14:58
Häsiýet
HÄSIÝET

Suw bermän, bilkastdan tebsiretdiler,
Ýallaman, bilkastdan ajykdyrdylar.
"Señ paýyñy iýýär ho-ol tazy" diýip,
Onuñ garşysyna öjükdirdiler.

Torture ýaly tos-togalak ol güjük,
Ylla janawerde köýen dek ary.
Il bilen işi ýok ýuwaş tazyny
Dalamaga taýyn dogaly bäri.

Şäheriñ gezelenç meýdançasynda
Bu gün ýene gördüm şol tanyş oýny:
Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar
Agyz uraýmaga ysanok bogny.

Gapdalynda ol güjügiñ eýesi
Guwanç bilen synlap onuñ üýrüşin.
Makullaýar oñ dişlerin syrtardyp
Ýognan boýnun haýbat bilen düýrüşin.

Tazy bolsa düşünenok hiç zada
Ol güjügiñ urýan azmyna haýran.
Men näme ýamanlyk etdimkäm oña
Diýýän ýaly diñşirgenip dur haýwan.

Eýesi güjükden, güjügem ondan
Göwnühoş boluşyp dur, hanha, olar.
Güjükkä häsiýetin synlap haýykdym,
It çykaýsa dagy nähili bolar?!.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Hakykaty aydyp yazylan gosgy eken Dogrudanam bu wagt adamlar tomaşa görjek bolsa birini beýlekiň üstüne küşgüräýýä adamlaryňam şol güjükden tapawutlary yok kim näme diýse ynanýalar çig süýt emen bendeler çynmy ýalanmy anyklajagam bolmaýarlar diýjek bolanym şol haywanlaryň (tazy,güjük) üsti bilen adam häsiýetleri açylypdyr çagalar kiçiliginden girrik bolup özünden ejize degse ene-atada haý- küş diýman şol güjügin eýesi yaly guwanyp dursa ertesi özünede zyýany ýeter gynansagam muňa düşünmeýänler bar. UMUMAN gosgy gaty gowy

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Durmuşuň özi ýaly saldamly mazmun. Adam çar tarapdan özüne atylýan daşlaryň sebäbini doly bilmeýär. Diňe bir daşyň bahyllykdan, biriniň görüplikden, yene biriniň içigaralykdan we ş.m bilýär. Ajaýyp goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]