15:11
Haýsyndan gitjek?

HAÝSYNDAN GITJEK?!

Bir gün saýlatsalar geçen ömrüñden,
Sen haýsy senäni bijebaş etjek?!
Saýlap alarmydyñ talyp döwrüñi,
Ýaşlyk, kämillikmi;
Haýsyndan gitjek?!
Senden atañ-eneñ eden tamasy–
Ýerine düşende, kalbyñ senasy,
Goýberen hatañmy ruhuñ ýamasy,
Gögele wagtyñmy,
Haýsyn düzetjek?!
Mydam goşa geler begenç diýlen zat,
Ýany höwürlidir kömelek, badat,
Saklanylsa ýagşy gadym urp-adat;
Haýsyn du:la,
Haýsyn ile uzatjak?!
Bu bir bolar-bolmaz etsem-petsem däl,
Emgenmän bolmarsyñ derhal Rüstem Zal,
Haýsy bolanda-da, diñleseñ kem däl,
Haýsyny ýüz,
Haýsy birin göz etjek?!

16.03.2020 ý.

MEN - NOKAT.

Men naşyja,
Ýöne meniñ ornum kän.
Kiçi, erjel, ykjam,
Juda gysylan,
Uly, äpet, çuññur,
Beýik…ses ýetmez,
Hem elýetmez–
Giñişligiñ jadyly,
Keramat, gudratyn–
Mañyz-manysyn,
Datly tagamyny,
Hoş sesin, ysyn,
Ählisini ýüregimde demledim,
Hem mukaddes,
Jümlelerde jemledim.
Men–Nokat.

13.03.2020 ý.

Çeşmesi: https://altynyaprak.com/yasayys-durmus-pelsepeli-emosional-liriki-gosgular/. 30.11.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2020 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýgül Pirliýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 3
0
2 Mähriban   [Материал]
Serdar aga, Aýgül Pirliýewanyň goşgularyny ýetireniňiz üçin köp sag boluň! Ýöne Siziň öz hekaýalaryňyza-da sabyrsyzlyk bilen garaşýas.

1
3 Bagabat   [Материал]
Sag bol, jigim, ýagşy sözleriňe Alla ýalkasyn! Görjegiň gowy, arzuwlaň wysal, ömrüň uzak bolsun!
Okanymda, Aýgül gelnejäň şu iki goşgusy göwnüme ýarady-da, "paýlaşaýyn" diýdim. Gelnejäň inetde öz sahypasy bar ekeni. Salgysy şu goşgulaň aşagynda goýlandyr.
"Men - Nokat." bolsa güýçli aýdylan jümle. Hasam, bu jümle türkmen diliniň dürs ýazuw düzgünlerine laýyklykda, habar bermek däl-de, ýüzlenmek, yglan etmek äheňini berýändigi üçin ýüzlenme belgisi bilen gutaraýjak ýaly welin, "Men - Nokat." diýlip, "nokadyň" "nokat" bilen çürt-kesik tamamlanmagam maňa-ha täsirli göründi. Elbetde, bu zatlar her kesiň kabul edişine baglydyram, "на вкус и цвет товарищей нет" diýilýändirem-le welin...

1
1 Nurdan   [Материал]
Haýsyndan gitjek?!
ömür berenden närza däl, müñ Şükür! Şonda-da oýlandyrýar, her haçan, näçe gaýtalap gelinmeli, ýol saýlanmaly bolsa-da , ýene-de hut şu Toprakda Diñe Özüm bolmak üçin gelerdim..diýip oýlandym goşgyny okap otyrkam.. umuman, gowy goşgular, üstünlik hemrasy bolsun awtoryñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]