22:28
DÜNÝÄM
DÜNÝÄM

«Gözleň kä ataş, käte
Jennet boldy-la, dünýäm!».
K.Rejebow

Ot bolup basyldy ýyldyz gözleriň,
Ýüregimi erbet gysdy-la, dünýäm!
Seniň maňa garşy gezän kirpikleň,
Çykypdyr janymyň kastyna, dünýäm!

Sensiz gözel dünýäm görünýär solgun,
Sen gelip dünýäme Gün bolup gonduň,
Birje bakyşyňdan elendi kalbym,
Şindem gelip bilmän essime, dünýäm!

Her günüm bir ýyla, ömre deňeçer,
Sütem etmek diňe saňa gelişer,
Juda çökder boldy jebir berişiň,
Şonda-da seň mähriň yssy-la, dünýäm!

Sensiz dünýäň galmaz görki-gelşigem,
Seniň gujagyňda jennet görmüşem,
Ah, näz bilen bir eýjejik gülşüňem,
Durşy bilen şygyr kyssa-la, dünýäm!

Gijeden howlugyp sabaly daňa,
Men saňa ýetmäge howlugýan diňe,
«Söýýän» sözümi-de diýerin, ine,
Sen meni gyssama,
gyssama dünýäm!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 226 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Bagtyñ suraty / Goşgular - 24.05.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
1937 / Goşgular - 05.04.2021
Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...” / Goşgular - 14.04.2021



Всего комментариев: 6
0
6 Edebiyatcy   [Материал]
Minnetdar bellikler üçin synçy agalar!
Biraz goşgy arakesmesinden soňky dörän goşgular bi, bellikleri göz öňünde tutaryn. Köp sag boluň

0
5 mango   [Материал]
Goçmyrat kaka, gowy, ortalyk ýa-da erbet goşgy... hiçbirini diýmekçi däl.
diňe setirleriňi okamda kellä gelen signallary paýlaşjak.
(ol signallar dogry boluşy ýaly ýalanam bolup biler).
---
Buýsanjyňam boýuň bilen össün deň,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


(buýsanjyň derejesi boýa baglymy?
boýy uzynlar buýsançly, kelteler az buýsançly.
boýy ösmesi galanlar - buýsanjy togtanlar...)

---

Säherleň şapagy ýaňagna daman

("şapak-ýaňak" ýada saldy: Şapakda görerin — ýaňagyň alyn).

---

Göýä gül desseden bogulan çemen,

(desse, çemen - iksem manydaşmy? ýagny ikisindede bir zadyň toplanmagy bar. gül toplumy (dessesi ýa-da çemeni). "gül desse" diýeňde eýýäm güli topladyň, yzy bilen ondan çemen bogmak не логично).

---

Bagtdyr ýaşaýyşda söýmek, söýülmek,

(edil özüm "söýmek-söýýülmek" setirlerini nirede okasamam şablonlaşan (belki-de suwjuk) söz hökmünde ýürege ýakynladyp bilemok. belki, "bagtdyr ýaşaýyşda söýgä ýugrulmak" ýalyrak bolup biler?).

---

Eziz görýän seni mährem öýüm dek,

(bir zady başga zada deňäňde deňelen däl-de deňelýän üstün bolýar öýdýän.
goşguda gyzy öýi ýaly eziz görýän eken, ýöne iň eziz şu ýerde gyz däl-de öý bolýar.... çylşyrymlymy? garaz, deňemek geregem däl eken.... :-)
"sen arslan ýaly batyr" diýilse asyl batyr - arslan bolýar, ýöne olam batyr, emma arslança ýok.... )

---

...Bu gün biziň toý günümiz ahyry,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.

toýda gelin elwan geýenok diýipdirler...
bilmedim, geýse geýerdä... geýlenok diýýänler däplere wepaly tradisional gyzlardyrda, modern gyzlar islänini geýer. irden - ýaşyl, öýlän - elwan, agşam ak (fata)....
hemem gyzykly, "elwany" açyk gyzyl hasaplasagam, ol kökünde reňkli diýmegi aňladýan eken...

Elwan [elwa:n] – Açyk gyzyl öwüsýän matanyň elwan diýen ady arap dilinde «reňk» manysyny aňladýan lewn sözüniň köplük sany bolan elwan («reňkler») sözündendir.

Goçmyrat, üstünlikler.

0
4 myhman   [Материал]
tutuş setiriň gaýtalanmagyna refreş diýilýämi.

näme diýilýänem bolsa şony ulanmak kyn öýdýän şahyrlara.
1. okyjyň ýüregine düşmejek bolmaly
2. öňündäki setir(ler) bilen baglanyşdyrjak bolmaly
3. köne moda bolansoň täzeçe öwüşgin goşjak bolmaly

indi goşga geçeli. köne usul, şol bir söýgi temasy (tas tamasy diýýädim :-)).

kän gepi köpeltjek däl.

Gülälekleň ysy gelýär üstüňden,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


bu iki setir düşnükli.

Buýsanjyňam boýuň bilen össün deň,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


bärde welin hälki diýýän baglanyşygymy görüp bilmedim. köýnegine buýsanmalymy? boýunyň ösýänine buýsanmalymy? ýetginjek ýaşa (durmuşa çykjak ýaşa) baransoň boýy gaty haýal ösäýmese. oň buýsanmagy bilen, boýunyň ösmegi bilen elwan köýnegiň näme dahyly bar.

Göýä gül desseden bogulan çemen,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


şu iki setirem o diýen bolmandyr.

Göwnüňmidi iň bir beýik geriş, ýar,
Mydam saňa ýetmeklige çalyşýan,


göwnüň beýik göwnüňe ýetip bilemok diýjek boldumy ýa-da özüňe ýetip bilemok diýjek boldumy. eger göwnüne ýetip bilmeýän bolsa "mydam oňa ýetmeklige çalyşýan" bolaýmaly ýaly. ýok, eger özüne ýetip bilmeýän bolsa, ýalan sözleýä. özi aýtmyşlaýyn olaň toý güni eken-ä.

...Bu gün biziň toý günümiz ahyry,
Şol elwan köýnegiň geýip gelsene.


"biziň duşuşmagymyz biz üçin toý ýaly" diýjek bolupdyr diýip ýuwmarlajak bolsaňam bolanok.

aýtjaklarymy doly aýtmadym. düşnükli bolandyrlaý. tüweleme, ýaşlar "Mus..." diýseň "Musa" diýjegiňi bilip durlar.

juda düşünmedik ýeriňiz bolsa soraň jogap berjek bolaryn.

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Murapbag diýlen zadyñ gurluşy gaty berk bolansoñ pikrem duýgynam bermek kynrak bolýar.Şoña görä bir zatlar aýdaýyn:
"Säherleñ şapagy ýañagna daman"
Şapak bilen ýañak meñzetmesi her näçe köne de bolsa şu setir gaty gulaga ýakymly duýulýar."Dammak" berýär öýdýän şol ýakymy.
"Dañam"bilen "çemen" zorlama kapyýamy?!
Jemlemäni nädäýipsiñiz Goçmyrat aga?
Heýem gyz toý gününde elwan köýnek geýermi?
Onam oglan öñ gören bolsa öñ geýen köýnegi bolsa (goşguny okan gyzlar kellesini tutýandyr)
Bir degişme bardy:
Söýgüliñiz size jañ etmeýän jañyñyza jogap bermeýän bolsa smsiñize jogap ýazmaýan bolsa gowy tarapyndan pikirleniñ belkem,ol ölendir diýip.
Menem gowy tarapdan pikir edýän.Goçmyrat aga (özi öýlenmäge beýle de dursun) ömründe hiç hili toýa gidip gören däldir,gyzlañ toýunda näme geýýänliginden bihabardyr.

0
2 bbaygeldiyew   [Материал]
"Yone senden haýyşym
geleniňde geýäý öňki köýnegiň"

Hiç neneň

0
1 bbaygeldiyew   [Материал]
Soňky kuplet bar pikiri yoklaydyda

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]