerlerini ýeke we goragsyz goýup gitmäge näme mejbur edip bilerkä? Galyberse-de, baran ýurduna gan çaýkap, ýumurtga togalabermeli edýän Çingiz han bu ýeriniñem ilatyny rehimsizlik bilen gyrandygy sebäpli, bu çaklamanyñ ylmy taýdan hiç hili ynandyryjylygy ýok.
Ikinji çaklama, hazareýleriñ Aleksandr Makedonskiniñ döwründe Hazarajat welaýatynda ýaşandygy baradaky käbir maglumatlara esaslanýar. Eger bu çaklama alymlaryñ arasynda gutarnykly kabul edilse, onda hazareýlerin aslynyñ Çingiz hanyñ mongol esgerlerinden gelip çykandygy baradaky çaklama öz-özünden püçege çykýar duruberýär.
Üçünji çaklama bolsa, hazareýleriñ aslynyñ tutuşlygyna türki taýpadan gelip çykandygy baradadyr. (Olaryñ Ilhanly hökümdary Mengu hanyñ döwründe Hazarajata ýerleşendigi çaklanylýar). Çingiz hanyñ Balhy, Kabuly, Gaznany, Hyraty, Hazarajaty eýelemezden öñ bu ýerlerde halaç we garlyk türkmenleri ýaşapdyr. Ibn Haldunyñ hem ýazyşy ýaly, Balh we häzirki Hazarajat türkmenleriñ iñ köp ýaşaýan sebitleridi. Ýöne mongollaryñam şol döwürden başlap, mongol boýunturugynyñ astyna düşen hazareýlere medeni taýdan öz täsirlerini ýetiren bolmagy bolup biläýjek zat. Şol sanda goñşy ýaşaýan täjiklerem olara sosial-medeni taýdan ýiti täsirini siñdiripdir. Bu ýerlerde ýaşaýan türkmen taýpalary ata watanlaryny gorap Çingiz hana garşy gahrymanlarça söweşipdirler. Ýöne mongollaryñ hem hazareýler ýaly aziýa milletine degişli bolmagy, olaryñ garylyp-gatylyp, özboluşly halk hökmünde orta çykmagyny çaltlandyrypdyr.
Hijri-kamarynyñ III-IV asyrlaryna degişli taryhy we edebi çeşmelerde hazareýleriñ ady "Garçe türkleri" diýip agzalýar.

• Hazareýleriñ häzirki ýagdaýy

Hazareý türklerine olaryñ añyrsynyñ parslardan gelip çykandygyna ynandyrjak bolýan propogandaçylar bar. Türki dilde geplemek gadagan edilendigine garamazdan türki sözleri gepleşik dilinde has köp ulanmaga çalyşýan hazareýler barada türki respublikalaryñ metbugat serişdelerinde kelam agyz söz aýdylmasa-da, olar Günbataryñ metbugatynyñ üns merkezinden düşenok. "Nýu-Ýork Taýms" ("New York Times") gazetinde hazareýler barada birnäçe makalalar çykdy. Her dürli assimilizasion çärelere garamazdan milli köklerini ýitirmän saklaýan hazareý doganlarymyz, başlaryna salynýan tükeniksiz oýunlaryñ üssesinden gelip, özleriniñ aslynyñ türki taýpadygyny aç-açan aýdýarlar we aslyna bolan buýsanç duýgusyny götermekden hiç hili utanç duýanoklar. Heläklenip, wagşylarça öldürilýän hazareý doganlarymyz bu zulum-zulmatdan çykmagyñ ýeke-täk ýolunyñ ylym-bilimden geçýändigine añryýany bilen düşünýär we bu ugurda gerekli işler edilýär. Ylym-bilimde birnäçe öñe gidişliklere, sepgitlere ýeten hazareý doganlarymyz hemme zada noldan başladylar, ýitip-ýok bolup gitmegiñ uçurymynda durkalar bir-birine söýenip gaýtadan galkyndylar. Hazareý galkynyşyna görübilmezçilik edip gyrgynçylyklaryny dowam etidirýän ganojak puştunlar bolsa, amala aşyran şunça zalymlyklaryna garamazdan, hazareý türklerini tutan asylly maksatlaryndan, rowaçly ýollaryndan dändermekden ejiz gelýär. Mejlise altmyş alty halk deputatyny ibermegi başaran hazareýler bir-birlerine goldaw berip, häzirki galagoply dünýäde agzybirligiñ nähili elýetmez gymmatlykdygyny bütin Owganystanyñ öñünde görkezmegi başardylar.
Gelejekde, hazareýlere garşy amala aşyrylýan bu genoside, assyrynlyk bilen ýöredilýän assimilizasiýa prosesine türki respublikalaryñ hem biperwaý garaman, sany 12 milliona ýeteñkirlän doganlarymyza hossar çykjakdyklaryna tüýs ýüregim bilen ynanasym gelýär. Ýogsam bolmasa, hazareýleri ýada salmaýanlar ýa-da görmezilige salýanlar munuñ hasabyny hazareýlere däl-de, hut özleri taryh kitaplarynda ýer alan wagtlary öz bilinden ýaýran nesillere bermeli bolarlar.
Maña bu makalany taýýarlamakda goldawyny gaýgyrmadyk, hazareý türkleriniñ kimlerdigini aýdyp beren, kowumdaşlarymyza hossar çykma mümkinçiligini döreden doganym Reza Wefaha bolan çäksiz hoşallygymy we minnetdarlygymy bildirýärin.

Patma Özge ÖZDEMİR.

# "Gencay" žurnaly, iýul 2012 ý.

▪︎ Bellik: Makala Owganystanyñ Garaşsyzlygynyñ 100 ýyllygyna bagyşlanyp terjime edildi.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 211 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Patma Özge Özdemir | Рейтинг: 4.0/1
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]