10:18
Halyň niçik, gardaşym?
HALYŇ NIÇIK, GARDAŞYM?

Halyň niçik,
gardaşym?!
Aglaýaňmy,
gülýäňmi?…
Ýa, galyp derde,
gamlanýarmyň,
görünmejek buljumda?
Ýa, ýumşak ýerde
oturyp,
ýüzüp ýörmüň,
ýüzülmejek Gulzumda?
Ýa, ýakylsa-da,
ýanabilmez,
diri bag deý,
tüteýämiň assadan?
Ýa, ýazylsa-da,
diýlebilmez
murapbag deý,
igleýäňmi gussadan?...
Sen maňa
süýtdeş däl –
– bigan…
Şoň üçin saňa
diýemok –
– dogan.
Çünki,
aýry süňkümiz,
lagtamyz,
batgamyz,
çotgamyz,
kytgamyz,
ugur-utgamyz...
Ýöne!
Meň üçin,
bütewi deý,
süňňümiz.
Şoň üçin,
azara goýýa
meni,
ne hala
salnany
seni...

Öwezgeldi BEGLIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Bagabat | Теги: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 4.3/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022



Всего комментариев: 9
0
9 mango   [Материал]
Öwezgeldä bäşýyzzyl!

0
8 Mähriban   [Материал]
Şoň üçin,
azara goýýa
meni,
ne hala
salnany
seni...

Ine, ynsanperwerlik! Gowy goşgy içindäki owadanja, bezeglije sözler, kapyýalar bilen ölçelýärmikä ýa-da adamçylyk duýgulary bilen?!
Üstünlik hemraňyz bolsun! Beýleki goşgularyňyzdan hem paýlaşsaňyz, höwes bilen okardyk. Sagboluň!

0
6 Alaýabyly   [Материал]
Üýtgeşik däl

0
5 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy

0
4 Lisa_Gray   [Материал]
gowy goşgy!

0
2 Perо   [Материал]
Latga diýip ýalñyş gidipdir öýdýän, lagta bolmaly.

0
3 Bagabat   [Материал]
Ok. Düzedildi.

0
1 Haweran   [Материал]
Ine, goşgy!

0
7 Edebiyatcy   [Материал]
Ortatap goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]