19:55
Hanym maýmyn / satiriki hekaýa
HANYM MAÝMYN

Demir kapasanyň içinde ondan gowrak maýmyn bardy. Höwürtgäñ çyrpysynyñ üstünde oýnaýan sirk akrobatlary ýaly her dürli oýun edýärdiler. Diňe içlerinden biri Rodeniň “Oýlanýan adam” heýkeliniň durşy ýaly sarsman-gymyldaman oýlanyp otyrdy. Içimden “edil adam-da!” diýip pikir öwürdim, "edil adam"! Bu, şimpanzeden uly, meniň bilmeýän maýmynlarymyň bir görnüşindendi. Biz biri-birimize seredip, kän durduk:
– Bir bärik seredäýiň-dä?
Kapasanyň öňünden aýrylanymsoň, ikilenç gygyranda yzyma öwrüldim:
– Size diýýärin, jenabym. Birje minut meni diňläp bilmersiňizmi?
Dem alman oýlanyp oturan maýmyn indi gepläp otyrdy.
– Sizmi gepleýän?
– Ýuwaşrak bolaweriň, maýmyn terbiýeçisi göräýmesin, ol meni gürlemäge goýmaýar.
– Emma siz adam ýaly gürläp dursuňyz-a.
– Hawa… Çünki men adam-da.
– O nähili? Adammy näme siz? Onda bu kapasanyň içinde näme işläp ýörsüňiz?
– Kapasa giren adam diňe men däl-ä… Kimsi maşgala guransoň kapasa girýär, kimsi ondan öñ girýär. Siz, heý, kapasa girip görmediňizmi?
– Sen maña seretme. Men, hem ýazyjy, hem satirik. Şeýle bolansoň, “Kapasa-da ýolbars gerek” diýip, menem kämahal içeri ataýýarlar.
– Jenap satirik ýazyjy, sizden bir haýyşym bar.
– Baş üstüne, jenap maýmyn…
– Men jenap däl, hanym…
– Gulak asýaryn, hanym maýmyn.
– Maýmyn däl men diýýän size, men adam...
– Bärde näme işiňiz bar onda, düşünmedim-le…
– Menem size şony aýtjak bolýan-da. Men kinonyň muşdagy. Birmahallar Greta Garbonyň janköýeridim. Onuñ deý täsin durmuşda ýaşamaga başladym. Saçymy Greta Garbo ýaly eginlerimiň üstüne ýaýyp goýberýärdim. Wah, meni şol wagt bir gören bolsadyňyz... Soňra meni Marlen Ditrih özüne çekdi. Gaşymy jüptek bilen ütdüm, özümi şoňa meňzetdim. Ýüzüme Marlen Ditrih kimin sarymtyl pudra çaldym. Edil şonuň ýaly owurtlarymy içine çekerdim. Birdenem Sara Leander orta çykdy. Menem oňa öýkünmäge başladym. Şoň oturşy ýaly hajathana oturyp, soň sesi ýaly sesimi bogup aýdym aýdardym.
– Hanym, haýyş edýärin, siz bärik nämüçin geldiñiz?
– Menem size şony aýdýan-da. Sara Leanderden soň meniň üçin idol Klara Bou boldy. Saçymy goýy gara reňke boýadym. Dolmuşlaşdym. Şoh-şahandaz aýala öwrüldim. Emma Jin Harlouny göremsoň, meň üçin, bu açyk sary saçly ýyldyz model boldy. Saçymy platina sary reňke boýadym. Bilimi inçeltjek bolup korsetli gezdim. Gaşymy gyl ýaly inçeltdim. Gynansak-da, Jin Harlou uçar heläkçiligine uçrap aradan çykansoň, meniň modelim Weronika Leýk boldy. Edil Weronika ýaly, saçym bir gözümiň üstüni ýapýardy. Dodagymy onuň edişi ýaly galyň, dolmuş, gyp-gyzyl edip boýaýardym.
– Haýyş edýärin, hanym, menden näme isleýärsiňiz?
– Sabyr edip meni bäş minut diňleseň, näme isleýändigimi bilersiňiz. Weronikanyň modasy çalt geçdi. Elizabet Teýloryň ýyldyzy parlady. Menem onuň ýaly boýanmaga başladym. Onuň ýaly gaşymy alabeder etdim. Gören maña “ýerli Elizabet” diýýärdi. Emma Rita Haýwort Aga Hana äre çykdy welin, saçymy gyzyla boýadym. Ýüzüme laýyklap oñky ýaly menek goýdurdym. Soňabaka Merilin Monro tapawutlanyp başlady welin, menem ýüzümiň we tenimiň şekilini üýtgedip, Meriline meňzedim. Kim görse “Biziň Merilin Monromyz” diyýýärdi.
– Bagyşlaň, gyssagly işim bar, maňa rugsat beräýseňiz.
– Boldy, boldy, soňuna ýetiberdik indi. Bir ýagşylyk etmek isläňzokmy?
– Haýyş, näme aýtjak bolsaňyz çaltrak aýdaýyň-da.
– Odri Hepbýorn orta çykanda meni bir gören bolsadyňyz. Erkegiňki ýaly gysgajyk saçymdan başlap bar zadym Odriñki ýaly boldy. Emma Jina Lollobrijida bar zady üýtgetdi oturyberdi.
– Düşündim. Jina meňzediňiz. Soňam Sofiýa Lorene öýkündiňiz.
– Hawa, nädip bildiňiz? Aýdyşyňyz ýaly-da!.. Iň soňky gezek özümi Greýsi Kellä meňzedipdim. Onuň ýaly uly şlýapalary geýýärdim, onuň ýaly boýanýardym. Ele düşýänçäm durmuşym şeýdip geçdi.
– Näme diýdiňiz, ele düşýänçä diýýäňizmi?
– Hawa. Bir gün köçeden ýöräp barýarkam saklap şu taýyk getirdiler. “Beýtmäň, men adam ahyryn!” diýip, zaryn-zaryn gygyrsamam, diňlän bolmady.
– Suda arz etmeli ekeniňiz.
– Etdim. Meni ekspertiza ugratdylar. Eskpertlerem maýmyn diýip güwänama berdiler. Şindi sizden etjek haýyşym: iň soňky meşhur ýyldyz kim, aýdyp bilersiňizmi? Nähiliräk geýinýär, nähiliräk boýanýar, saçlary neneň? Pozasy, gürleýşi nähili?
Edil şol wagtam haýwanlara esewan edýän gözegçi geldi. Ol meniň bile gürleşip duran maýmyna:
– Ýene öñki heňiňe başladyňmy? – diýip gygyrdy. – Häzirem maýmyn däldigiňe ynandyrjak bolup samyrdap otyrsyňmy?
Ol elindäki taýak bilen biçäre haýwany ýenjip başlady. Men haýwan seredijiň elinden tutdum:
– Seň bu edýäniň adam hukuklaryna ters gelýär – diýdim. – Adamy nädip beýle urup bilýärsiň?
Haýwan gözegçisi:
– Jenap, siz şu maýmynyň sözüne ynanýarsyňyzmy? – diýdi. – Haýyş edýärin, şuñ tüýsüne serediň! Gaşyna, gözüne syn ediň. Maýmyndan tapawutlanýan ýeri barmy? Munda heý adam sypaty barmy? Munuň adamzat bilen galtaşýan ýeri galypdyrmy özi?
Kapasadaky aýaly ünsli synladym. Hakykatdanam haýwan gözegçisi dogry aýdýardy.
– Hawa, maýmynam ýaly-la...
– Elbetde, maýmyn! Ähli professorlar, lukmanlar gözden geçirip onuň maýmyndygyna güwä geçdiler.
Men uzaklaşyp barýarkam, hanym maýmyn maňa:
– Ah, jan dogan, şindi haýsy ýyldyzyň owazasy güýçli, aýdaýyñ-da?.. – diýip özelenýärdi.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 215 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 3.8/4
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 24
0
24 mango   [Mowzuga geç]
Dogry, Gökböri.
“Kemsitmek” diýsek has dogry boljak eken.

-2
20 olyarecep27   [Mowzuga geç]
Ayrıca unutmadan söylemekte fayda var: Çeviri işi tahmin edileceği üzere hiç de kolay bir iş değildir çünkü çevirmen olmak; iki dili de çok iyi bilmeyi, bu iki dil arasındaki ortak noktaları bulup birbirine başarılı şekilde bağ kurmayı gerekli kılar. Her şeyden daha önemlisi ise yazarı ve eseri çok iyi tanımayı, onlarla nefes alıp vermeyi gerektirir. Has Türkmen Bey bunu oldukça ileri seviyede gayret sarfetmiş olduğunun altını çizmekte fayda var. Hakkını vermiş. Gerisi teferruat.

0
21 mango   [Mowzuga geç]
Olýa hanym hoş geldiňiz.
Ilkinji teswiriňiz meniň adresime degişlidigine begendim.
Kitapçada hoş geldiňiz. Nesip bolsa aktiw kommentleriňize garaşýarys.
Aýd
Bellikleriň bilenem ylalaşýan, ýekesinden başgasyndan.
“Köpçüligiň içinde berilen maslahat, maslahat däl-de masgaralamakdyr” - aslynda, munuňam dogrulyk paýy bar, ýöne edil biziň wakamyzda bu nädogry.
Terjimeçi zähmetini köpçülige hödürlänsoň, kem-käs ýerleriniň bellenilmegini özüni masgaralanmak hasap emeli däl.
Terjimeçi, öňem bir gepinde aýdypdy, bu ýagdaýa položitel garaýanyny, bu ýerde-de dogry hasaplan bellklerine görä tekstini redaktirländigini hem belläpdir….
Gysgaça, “galamyňa bereket, şowly terjime, hakkyny wermiş….” ýaly sözlerden beter kem-käs gözden gaçan ýerlerini tapyp kömek edilenini meniň özüm-ä dogry hasaplaýan.
Ýene bir gezek saýta hoş geldiňiz.

-1
22 Gökböri   [Mowzuga geç]
Olýa hanym ýalñyşmasam öñem agza bolmaly.

-1
23 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hakaret sözüni ýalñyş terjime edýäñ Mango gardaş. Hakaret - masgaralamak bolanok. Aşağılamak - masgaralamak bolýar.

-2
19 olyarecep27   [Mowzuga geç]
Kelimelerin üzerinde durulurken hikâyenin konusu ve verilmek istediği mesaj arka planda kalıyor. Kaldı ki kelimelerin anlamı bile siz dahi sözlüğe bakarak yazıyorsunuz. Dünya klasik tercüme eserlerine bakarsanız mütercimler farklı şekilde tercüme ediyor. Çünkü zihinleri farklı ve kelime dağarcığı farklı çalışıyor. Herkes aynı cümle kuracaksa Dilbilim yan anlam ve düz anlam niye var.
Ayrıca birine toplum önünde verilen tavsiye tavsiye değildir hakarettir. İllaki eleştirilecekse o zaman özetle hatalı diyebilirsiniz.

0
Şynyñ bir balyjak hakda hekayasy bardydarayt. Şony goyup bilmersiñizmi??

0
16 mango   [Mowzuga geç]
Eziz Nesiniň aýallary maýmyna meňzetmesini geň galdym.
Gowy hekaýa eken.
Terjimede kabul eden belliklerimi gözden geçirse erbedem däl.
Terjimeçem ukudan galandyr welin, menem sözme söz deňeşdirip ukudan galdym.
Sagat 03;20.
Biraz ýataýyn.
(maňa nämäde garaşýan) :-)

0
14 mango   [Mowzuga geç]
Bu sırada hayvan terbiyecisi geldi.
Edil şol wagtam haýwanlara esewan edýän gözegçi geldi.

Hekaýaň başynda terbiýeçi diýip alyp başlapsyň.
Terbiýeçi ýa gözegçi, haýsam bolsa biri gitse.

(dowamy bar)

0
13 mango   [Mowzuga geç]
Yüzüme mahsustan onun gibi çiller yaptım.
Ýüzüme laýyklap onuň ýaly çil çyzdyrdym.

Mahsustan diýýäni - конкретно, особенно ýaly manylary bar.
Belki “ýüzüme edil onuňky ýaly menekler çyzdym” diýmelidir.
Ýa-da “ýüzüme laýyklap onuňky ýaly menekler çyzdym“
—-
“çil ýapmak” hem “çil çyzdyrmak” däl.
Çil - веснушка, ýagny menek.
Sizdäki çil - ýapmy? Ýa men ters düşündimmikäm?

(dowamy bar)

0
12 mango   [Mowzuga geç]
Onun gibi kaşlarımı püskül püskül yaptım.
Onuň ýaly gaşymy alabeder etdim.

püskül
1. ipekten, sırmadan ya da herhangi bir iplikten yapılan, süs olarak bir ucundan bir şeye bağlanan, öteki ucu serbest saçak durumundaki iplik demeti.
2. mısır ve benzeri kimi bitkilerde tohumun, meyvenin ucundaki saçak biçiminde oluşum.

Püskül - seçek bolaýýar öýdän.
Ýöne gaşlaryň seçe deňelmesine menem düşünmedim.
Ol aýdmçyň suratyny gözläp gördüm welin seçek gaşy ýok eken, belki galam gaş diýmelidr?
Ýöne püsküliň çotga manysam bar eken.. biz galam gaş diýsegem bolarmyka diýýän.

(dowamy bar)

0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öñinçä hekaýada ady tutulan aktrisalaryñ suratlaryny birlaý gözden geçirip çykdym, ylaýta-da Elizabet Teýloryñ hekaýada ýazylan "püskül-püskül" gaşyny türkmen dilinde orginalyndaky ýaly bermek mümkin däl, püskül püsküliñ manysy başga, iñ mana ýakyny alabeder. Ýagny ýene O.Gummadowyyñ stilinden..
(Teýloryñ gaşy galam gaş däl)

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Onun gibi tuvalet yapar, sesimi onun gibi boğuklaştırarak şarkı söylerdim.
—-
Şoň oturşy ýaly hajathana oturyp, soň sesi ýaly sesimi bogup aýdym aýdardym.
—-
:-). Şu ýerdäki “tualet ýapmak” “hajathanada oturmak” däl.
Tualet - bu özüňi bezemek, özüňe serenjam bermek, kosmetika ulanmaga…. diýilýär.
Ýatak jaýlardaky aýnalyja tumbajyga, stoljgaza туалетный столик diýilýändir.

(dowamy bar)

0
10 mango   [Mowzuga geç]
verem sarısı pudra sürdüm.
… sarymtyl pudra çaldym.
—-
Bolýaram welin, şol “verem” diýýäni - inçekesel. Ol sary reňkem inçekeselliň sarymtyk öwüsýän reňkine meňzedýän ýaly.

(dowamy bar)

0
9 mango   [Mowzuga geç]
– Kafese giren insan yalnız ben değilim ya… Kimisi evlenir kafese girer, kimisi barem kafesine girer. Siz hiç kafese girmediniz mi?

– Kapasa giren adam diňe men däl-ä… Kimsi maşgala guransoň kapasa girýär, kimsi ondan öñ girýär. Siz, heý, kapasa girip görmediňizmi?

“barem kafesi” diýäni başga zat.

Barem - devlet görevlilerinin aylıklarının derece ve tutarlarını düzenleyen dizge ve bunu gösteren çizelge.

Ýagny, aýlyk stawkalary. Diýýäni “kimisi öýlenip kapasa gabalar, kimisi gury aýlyga daňylyp kapasa gabalar”.
Soňky sözlemde “heý” ýerine düşmedik ýaly: “ Siz, heý, kapasa girip görmediňizmi? .
“siz näme, hiç kapasa girmediňizmi?” - bolsa näderdi?

(dowamy bar)

0
8 mango   [Mowzuga geç]
– Nasıl? İnsan mısınız? Öyleyse o kafeste işiniz ne?
– O nähili? Adammy näme siz? Onda bu kapasanyň içinde näme işläp ýörsüňiz?
——
Terjime dogry, ýöne özüm bolsam “….onda bu kapasanyň içinde näme işiň bar?” -diýip terjime ederdim.

(dowamy bar)

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bellikleriñ käbiri b.n ylalaşýaryn (ylalaşýanlaryma düzediş girizdim), ylalaşmadyklaryma welin şeýle diýesim gelýär: merhum aktýor O.Gummadow pahyr pýesa ýa kompozisiýa goýanda, kärdeşleriniñ käbiri gapdaldan "meñ pikirimçe o taýy beýle bolaýsa...", "meñ pikirimçe bu taýy eýle bolaýsa..." diýip düzediş berýärmiş. Ol bolsa umuman şular ýalyrak:
"Adamlar! "Ine, şu alma we men şu almany ortada ine şeyle goýýan! Ýagny meniñ almany goýşum şeýle! Meñ çemeleşişim b.n señ çemeleşişiñ bir bolmaly diýen zat ýok. Bu taýda meñ pikirim açylyp görkezilýär, señ pikiriñ däl!" diýermiş...
Terjime meñki, kemçilikli bolup biler, emma sözme-söz terjimäni meñ özüm-ä oñlamok, berjek bolunýan esasy manyny ýoýman bermek üçin originalyna gabat gelmeýän sözleri ulanmagy dogry hasaplaýan.

0
7 mango   [Mowzuga geç]
– Siz mi konuşuyorsunuz?
– Sizmi gepleýän?
—-
“sizmi gepleýän?” - biraz türkçeräk.
Bolmanda: “Gepleýän sizmi?” diýlende bolmazmyd?
Ýa-da “siz gepleýäňizmi?”.

(dowamy bar)

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Kafesin önünden ayrılırken bir çağrılışla başımı geri çevirdim:
– Size söylüyorum bayım. Bir dakika beni dinler misiniz? Deminden beri düşünen maymun, şimdi de konuşuyordu.
—-
Kapasanyň öňünden aýrylanymsoň, ikilenç gygyranda yzyma öwrüldim:
– Size diýýärin, jenabym. Birje minut meni diňläp bilmersiňizmi?
Dem alman oýlanyp oturan maýmyn indi gepläp otyrdy.

Kapasanyň duşundan geçiberemde, arkamdan gelen sese bir çagyranda gaňrylyp yzyma seretdim:
– Size diýýärin, jenabym. Birje minut meni diňläp bilmersiňizmi?
Biraz öň oýlanyp oturan maýmyn indi gepläp otyrdy.

“Deminden” diýmek - “az önce” diýmek, ýagny, biraz öň. Dem alman däl…

(dowamy bar)

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Hümürdeseň çalaja-da bolsa ses çykýar, originalda aklyndan çirýär, hyýalynda getirýär….

0
4 mango   [Mowzuga geç]
“Tıpkı insan gibi” diye içimden geçirdim, tıpkı insan.
“Edil adam-da!” diýip içimden hümürdedim, edil adam!
—-
İçinden geçirmek:
Bir şeyi yapmayı düşünmek, aklından geçirmek.
"Benim pantolonumu giymeyi içinden bile geçirme."
—-
“içimden geçirdim” - “içiňden hümürdemek” däl.
Belki: “Edil adam-da!” diýip içimden pikir etdim, edil adam!

(dowamy bar)

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Diňe içinden biri Rodiniň “Oýlanýan adam” heýkeliniň durşy ýaly sarsman-gymyldaman oýlanyp otyrdy.

Içlerinden diňe biri Rodeniň “Oýlanýan adam” heýkeli ýaly sarsman-gymyldaman oýlanyp otyrdy.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ýuwaş-ýuwaş başlaberjek.
—-
Tünek sopaları üzerinde trapez cambazları gibi numaralar yapıyorlardı. Yalnız içlerinden bir tanesi, Rodin’in ” Düşünen Adam” heykeli pozunda, hiç kımıldamadan düşünüyordu.

Höwürtgäñ çyrpysynyñ üstünde oýnaýan sirk akrobatlary ýaly her dürli oýun edýärdiler. Diňe içinden biri Rodiniň “Oýlanýan adam” heýkeliniň durşy ýaly sarsman-gymyldaman oýlanyp otyrdy.

“tünegi” daýymdan sorap gördüm. Diýdi:

tünek
1. kümes hayvanlarının, kuşların üzerinde tünedikleri sırık ya da dal.
2. kuş yuvası.

Hekaýada höwürtge däl-de kletkadaky haýwanlaryň üstüne çykyp oturyp bilmegi üçin ýasalan agaç, (guşlar üçin çybyk)… garaz maýmynlaryň üstünde oturmagy, ýa akrobatik pyrlanmagy üçin goýulan uzyn agaç bölegi.

Ol Rodin diýilýänem orsyň öwredişine görä aýtsag-a Roden bolmaly. Ogýust Roden - fransuz skulptory. Gürrüňi giden eserem meşhur “мыслитель”-i.
“oýlanýan adam” - bolýaram welin “pikirlenýän adam” bolsa näderdikä?
(dowamy bar)

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Hemişeki terjimeler ýaly gowy. Ikije ýekeje belligim bar (olam hemişeki ýaly).
"Meni kämahal içeri ataýýalar"
Origalyny biljek däl ýöne şol durşuna alynypdyr öýdýän şu söz.
"Içeri atmak" - türklerde türmä dykylmagyñ halk arasyndaky aýdylyşy. Ýagny biziñçe: "ýygnalmak".
"Menem arasynda ýygnalaýýan" diýse bara tüýs "Segeniñ tagtasyndaky" şekiljikleriñ degişlije ýerine şaplaşyşy ýaly şaplaşjak eken-dä.
"Sarymtyl pudra çaldym"
Bulam şol durşuna galdyrylypdyr. Biziñçe "pudyr" (pudra diýen zenana şindi duşamok. Ýa bamyka? Türkmen sözi bolmansoñ, dynç gününe biriniñ "otduh gün" men ýallakylaññam "oduk gün" diýşi ýaly her hili aýdylyşy barmyka?))
"Haýyş edýärin, şu surata serediñ"
Ýene bir şol durşuna galdyrylan söz. Türkçe bilmeýän adam "Nämäniñ suraty?" "Nirede surat bar?"diýip sorar.
Surat - biziñçe bir zadyñ çekilen, çyzylan, jansyz görnüşi.
Türkçede "ýüz" "keşp" "sypat".
"Haýyş edýärin şu sypata serediñ" diýse...

Harp ýalñyşy: edi, gözegçisii,
aýdañyñ-da,
Hekaýa hakda aýtsam hemişeki Eziz Nesin hekaýalary ýaly hem güldürýär hem oýlandyrýar. Mundan esli öñ ýazylandygyna garamazdan häzirki döwrümiziñ iñ wawwaly meselelerinden birini gozgaýar. Howwa, ynsan ynsana meñzänok. Üstesine-de ynsanlykdan şu zeýilli daşlaşmak onuñ hoşuna gelýär...
Aýdara zat kän. Ýöne şunuñ bilen çäklenjek.
Berekella, terjimeçi! Dowam ediñ! Galamyñyz ýiti bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]