04:30 Halyçam | |
HALYÇAM Bir halyça dokadym märiban ejem bile, Içinde bir kebelek gonan ýaly ak güle, On barmagmyň hünärin däne-däne oturtdym, Şelaýynlap gülleri näz edip dur bilbile. Sähramyň gülälekleri daglarynda öwüsýär, Kebelekleň yzyndan ak owlagym towusýar, Akar çeşmäň başynda gülälekler oýnaşyp, Çeşmäň suwun balyklar towsup-towsup böwüsýär. Inçe berip argaji ýakyn ekdim baglary, Ökde kakdym daragyn berk dursun diýp daglary, Alaja çitim bilen töweregi bezedim, Üstünde ýatyp-turan hoş bolsun diyp çaglary. Men-ä bir türkmen gyzy ýaz açylan gül ýaly, Goýun-geçi bakýan men ýüňünden dokap haly, Haýwanlaryn ekdiläp jan berdim men halyma, Meniň halym türkmeniň şahyrana hyýaly, Türkmende güýzüň gyzy şahyrana hyýaly. Merýem ZAMANY, Türkmensähra. | |
|
√ "Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022 |
√ Zepp'lin III / Goşgular - 24.01.2022 |
√ Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Предтеча / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Biraz tagapyl et.. / Goşgular - 29.01.2022 |
√ Джульетта / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022 |
√ Aldawaç / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Как умерла моя кошка / Goşgular - 21.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |