20:59
Has Türkmene / Degişme
HAS TÜRKMENE / DEGIŞME

Sözüm olmasa-da, birdem sözläýin,
Ýakyn tutunara ýadam galmady.
Ýoda ýitdi, ýoly kaýdan gözläýin,
Barçany gam basdy, şadam galmady.

Aýak asta düşdi talant, zehinliler,
Merde  döndi ýaranjaňlar, pullular.
Kerim Hally, Han zalym, ýene ýeneler...
Olardan sypmaga “hodam” galmady.

Neýlerem, tersinden öwüsdi ýeller,
Gapyldy göreçler, lal oldy tiller.
Ýaýnady lolular, “Ile belliler”,
Mertligiň nyşany “zadam” galmady.

Ykbal bizni ne nesibä süýredi,
Mert kişileň syrtyn ýapa diredi.
Gawun gurçuklady, garpyz çüýredi,
Mala berer ýaly kädem galmady.

"Magtymguly, söz manysyn çuň eýle",
Içiň gyssa, saza ýapyş—heň eýle.
Wepa agam, mahal-mahal jaň eýle,
Salamlaşar ýaly adam galmady.





Категория: Goşgular | Просмотров: 271 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şirhan Allaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021



Всего комментариев: 4
0
4 Mahymm   [Материал]
Yaprakdökimi95 menem ilki ilkiler Kerim Halla gowy şahyrdyr öýderdim. Onuñ goşgularynyñ käbirini şu saytda paylaşdymam. Yöne onuñ goşgularyna edilen belliklerden soñ pikirim üýtgedi smile
http://kitapcy.com/search/?q=Kerim+Hally

0
3 Jeylan   [Материал]
Barçany gam basany hakyky. Käte dilli bolanyñdan lal, kör bolmagam erbet bolonok smile

Sözüñ olmasa-da birdemde baryny birden aydypsyñ şahyr, Has Türkmen kimka? Goşgudaky
Wepa agam diýen Has Türkmenmi?

0
2 Jeylan   [Материал]
Has Türkmen kim indi? Adam gutaryp dünya şoña galypdyrmy? Goşgy şey diyip durmy? Kerim Hally gowy şahyr, Hanzalymy tanamok.
"Lolylar, belliler" diýip kimi göz öñünde tutup ýazdymykan? Magtymguly ýazypdyrmy goşgyny? Familyasy kimka bi goşgyny yazan Magtymgulynyñ? Yazyş täri erbedem däl yaly

0
1 Pegas   [Материал]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]