09:37
Haýyş
"ÇAGALYK"GOŞGULAR TOPLUMYNDAN

HAÝYŞ

Çagalar bagyna gelsene bir gün!
Haýyşym:gyra goý ähli işiñi.
Çynym aýtsam,jogabyny bilemok:
Meniñ üçin lezzetmi ýa işimmi?!

Olar bizden tapawutlanýar juda
Jogaba garaşman söýmegi bilen.
Diñlesene,gyzjagazlañ öwnüşin
Düýn täze alynan köýnegi bilen.

"Meñ kakam güýçli-de,meñ kakam güýçli"
Gyzyşandyr oglanlaryñ jedeli.
Bu ýer gamsyz günleriñe dolanmak -
Mährem çagalygña gitmek ekeni.

Nämä degmez buýsanç bilen synlamak
Arzuwlaryñ howa içre gaýyşyn.
Başarsañ hökman gel,unut aladañ,
Häzir şundan özge ýokdur haýyşym.

Kisäñi mähirden pürepürläp gel,
Mähirden özgesi munda artykmaç.
Meni tanamagyñ oñat ýoly şol,
Çünki, ruhum olar bilen ýaşytdaş.

Mahym NURGELDIÝEWA

19.08.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Zenan / Goşgular - 09.03.2021
Haýrana derek / Goşgular - 29.01.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Teswirler we bellikler üçin tañryýalkasyn!

0
4 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Öňkülerden has pes. Aýdyljak bolýan zat gowy eken.

1
3 Aksary   [Mowzuga geç]
Gyzjagaz diýişiñ ýaly,oglanjyklar diýen bolsañ.

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Gowy bolupdyr.

Juda kän zatlary gozgady!

0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goddy.Täsirlenip okadym.Sag bol,uýam!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]