10:01
Häsiýetim üýtgemedi / satiriki hekaýa
HÄSIÝETIM ÜÝTGEMEDI

Häsiýet adamda soň döreýär diýýärler welin, gorkaklyk, batyrlyk häsiýetleriniň soň döreýänine-hä ynanasym gelenok. Meniň pikirimçe, ol häsiýetler her adam dünýä gelende onuň özi bilen bile gelýän bolmaly. Hany ony subut edip biljek mysalyň barmy diýjegem bardyr. Oňa anyk subutnamam bar. Ol meniň hut özüm. Meniň özümi bilip, esasy hemram gorkaklyk häsiýetim. Haýsydyr bir zatdan gaty gorkup şeýle bolandyr öýtseňem, o-da däl. Eger beýle waka bolan bolsa ýadymda galardy ýa-da ejem aýdardy ahyry. Diýmek, hiç zat bolan däldir.
Eger käbir häsiýetler soň döreýär ýa-da adam ulaldygyça üýtgeýär diýilse, o-da däl. Gorkaklyk häsiýetim batyrlyga öwrüljek bolsa-da öwülerçe boldy. Emma gorkan wagtymda çagalygymdaky ýaly wägirip duramok diýäýmeseň, ençe ýylyň içinde üýtgän zat ýok. Şo-ol gorkaklygym ýanymdan aýrylanok.
Özüme gorkak diýsem, öňünden çykan ähli zatdan gorkup ýören züwwetdinlerdendir öýdäýmäň! Ýok, ýok, edil beýle-de däl. Meniň iliň gaty bir gorkmaýan zadyndan gorkmak häsiýetim bar. Ine, meselem, il ýylandan gorkýan bolsa, meniň üçin onuň gorkuly zady ýok. Öňümden çykan ýylany edil bir bölek ýüp göteren ýaly, elimde sallap ýörün. Ýöne şol wagt öňümden bir gurbaga loňk edip çykaýdygy, gutardygy. Elimdäki ýylanam taşlap, honda gaçyp barýandyryn. Eger-eger onuň ýanyna barmag-a däl, ýüzüne-de garap bilemok. Gurbaganyň bar ýerine git diýileninden, içi ýylandan doly gurruk guýa girip çyk diýilenini müň paý gowy görýärin.
Meniň üçin içýanyň, möýüň hiç hili gorkuly zady ýok, ýöne bir ýere gidip barýarkam öňümde çekirtge bökäýse, boldugy, şol tarapa ädim ätjek gümanym bolmaz. Allaowarradan aýlanyp geçerin welin, öňe tarap aýagymy atmaryn.
Gorkynyň etdirmejek zady ýok. Okuwçy döwrümdi, ekinçilikden ýöräp barýarkam, egnime bir zat düşen ýaly boldy. Seretsem, indiki böküşe häzirlenip bir çekirtge otyr. Ony bökmäge ýetirmedim, şeýle bir gygyryp gaçdym welin, şonda, eger çekirtgäniň eşitgir gulagy bar bolsa, ýüregi ýarylyp ölen bolmaly. Onda-da men onuň gaçanyny-gaçmanyny bilemok, aýagaldygyna gaçyp barşyma, oglanlaryň, «Dur-eý, köýnegiňi alyp git» diýen seslerine saklandym. Seretsem, egnimde köýnegim ýok. Şol gaçyp gelşi-me, janhowlum köýnegimi iki bölüp çykaraýypdyryn.
Meniň üçin gorkunç jandarlaryň ýene-de biri syçan. Öýüň bir otagynda syçany görmeg-ä beýle-de dursun, onuň bardygyny aýtdyklary bes, meniň ol otagyň gapysyndan barmam bolmaz. Syçanly otagdan bir zat alyp çyk diýileninden, ýüpüne towsup duran ýarak iti idip getir diýseler, göni şoňa tarap giderin.
Meniň gorkaklygym oglanlara-da hezil berýär. Başga gülere zat tapmasalar «Ana, çekirtge», «Ana, gurbaga», «Ana, syçan» diýip gorkuzyp, gülüşerdiler. Menem esasy gorkýan zadym şolar bolansoň, olaryň gülkülerine kaýyl bolup oňaýardym. Oglanlar meniň gorkaklygymyň üstünden gülýänem bolsalar, hemişe bir gyz meni köşeşdirýärdi. Oglanlara-da käýärdi. Özem çekirtgäniň gorkunç däldigini ynandyrjak bolup, ony tutup görkezerdi. Gurbagany dagy iki çöpe gapjadyp tutaýardy. Şonda-da ol meniň gorkak häsiýetimi aýryp bilmedi.
Indi ullakan adam bolaňsoň nähili ýaşaýaň diýmegiňiz mümkin. Henizem şo-ol çagalygymdaky «ýagylarymdan» gorkman duramok. Ýöne şol döwürden meni goraglap gelen gyz, soňlaram goragsyz oňmajagymy bildi öýdýän, «Men sensiz nädip oňarkam?» diýen sowalyma «Seni ömürlik öz penama alaýaryn» diýdi-de, baky hemrama öwrüläýdi. Indi ol hem-ä meni, hemem ikimizden önen çagalary çekirtgeden, gurbagadan, syçandan goraýar, menem olary it-guşdan, ýylan-içýandan goraýan. Garaz, durmuş gorkaklygyňy batyrlyga öwürmese-de, ýaşamaga-ha pursat döredýän ekeni.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 407 | Добавил: Raýdaş | Теги: Nurberdi Dädebaýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Gozellik_   [Материал]
Ây-way-ey. Bi nâhili bolyar-ay? Oglan gyzy dâl-de, tersine gyz oglany gorasa nahili bor-ay?

0
1 Kiparis   [Материал]
Düşdüşem goşmaly eken üstüne

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]