22:43
Halkyň Arkadagly zamanasynda!
HALKYÑ ARKADAGLY ZAMANASYNDA

Bagtly ýaşlar biz, duýýarys bagty,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.
Geljegimiz nurly, ertämiz ýagty,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Bedew bady bilen ýurdum gülleýär,
Gün-günden ösýär, has öňe barýar.
Sanly ulgam bilen Watan beýgelýär,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Ýurdum öňe barýar ösüşler sary,
Ýürekler galkynýar ganat mysaly.
Gujak açyp garşylaýas dost-ýary,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Arkadagym ýurduň hazyna-genji,
Ýürekden ýañlanýar ýürek buýsanjy.
Milli Lidermize gözümiz guwanjy,
Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Abdy HALGYLYJOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: permanh2206 | Теги: Abdy Halgylyjow | Рейтинг: 3.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Revo   [Материал]
Okamagyň hezilligine düşünen bolsaň, ýazmagy düşünmezdiň. Ýöne, okamak we hezillik seň döredijiligiňe dahylly sözler däldir, dosti.)))

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Ilki bilen-ä tankytlamak üçin hökman goşgy ýazmak gerek däldir.Ikinjidenem,özüm bolsam-a şu ýûzleýje goşgumy derñäp bereni üçin @revo agza tañryýalkasyn aýdardym.Ynanyñ,derñäni-ñe degjek ýeri ýok.
Üçünjiden,azda-kände bir zatlar ýazýamykam-a diýýän.Ähtimal,siz gabat gelen dälsiñiz.

0
3 permanh2206   [Материал]
Gayrat edip galamym ujundaky gatan kirli syýa bolmaýyňda. Revo senden bir ne narmalny hekaya nede bir ili guwandyrjak gosgy esdemzok su gune cenli. Yene-de kem tapanam bolyamyn. Hyýalkes sana-da degisli su.

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Şu goşguny çyna ýa:zyp, çynyñyz bilen derñäniñize berekella, @Revo. :)

0
1 Revo   [Материал]
"Bagtly ýaşlar biz, duýýarys bagty"

Hawa, soňky döwür duýgunyň nämedigini bilmeýän duýguçyl ynsanlar köpeldi. Muňa döwür esas bolan bolmagam ahmal.

"Bedew bady bilen ýurdum gülleýär"

Türkmen edebiýatynda ulanylyp-ulanylyp suwy çykan, syrksaňam çyg çykmajak jümle. Oňa derek has döwrebap meňzetmeler (welosiped, motor, maşyn, uçar, internet, Usain Bolt) ulanylsa hem-ä adamlara ýakyn boljak, hemem döwrebap.

"Sanly ulgam bilen Watan beýgelýär"

Öňler Beýik Taňry, Beýik Watan, Beýik dag, Beýik ynsan, Beýik mertebe diýen ýaly görnüşler arkaly, beýiklikleri, pesliklerden ýada adatylyklardan aýyl-saýyl edip bolan bolsa, indi bu tapawutlyklar daňyň çaňyna garylyp gitdi.

"Gujak açyp garşylaýas dost-ýary"

Şu-la realdan daşdaky, mifiki jümle.

"Bedew bady bilen ýurdum gülleýär"
"Ýurdum öňe barýar ösüşler sary"

"Ýürekler galkynýar ganat mysaly"
"Ýürekden ýañlanýar ýürek buýsanjy"


Biri-birinden känbir tapawutlanmaýan setirlerem, sözlerem kän ulanylan eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]