21:19
Haýsy yslam parahatçylygyñ we doganlygyñ dini?

HAÝSY YSLAM PARAHATÇYLYGYÑ WE DOGANLYGYÑ DINI?

Bu ýurtda Din işler ministrliginiñ garamagyndaky din adamlary we dini syýasatyñ oýnawajyna öwren syýasatçylar başlyklaýyn, käbir gatlaklar "Yslam parahatçylyk we doganlyk dinidir" sözüni dilinden düşürenok.
Bu meselede "Diñe möminler dogandyr" ("Hujurat" süresi, 10) aýaty-da esasy goldanýan zatlary.
Ýogsam bolmasa, görnetin görnüp durşy ýaly, "Diñe musulmanlar dogandyr" däl-de, "Diñe möminler dogandyr" diýlip, çäk mümkin boldugyça has giñ tutulypdyr.
Möminligi musulmanlyk bilen çäkli tutaýanyñyzda-da, bu gezek garşymyza şu sowal çykýar: "Haýsy yslam parahatçylyk we doganlyk dinidir?"
Hijriniñ Muharrem aýy gelende musulmanlaryñ bir bölegi dini sebäpler we sogap gazanmak maksady bilen matam orazasyny tutup, bir näçe dünýä nygmatlaryndan özüni saklap hasrata şärikdeşdigini bildirse, başga bir bölegi-de dini sebäpler we sogap gazanmak maksady bilen birnäçe dünýä nygmatyny bir ýere üýşürip biri-birine aşura zyýapatyny edýär. Ýagdaý şeýle bolsa, nädip yslam doganlygyndan söz açmak mümkinmi beri?
Hawa, eger yslam parahatçylyk we doganlyk dini bolýan bolsa, onda owganlar nämüçin küffaryñ uçarlarynyñ ganatyna, guýrugyna we tekerlerine ýapyşyp, uçar göge galansoñ ýere gaçyp öljegini bilip duranam bolsa Talibanyñ getirjek yslamyndan gaçýarlar?!
Türkiýe barada aýdar bolsak:
Bu ýurtda yslamy kim dogry düşündirip bilýär?
"Korrupsiýa ogurlyk diýmek däldir" we “Zarar-y âmmı defiçün zarar-y hâs ihtiýar bolunar” şeklindäki Mejelle höküminden hereket edip “jemgyýetiniñ bähbidi üçin şahsy bähbidiñden geçse bolar" manysynda fetwalary bereni üçin nägilelik bildirilen ylahyýet ylymlarynyñ doktory professor Haýretdin Karamanmy?
"Yslamyñ gyzlary, siziñ eneleriñiz burnuny görkezmekdenem ejap ederdi" diýip, sportsmenka gyzlarymyzy teniniñ açykdygy üçin tankyt topuna tutan Ihsan Şenojakmy?
Aýasofýanyñ ybadata açylyş gününde okan hutbasynda Aýasofýany muzeý edenlere "Zalym" ýarlygyny ýelmän ylahyýet ylymlarynyñ doktory professor Aly Erbaşmy?
"1921-nji we 1924-nji ýyllaryñ konstitusiýalarynda döwletiñ dini yslamdy, dünýewilik ýokdy. Respublika zawod korrekturasyna dolanyp gelsin" diýip, režim bilen oñuşmaýandygyny aç-açan aýdan ylahyýet ylymlarynyñ doktory professor Mehmet Boýnukalynmy?
"Tekgeler we zawiýalar baradaky" kanunyñ häzirem doly güýjünde ýöräp durandygyna garamazdan, nämedigi belli däl we işlerini agaýana dowam etdirýän, her biri aýry-aýry holding (firma) başlyklaryna öwrülen tarykat şeýhleridir jemagat liderlerini-hä agzabam durjak däl!
Esasan "yslam" kelimesine getirilen kesgitlemede-de "parahatçylyk" we "doganlyk" düşünjelerini ortadan aýyrýan nogsanlyklar bar.
Bir internet saýtynda "yslam" sözüne şeýle düşündiriş berilýär:
"Yslam arap sözüdir. Onuñ köki "parahatçylyk" manysyny berýän "silm" (selm) sözüne baryp birikýär" diýlenden soñ "Sözlükde ytagat etmek, boýun sunmak manysyny berýär. Hiç hili zorluk bolmazdan durkuñ we tüýs ýüregiñ bilen Allaha ytagat etmek, Oña boýun sunmak, emirlerine we gadagançylyklaryna gürrüñsiz boýun egmek diýmekdir"[1] diýilýär.
Yslam dünýäsiniñ ähli problemalary-da şol emirleriñ we gadagançyklaryñ anyklanmagy bilen olara uýmak babatynda çykmaýarmy näme?

• Owganystan doganlyk ýurtmy?

Talibanyñ metbugat wekili Suhail Sahahen (biziñ ýallakçylarymyz Süheýl Şahin diýip, ony has gulaga ýakymly etjek bolup janam edýärler) "A Haber" teleýaýlymyna birigip, "Türkiýe doganlyk ýurt" diýenmiş.
Hawa, Owganystan biziñ üçinem doganlyk ýurt. Emma bize doganymyz bolan Owganystan Talibanyñ Owganystany däl-de, Amanulla hanyñ Owganystanydyr.
Sebäbi biz, ýokarda ady agzalan ildeşlerimiziñ öñe süren yslamyna eýerýänler bilen doly dogan bolmagy oñarmaýarkak, Talibanyñ yslamyny öñe sürýänler bilen nädip dogan bolaryska?
Çünki şol Suhail Sahaheniñ aýtmagyna görä: "Taliban aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryna hormat görkezjekmiş. Syýasy ugry ähli aýal-gyzlara ylym-bilimiñ we işiñ elýeterli etmek hem-de hijab dakdyrmak boljakmyş. Burka ýeke-täk çykalga dälmiş. Aýal-gyzlaryñ öýden ýeke çykmagyna rugsat beriljekmiş. Ölüm jezasy, rejm (daşlap öldürme) we synanyñ bir ýerine kesme ýaly ýowuz şerigat kanunlarynyñ ýerine ýetirilmegi kazyýet edaralarynyñ ygtyýaryna beriljekmiş."
Ýagny, Talibanyñ wekili ýeke sözde: Kelleleriñ başly-barat çem gelşi ýaly däl-de, ýörite gassaphanalarda ussat gassaplar tarapyndan kesiljekdigini aýdýar!
Talibanyñ gurjak kazyýet edaralaryna döwrebap manyda kazyýet diýip bolarmyka?
Bu añyýet dolandyrylýan ýurt bilen nädip doganlyk ýurt bileris, eýse?

• Owganystan owganystanlylaryñkydyr!

"Cumhur" ýaranlygynyñ kiçijik şärikdeşi, "Watan" partiýasynyñ başlygy Dr. Dogu Perinçek "Taliban Mustapa Kemal paşanyñ Türkiýede edişi ýaly Owganystanyñ azat-edijilik urşuny gazandy" diýipdir.
Dogu Perinçegiñ bular ýaly çykyşlaryna öwrenşiberdigem indi.
Ol her kesden üýtgeşik bir zat aýdyp, üns merkezine düşmegiñ gamynda!
Hawa, biziñ üçinem Owganystan owganystanlylaryñkydyr.
Häkimiýetde oturanlar puştun bolanda näme, täjik bolanda näme, kime gyzykly?
Kim dolandyrsa şo dolandyrsyn.
Şu nukdaýnazardan seredende, ýagny kese ýerlileriñ ýurtdan kowulmagy babatda Perinçegiñki dogry.
Emma deñeşdirmesi we meñzetmesi ýalñyş.
Çünki meñzetmesinde aýdýan wakalary we şahslary biri-birine düýbünden ters gelýär.
Atatürk duşmanlary kowdy we medeni ulgam gurdy-gurmaga jan etdi.
Halkyñ indiwidlerini gul bolmakdan azat edip, kagyz ýüzünde-de bolsa deñ hukukly raýat etdi.
Taliban bolsa öz adamyna zulum eden, ony geçen asyrlara dolap äkiden, gul derejesine düşüren sistemany gurjak bolup çytraşýar.
Şol sanda Taliban taşeron topar bolup görünýär. Has dogrusy, BMB-niñ sanawynda Taliban terrorçylykly topararyñ sanawynda dur!
Atatürk kese ýerli basybalyjylara garşy tutuş üç ýyllap aldym-berdimli we halky bilen bile söweşip ýurdy azat etdi, a Talibana bolsa Owganystany gansyz-gowgasyz kyrk bäş gün ýaly gysga wagtyñ içinde ABŞ-nyñ özi berdi!
Biziñ üçin Taliban sözüñ doly manysynda ony guranam, gurduranam ABŞ-nyñ gysymyndaky topardyr!
Daşary işler ministri Çawuşogly ýurdumyzyñ bähbitleri üçin Taliban bilenem gepleşik geçirip biljekdiklerini we bu babatda pragmatist çemeleşiljekdigini aýdýar.
Ýurdumyzyñ bähbitleri üçin, elbetde, şeýtmek gerek. Emma ýurdumyzyñ bähbidi diýip, Saud Arabystanyndan, Päkistandan we Birleşen Arap Emirliklerinden başga hiç bir ýurduñ ykrar etmeýän hem-de BMG-dir birnäçe ýurt tarapyndan terrorçylykly gurama hökmünde tanalýan[2] Taliban bilen gepleşik geçirmäge meýilli bolubilýän bolsak, ýurdumyzyñ bähbidi üçin bütin dünýäde ykrar edilýän Siriýanyñ Prezidenti Beşar Esat we Müsüriñ Prezidenti El-Sisi bilenem gepleşik geçirmekden ýüz öwürmek muña doly ters gelýär, hernä gijem bolsa, Esatdyr El-Sisi hökümetleri bilenem assa-ýuwaşdan gepleşikleri geçirmäge hyýallanylýandygy barada oñyn habarlar gulaga ilýär.
Bu oñyn üýtgeşme...

• Gaharlanma, byradar!

Döwletiñ resmi metbugat organy TRT-niñ we ýallakçy mediýanyñ "Abdulgani Birader" diýip, gulaga ýakymly hala getirjek bolup çytraşýan, Dogu Perinçegiñem Atatürke deñän, aslynda "Gassap" lakamly Abdul Ghani Barader ýigrimi ýyllyk sürgün durmuşynyñ bir bölegini geçiren Katardan hususy uçar bilen Owganystana dolanyp geldi we Talibanyñ dörän, has dogrusy körekeni Molla Omar bilen bile Talibanyñ tohumlaryny sepen ýeri Gandagarda şowhun-şagalañ bilen garşylandy.
Baradere Owganystanyñ täze lideri ýa-da täze hökümetde jogapkär wezipelerden birini boýnuna aljak adam hökmünde garalýarmyş.
Geliñ, indi bolsa bu kartinanyñ hikmetini hemmämiz bilelikde çözeliñ...
Katar diýilýän ýurt 11.571 km kw meýdany tutup, biziñ Konýamyzyñ üçden bir bölegindenem kiçi bolgusyzja emirlik we bu emirlik Basra aýlagyndaky beýleki emirlikler ýaly "iñlis gizlin döwleti" (İngiliz derin devleti) tarapyndan dolandyrylýana meñzeýär!
Çünki bu emirlikler Angliýanyñ ýetmişinji ýyllaryñ başynda Basra aýlagyndan çekilmeginden soñ orta çykdy!
Başgaça aýdylanda, Basra aýlagyndaky şeýhlikler we emirlikler düýbi Angliýa tarapyndan tutulan syýasatlaryñ häzirki ýerine ýetirijisi bolan ABŞ-nyñ gujagynda oturan döwletjiklerdir!
Kataram şol emirlikleriñ biri.
Ýagny, ABŞ eger islese, Baraderi añsatlyk bilen ýok edip bilýärdi, şeýle dälmi?
Emma ýok etmedi!
Nämüçin?
Onuñ sebäbi şu:
Owganystanyñ gelejegi boýunça geçirilen gepleşikler nirede boldy? Kataryñ paýtagty Dohada.
Diýmek bu gepleşikler Dohadaky talibanbaşy Barader bilen geçirildi we taraplar Owganystanyñ çaknyşyk bolmazdan Talibana berilmegi babatda ylalaşyga geldiler hem-de bu şertnama esasynda Taliban hiç hili garşylyk görmezden kyrk bäş gün ýaly gysga wagtyñ içinde Owganystanda hökümeti añsatlyk bilen ele geçirdi!
ABŞ-nyñ Prezidenti J.Baýden, hatda Baraderiñ özü-de bolan ýagdaýa geñ galanam bolýar.
Baýden "Biz bu işiñ ýyl aýak bolmagyna garaşýardyk" diýip geñ galýan bolsa, Barader "Bular ýaly gysga wagtda bolmagyna garaşamokdym" diýip begenjini gizläp bilmedi.
Ýagny Taliban Dogu Perinçegiñem aýdyşy ýaly Owganystany söweşip däl-de, dildüwşükli (üçünji tarapyñ gözüni boýamak maksatly) şertnama esasynda ABŞ-dan elin aldy! Muña açyk çeşmelerde berilýän maglumatlaram güwä geçýär[4].
"Katarda sürgünde gezip ýören Taliban lideri Molla Abdulgani Birader 2010-njy ýylda tussag edilipdi. Emma ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Trampyñ haýyşy bilen ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşdyrmak üçin 2018-nji ýylda boşadylypdy.[5] Üç ýyl öñ Päkistanyñ türmesinden ABŞ-nyñ talaby bilen boşadylan A.Birader 2021-nji ýylyñ 16-njy awgustynda özüni täze gurulan Owganystan Yslam emirliginiñ ilkinji lideri hökmünde öñe çykardy... Biraderiñ niresinden tutsañ ABŞ-nyñ ysy gelýär."[6].

* * *

Eýsem Baraderiñ Katardan Owganystana dolanyp barşy size nämäni ýatladýar?
1979-njy ýylda Homeýniniñ Parižde sürgün gezip ýörkä, Tährana dolanyp gelşini ýatladýar gerek?
Ýagny, plan - şol bir plan we bu planlaryñ barsy Günbatarda taýýarlanýar.
Bu planyñ paşmadyk ýeke-täk ýurdy Türkiýe boldy, Atatürküñ prinsiplerine we ynkylabyna, dünýewi respublika bagly Türk Ýaragly Güýçleriniñ haýdan-haý aýaga galmagy netijesinde FETÖ-nyñ ketdebaşysy Pensilwaniýadan ýörite uçar bilen Ankara gelip bilmedi!
Hernä höwesi gursagynda garrady bu dinçi terrorçybaşynyñ!
Barader eger Türkiýä aç-açan duşmanlyk edýän we Talibany ykrar edýän üç ýurtdan biri bolan BAE-de bolan bolsady, ýagny Abu-Dabiden Gandagara giden bolsa, hiç zadam diýmezdik.
Emma ol Türkiýäniñ sözdäki "dosty" we Türkiýede birgiden ýerlere, bank ulgamyna, "Tank Palet" zawodyna ummasyz maýa goýumy bolan, Prezidentimize 450 million dollarlyk uçar sowgat eden Katardan Gandagara uçýan bolsa, biziñem “Hmmm” diýip, biraz oýlanmagymyz gerek bolanokmy? Üstesine "Türkiýäniñ Talibanyñ ynanjy bilen çapraz ýeri ýok!" diýen sözi ortadaka!
A Owganystanyñ kagyz ýüzünde saýlanan prezidenti Aşraf Gani aýdyşlaryna görä ogurlan pullary bilen (Owganystanyñ Täjigistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniñ aýtmagyna görä 169 million dollar) nirä gaçdy?
Taliban hökümetini ykrar eden üç ýurtdan biri BAE-ne!
Ýagny, Owganystanyñ saýlawlar esasynda oturan Prezidenti we şonuñ üçinem biziñ-de hyzmatdaşymyz bolmaga iñ mynasyby Aşraf Gani Talibany ykrar edýän we bize duşmançylyk besleýän BAE-ne gaçyp, biziñ heniz ykrar etjegimiz-etmejegimiz näbelli Taliban hökümetiniñ lideri hasap edilen Abdulgani Barader hamana dostumyzsyraýan Katarda ýaşaýan we ol Katardan Gandagara uçan bolsa, biziñ gerek bolsa Owganystan bilenem, Katar bilenem, beýleki arap ýurtlary bilenem gatnaşyklarymyzy oturyp, bir gezek däl, müñ gezek oýlanyp-ölçermegimiz gerek bolmazmy?
Arap we yslam ýurtlary bilen özara gatnaşyklarymyzy umumy dini ynançlara we hamhyýallyga beslenen halyfat arzuwy bilen däl-de, edil medeni dünýäniñ beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslanyp gurnamak wajypdyr.
Ýogsam bolmasa türk halky edil bir asyr mundan öñ bolşy ýaly elindäki ykdysady maýasyny we adam goruny ýitiren ýagdaýda çuw ýalañaç ortarada sömelip galar.
Araplaram bize "etrak bi idrak" (akmak türkler) diýmäge dowam ederler onsoñ!

• Yslam doganlygynyñ ygtybarly esbaby dünýewilikdir

Hezreti Pygamber (s.a.w) döwrüni-de öz içine almak bilen, döwlet we jemgyýet häkimiýetiniñ şerigat kadalaryna görä dizaýn edilen ähli döwürlerinde musulmanlar nijeme gaýgy-hasratly wakalara gark bolupdyrlar!
Pygamberimiziñ (s.a.w) durmuşyny öwrenip görüñ: Onuñ (s.a.w) tutuş ömri söweşlerdir gaýgy-hasratlar bilen geçipdir.
Hatda Mekgedäki ýyllarynyñ bir bölegine "Hasrat ýyllary" diýilýär.
Görşüñiz ýaly, Pygamberimiz (s.a.w) iñ ýakynyndakylara-da yslamy düşündirmekde we durmuşa geçirmekde kynçylyk çekipdir.
Allanyñ goýan "Dinde zorluk ýok" we "Siziñ diniñiz size, meniñ dinim - maña" ýaly düýp prinsiplere musulmanlar doly düşünmedik bolarly, ýogsam bolmasa bu düýp prinsipler aslynda dünýewiligiñ yslamyñ özeninde bardygyny äşgär edýär.
Eger bu aýdanlarymyz ýalñyş bolsa, Pygamberimiziñ (s.a.w) aradan çykanyna heniz çärýek asyr wagt geçmänkä arasynda sahabalaryñam bolan 80 müñden gowrak musulman (Jemel we Syffyn söweşlerinde) biri-birini kerçemezdi, Pygamberimiziñ (s.a.w) aýaly Äşe (r.a) bilen giýewi Aly (r.a) biri-birine garşy gelmezdi!
Halyflyk kürsüsi dildüwşükler we urdumşalyklar bilen ele geçirilmezdi, halyflar teraktlaryñ pidasy bolmazdy!
Aslyýetinde bu ýagdaý ähli dinler üçinem şeýle we DÜNÝEWILIK düşünjesi Günbatarda hut şonuñ üçin kämilleşipdir.
Dini dawalaryñ öñüni almak üçin dünýewlik hökmany gerek zat we döwlet dolandyryşynda bu prinsip hiç bir ýagdaýda ownadylmaly däldir.
Kese ýerlileriñ Atatürki öwýän sözlerini tekstden gyrkyp terjime etdirmän[7], gaýtam tersine belent heñ bilen dolulygyna terjime etdirmek gerek.
Türkiýe yslam dünýäsinde köpçülikleýin çaknyşyklardan uzak ýagdaýda ýaşaýan bolsa, muny ilkinji nobatda Atatürke we dünýewilige, galyberse-de onuñ döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşyna ornaşdyran prinsiplerine borçludyrys...

Ömer SAGLAM.

20.08.2021 ý.
_____________________________
[1] https://diyanet.nl/dinimiz/islamin-temel-sartlari/
[2] https://www.timeturk.com/genel/taliban-lideri-kimdir-taliban-lideri-molla-abdulgani-birader-kimdir/haber-1697783
[3] https://www.yenicaggazetesi.com.tr/taliban-lideri-baradar-ve-iran-dini-lideri-humeyni-arasindaki-baglanti-cok-konusulacak-469552h.htm
[4] https://www.cnnturk.com/dunya/45-gunde-ulkeyi-ele-gecirdiler-talibanin-4-atlisi & https://www.superhaber.tv/afganistanin-yeni-lideri-abdulgani-birader-kimdir-haber-353266
[5] https://www.youtube.com/watch?v=llX-1pnNEkA
[6] https://www.superhaber.tv/afganistanin-yeni-lideri-abdulgani-birader-kimdir-haber-353266
[7] https://t24.com.tr/haber/cumhurbaskanligi-tercumanindan-ataturk-sansuru-etiyopya-basbakani-nin-ataturk-u-ovdugu-sozler-ceviride-yer-almadi,973049


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 95 | Добавил: Gökböri | Теги: Ömer Saglam | Рейтинг: 5.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 3
0
3 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Arap we yslam ýurtlary bilen özara gatnaşyklarymyzy umumy dini ynançlara we hamhyýallyga beslenen halyfat arzuwy bilen däl-de, edil medeni dünýäniñ beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslanyp gurnamak wajypdyr.

- makalaň şu bölegi hemme zady aýdypdyr, molades

0
2 Tumarly   [Mowzuga geç]
Cahili çok olan ülkenin şeytana ihtiyaci yoktur

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]