07:26
Haýp
HAÝP

(Degişme äheňinde)

"Boldy.
Besdir.
Hol deräniň göwsünde
Özüme ümsümje çadyr guraýyn."
(Gurbannazar Ezizow).


Şeýleräk karara gelerçe boldy,
Gulaga hoş ýakýar. (Neneň onda-da!)
Iri-ownuk ünji, aladadyr iş
Barçasyny düňderip bir zarbada
Oklamaly zir-zibile oklan dek
Yzyňa garaman gaçmaly hökman.
Çadyr agtarmaly, tapmaly çadyr,
Boljakdyr, ynanýan, ruhuma lukman.
Mejnun çöle çyksyn, men ýaýla çykjak,
(Meňzetmäň nä, ýanaňog-a söýgüden)
Ýel nirä öwüsse şo ýana baka
Melul göwnüm durky bilen öwrüler.

Şeýleräk karara gelerçe boldy,
Dertler durnaň üstüne bir urnady.
Huşum gursun, çykaýypdyr ýadymdan,
Haýp, men başaramok çadyr gurmagy.

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Aksary | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Tumarly   [Материал]
Gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]