20:19
Haýsy çep... haýsy Owganystan...

HAÝSY ÇEP... HAÝSY OWGANYSTAN...

Talibanly gürrüñi geçen hepde çekişme bilen däl-de, goh-galmagal bilen geçirdik. Her kes Talibanyñ "bir ýerinden tutup", şoña görä pikirini aýtdy. Mysal üçin, "biziñ mähellämiz" Dogu Perinçegiñ "Taliban imperializme garşy göreşýär" sözüniñ üstünde jedelleşdi.
Näme bolýandygyna gowy düşünmek üçin sizi ýetmişinji ýyllara äkideýin:
Birinji anyklama: Päkistanda 1971-nji ýylda saýlawlar bilen häkimiýete gelen Zülfikar Ali Buttonyñ Päkistan Halk partiýasy sosializm bilen dini badaşdyrýan "yslam sosializmini" durmuşa geçirip başlady. Birdenem onuñ garşysyna bolan döwlet agdarlyşygy bolup geçdi, ölüm jezasyna höküm edildi.
Ýerine agdarlyşykçy Ziýa ül-Hak oturdyldy. ABŞ bilen arasy kesilen gatnaşyklar täze şekile girdi: ABŞ-nyñ Prezidenti Jimmi Karteriñ döwründe "Ýaşyl Guşak" maksatnamasy (SSSR-i öz içinden yslamy tolgunşyklar arkaly dargatmak üçin goñşy ýurtlarynyñ çepçilere garşy musulman ýurtlar tarapyndan gabawa alma meýilnamasy) syýasatyny goldady...

Ikinji anyklama: Gündogar Päkistanda iñlislere garşy garaşsyzlyk ugrunda göreşip, 1971-nji ýylda Bangladeş Musulman Halk Respublikasynyñ Prezidenti bolan Mujibur Rahmanyñ garşysyna 1975-nji ýylda döwlet agdarylyşygy bolup geçdi we maşgala agzalary bilen bile ölüm jezasyna höküm edildi.

• DOWAMY-DA BAR

Üçünji anyklama: Müsürde patyşalyk režimini ýykyp, Birleşen Arap Respublikasyny guran Arap Sosialistler birleşiginiñ düýbüni tutujy Nasyryñ Suweýş kanalyny millileşdirmegi bilen başlap, Ysraýyl urşy bilen dowam eden garaşsyzlykçy pozisiýasy 1970-nji ýyldaky duýdansyz ölüminden soñ togtady. Häkimiýete gelen Enwer Sedat amerikanparaz daşary syýasaty ýöretdi...

Dördünji anyklama: Eýranda çepçi-yslamçy toparlaryñ ýaranlygy 1979-njy ýylda rewolýusiýa geçirip, şany tagtyndan agdardy. Demokratiýany şygar edinip häkimiýete gelen we imperializme garşy birleşen frontyñ gerekdigini öñe süren Homeýni gazanan ýeñşinden soñ ýaranlyk şärikdeşlerini dargadyp, Eýrandaky monarhiýany yslam respublikasyna öwürdi.
Jemlär bolsam:
Aziýada ýetmişinji ýyllarda yslamçy sosialist şemaly öwüsýärdi: Kaddafi, Hafyz Esat, Saddam Hüseýin häkimiýete geldi. ABŞ Ýakyn Gündogarda SSSR-e ýakyn durýan häkimiýetleriñ öñüne taýak oklamaga jan etdi.
Geleliñ Owganystana...

Bäşinji anyklama: 1965-nji ýylyñ 1-nji ýanwarynda Nurmuhammet Taraky we Babrak Karmal Kabulda 25 egindeşi bilen bile SSSR-e ýakyn durýan Owganystan Halk demokratik partiýasyny (PDPA) gurdy. Partiýa şol ýylky saýlawda dört halk deputatyny öñe çykardy. SSSR-e ýakyn döwrebaplygyñ tarapdary Dawut hanyñ öz çykany Zahir şany 1973-nji ýylda tagtdan agdarmagyna we Owganystan respublikasynyñ gurulmagyna ýardam etdiler. Emma olaryñ Dawut han bilen aralary bozuldy, hökümetden daşlaşdylar. Olar 1978-nji ýylda Owganystanyñ Ýaragly Güýçleriniñ düzümindäki çepçi ofiserler bilen bileleşip "Saur rewolýusiýasyny" geçirdiler we Owganystan Demokratik Respublikasyny gurdular.
Mundan beýläk Owganystanda-da sosialistler iş başyndady...

• FRAKSION PARTIÝA

Owganystanda häkimiýete gelen PDPA köp bölekli fraksiýa partiýasydy. Ýurt heniz feodalçylyk we tire-taýpa düzgüninden çykyp ýetişmändi. Ýogsam bolmasa partiýanyñ düzümindäki toparlar etniki däl-de synpy göreş alnyp barýandyklaryny aýdýardy!
Meselem… “Settami Milli” fraksiýasynyñ agzalary puştun fraksiýasyna garşy pars dilinde gürleýän täjiklerdir özbeklerden ybaratdy.
Meselem… Puştunça “halklar” manysyny berýän “Khalq” fraksiýasy bardy. Olar garamaýak puştunlardan ybaratdy. Ýolbaşcylary-da Tarakydy.
Meselem... Karmalyñ ýolbaşçylyk edýän (şäherli intelligentleriñ düzýän) "Perşem" ("Baýdak") fraksiýasy bardy.
Iki uly fraksiýanyñ düýp tapawudy şundady:
Taraky berk düzgün-nyzamly işçiler synpynynyñ partiýasyny gurup, rewolýusiýany klassyky leninistik terzde amala aşyryp biljekdigine ynandy...
Karmal bolsa Owganystanyñ leninistik strategiýa heniz taýýar däldigini we ýurdy sosialistik rewolýusiýa ýakynlaşdyrmak üçin watansöýüji we anti imperialistik güýçlerden jemlenen döwlet derejesindäki demokratik fronty goldamagyñ gerekdigini öñe sürdi...
Netijede olar 1978-nji ýylda harby döwlet agdarlyşygyny geçirip häkimiýete geldiler: Taraky premýer-ministr, Karmal premýer-ministriñ esasy kömekçisi boldy...
Agdarlyşyga birinji garşylyk Hytaýdan geldi. Hytaýyñ Owganystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilcisi Huang Ming-Ta “täze režime inkär edip bolmajak şekilde sowet tarapdarlary agalyk edýär" diýdi.
Hytaýyñ bu bolşunyñ sebäbi: Tarakyny öldürip 1979-njy ýylda häkimiýete gelen ABŞ-da ylymlaryñ doktorlygyny alan Hafizulla Eminiñ ABŞ bilen arasy gowudy.
Üç ýarym aýdan soñ sowet goşuny Kabula girip Emini öldürdi. Sürgündäki Karmaly döwlet ýolbaşçysy wezipesine oturtdy.
"Sowuk uruş" dowam edýärdi, bir ýanda amerikan-hytaý, bir ýanda Sowet Soýuzynyñ lagerleşmesi bardy.
Sowet Soýuzy Owganystana goşun salanda Hytaý mojahetleriñ tarapyny tutdy, tälim beriş lagerlerini öz çäklerine çekdi. Hytaýly harby geñeşçiler mojahetlere harby tälim berdi: zenit, raketa, pulomýot ýaly ýarag kömegini etdi.
Dogu Perinçegiñ Hytaýyñ bolşuna çalymdaş bolşunda kyrk ýyllap üýtgän zat ýok. Galyberse-de, PDPA-nyñ içindäki (Hindistandaky maoçy Çaru Mazumdaryñ pozisiýasyndaky) “Ebedi ataş” fraksiýasy-da jihatçylar bilen hyzmatdaşlyk edipdi.
Ýeri onsoñ, Perinjegiñ nämesine geñ galýarlar?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 31.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 96 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/2
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Ine, syyasatyñ oyny.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]