21:46
"Halasgärim!“ diýdi saňa dert çeken..."
“HALASGÄRIM!” DIÝDI SAŇA DERT ÇEKEN…”

Zehine baş egmek ynsana mahsus,
Lukman inim, şo-ol zehiniň biri sen.
Lap edip men muny aýtdygym däl,
- Ýürekdäki damarlaryň piri sen!

Bu sarpa her kese başardýan däldir,
Bi hormat, bi sylag, bi ýagşy päldir,
Alkyş bilen seni ýaşardýan kändir,
Saýlap aldyň halas etmek käri sen.

Ýetmiş ýaşda diňläp bir gün ýüregim,
Diýdiň: "Agam, bitin eken çöregiň“.
Aldyrjak ekenim suwda küregim,
Alyp çykdyň ýagtylyga köri sen.

Özüm bilmeý, ýörän ýolum kert eken,
Dertleriň içinde bu ne dert eken?!
"Halasgärim!“ diýdi saňa dert çeken,
Eýelediň kalbyndaky töri sen.

Sallançakda seni hüwdülän ene
Mejalsyz ýatyrka jan berdiň ýene.
Bu sogabyň seniň däl ýöne-möne,
O dünýe-bu dünýe bolduň diri sen.

Sag bol, inim, Bährem, taňryýalkasyn,
Dakýaryn boýnuňa alkyş halkasyn.
Dertli göwünlere dagdan arkasyň,
Pyragy aýtmyşlaý, äriň äri sen.

Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Daglar / Goşgular - 05.02.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Salam, gussam! / Goşgular - 20.02.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Keçjal / Goşgular - 18.02.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Бриллиантовые дороги / Goşgular - 04.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]