01:46
Han-ha deñiz
HAN-HA DEÑIZ


Han-ha Deñiz,
Kenarda men,
Otyryn ýeke..
Saña aýtmaly zadym köp,.
Dymýan.
Dymsam-da halym aýan saña,
Eşidýäñ Köñlümiñ pyşyrdylaryn:
Hüýt gara gijäñ şerinden,
Sogrup çykarýañ Ak Daña,
Kowup çykarýañ ruhumdan,
Hasratyñ sowuk gyşlaryn,
Ýüregme ýollardan çümen
Aýyrýañ harsañ daşlaryn,
Penalaýañ çapgynyndan ýelleriñ
Görkezip kimiñ kimliğin..
Dünýäme dolýar birgeñsi
Maña ýollan aýdymyñ:
"Aýdyñlygym !, ýagty Şöhle,
Bakylyga öwrül, öçme !"
...
Kenarda men,.
Otyryn ýeke.
Ýöne,
Ýalñyz däl men,
Ýanymda-da,
Añymda-da,
Ruhumda-da,
Ýüregimiñ çuñ ýerinde,
Bar ýerde Sen!
Bar ýerde Sen!

©Kalba NUR.
13.11.2021





Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 13.03.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021



Всего комментариев: 4
1
3 Gumlygelin   [Материал]
@Nurdan, goşgyny haladym uýam. Goşgulañda ýylylyk bar, mähir bar. Sen ýeke dälsiñ hemişe añyñda, ýanyñda Alla bar kalby nur uýam.

0
4 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ Ynsanlaryñ Gözeli, Gelinleriñ Ajaby, minnetdar.!

0
2 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ @Mango, Alla ýalkasyn, bellikleriñiz, goýan teswiriñiz, goşga beren ünsüñiz üçin, köp, köp minnetdar..!

2
1 mango   [Материал]
Nurdan hanym iki ýerde “aňlamak, aňlatmak” ulanýaň…
Birinjisi bolýaram welin…. aşakdaky setirde başgaça aýtmaly öýdýän.

Penalaýañ çapgynyndan ýelleriñ
Añladýañ kimiñ kimliğin..

Kimiň kimdigini görkezdiň, kimiň kimdigini subut etdiň…. ýaly bolmaly dälmi?
Şu ýerdäki aňladýaňy täzeden bir pikirlenip görseň….
—-
Ruhuma dolýar aýdymyñ:
"Aýdyñlygym, ýagty Şöhle,
Bakylyga öwrül, öçme !"

Şol onuň ruhuňa dolduran aýdymyndaky “aýdyňlygym” diýýän ýeri barada sorag çykdy.
Ol aýdyňlyk - özümi ýa senmi?
Ýagny:
1) mendäki aýdyňlyk öçme sen…
2) sen meniň aýdyňlygym, öçme sen…

Jemlemäňi haladym.

Kenarda men,.
Otyryn ýeke.
Ýöne,
Ýalñyz däl men,
Ýanymda-da,
Añymda-da,
Ýüregimiñ çuñ ýerinde,
Bar ýerde Sen!
Bar ýerde Sen!

Gyzykly, ilki ýalňyzlygyňy aýdyp bilmän gizläp aýdýaň (otyryn ýeke) soňam boýun almak islemeýän ýaly “ýalňyz däl men” diýýäň.
Gyzyklyja priýom.
Üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]