17:21
Haraba
HARABA

Onsoň,
Depdim, açdym gapysyn,
Tutuş kerepläp ýatan,
Ýürek harabasynyň,

Görsem,
Çyralarny gatlak-gatlak çaň basan,
Aýnalaryn kir basan.

Onsoň,
Köp ýyllaryň kereplerini çirkizdim,
Itlerimi köşgürip harabanyň baýguşlaryny ürküzdim.
Syrdym,
Süpürdim,
Aýnalardan ätledim,
Çyralary otladym,
Saňa garaşdym,
Sen gelmediň.

Onsoň,
Aýralykly gijeleriň,
Goşun çekdim üstüne,
Tümüň ýyrtyp ýaşmagyn,
Destine,
Çar tarapdan doguryp,
Söýgi güneşlerimi,
Asdym gögüň boýnundan,

Onsoň
Ezdim,
Üýşmeleñin tümlügiñ
Dört burçuna jahanyň,
Uçuryp men guşlarym,
Gündizden gün gijede,
Saňa garaşdym,
Sen gelmediň.

Onsoň,
Galkyndyryp ruhumy,
Ganat ýasap barmaklarmyň bognundan,
Dogjak ýerine çyn daňyň,
Ýene boldum uçurym.
Baş egdiler ýolumda,
Ýygryp daglar alkymyn,
Maňa salam berdiler,
Uly-uly deňizler,
Pürküp göge tolkunyn.

Ýetip günüň ornuna,
Ýuwdup tutuş nuruny,
Oda saldym tenimi,
Meň tenimiň küllerinden,
Böwsüp galdy güllerim,
Saňa garaşdym,
Sen gelmediň.

Onsoň,
Hapalardan boşadyp,
Ýüregmiň harabasyn,
Ýagtylykdan doldurdym asmanyň arabasyn.
Saňa garaşdym,
Sen gelmediň,
Ýene saňa garaşdym,
Sen gelmediň.
Aÿlar geçdi, ÿyllar geçdi deñimden,
Ynha bugün iň ahyrky demimde,
Sen geldiň!
Bu dem,
Iň bagtly adam men.

Ybrahym B. 2003





Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 mango   [Материал]
Görsem,
Çyralarny gatlak-gatlak çaň basan,
Aýnalaryn kir basan.

"çyralarny" bolany üçin "aýnalarny" gowy ýaly....

Görsem,
Çyralarny gatlak-gatlak çaň basan,
Aýnalarny kir basan.

0
7 Taryhçy   [Материал]
Paýlaşyp dur Ibrahim bey

2
6 Bilbil   [Материал]
Onsoň,
Galkyndyryp ruhumy,
Ganat ýasap barmaklarmyň bognundan,
Dogjak ýerine çyn daňyň,
Ýene boldum uçurym.

Hemişe ruhuňyz belentde bolsun! Galamyňyzam ýiti bolsun! Ybrahym aga paýlaşyp duruň goşgularyňyzdan.

1
5 Mähriban   [Материал]
"Onsoň" sözi bilen başlanýan goşgy. Diýseň haladym. Siz hemişe we hemişe iň bagtly adam boluň, Ybraýym halypa!

1
4 Haweran   [Материал]
Jemleme nähili ajaýyp!
Edil "Görogly eposyndaky ýaly:

"Ýagşy ýetsin myrada,
Ýaman galsyn uýada.
Olam galyp näm boljak,
HEMME ÝETSIN MYRADA!"

1
3 Haweran   [Материал]
Iñ täsin ýeri:

"Hapalardan boşadyp,
Ýüregmiň harabasyn,
Ýagtylykdan doldurdym asmanyň arabasyn..."

1
2 Haweran   [Материал]
Täsin söz öwrümi:

"Ýetip günüň ornuna,
Ýuwdup tutuş nuruny,
Oda saldym tenimi,
Meň tenimiň küllerinden,
Böwsüp galdy güllerim..."

1
1 Haweran   [Материал]
Goşgy gowy. Maña iñ täsirli eden ýeri:

"Baş egdiler ýolumda,
Ýygryp daglar alkymyn,
Maňa salam berdiler,
Uly-uly deňizler,
Pürküp göge tolkunyn."

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]