14:36
Hatasyz ýarag
HATASYZ ÝARAG

Sähra jandarlary üýşüp gelende,
Şagal söz sözledi çykyp belende:

- Şir agam bolmasa, gaýdardy işim,
Bişen gawuna-da ötmezdi dişim.

Kim Şir üçin ölse, men şolañ biri,
Ölýänçäm alkyşlap gezerin Şiri.

Göýä başga zada berýän dek ünsüñ,
Märekäñ öñünde Şir otyr ümsüm.

Dodaklaryn ýalap, ýuwdundy, dymdy,
(Şir dymýarka, oña "Goý" diýjek kimdi?).

Şagala wezipe ýetdi şo gije...
Öwgüden Şir öldi - ine, netije.

• Şagalyñ portreti

Şagalyñ elinde şirmaýy dark,
"Ýeri, kel Şagala ol nämä gerek?"

Gürmek ýelmeşipdir Şiriñ ýalyna,
Hasanaklap barýar şonuñ ýanyna.

Baýram ÇOMMADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Baýram Çommadow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]