16:21
Hakykaty çeper beýan etmeli
HAKYKATY ÇEPER BEÝAN ETMELI

Wagtyň hiç zada nebsi agyrmaýar, ol hemme zady ýerbe-ýer goýýar. Ömri gysga eserleri wagt diýen närse syryp-süpürip alyp gidýär. Şonuň üçin biz — ýazyjylar uzakly gün «Iller eserime nähili baha bererkä?!» diýip oýa batyp oturman, hakykaty çeper beýan etmeli.

— Siz öň Hai Nan welaýatynyň Edebiýat we sungat federasiýasynyň ýolbaşçysy, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, «Tian Ýa» žurnalynyň baş redaktory bolup işlediňiz. Emma «Ma Çiao obasynyň sözlügi» romanyňyz çap edilenden soň, hemme zady terk edip, ýalňyz ýaşamagy saýlap aldyňyz. Dogrusy, biz sizden beýle zatlara garaşmandyk. Siziň çete çekilmegiňize näme sebäp boldy?

— Men häzirem Edebiýat we sungat federasiýasynyň agzasy, ol ýerden aramy üzemok. Ýylyň deň ýaryny Hai Nanda ýaşap, federasiýanyň işlerini edýän. Adamlaryň arasyna dolanyp barmaýanam bolsam, olardan bütinleý gaça duramok. Federasiýa bilen ylalaşyp, häzirlikçe asudalygy, ýalňyzlygy saýlap aldym, sebäbi ruhy dünýäm erkinligi küýseýär. Gündelik ýedi sagatlyk agyr iş, günüň dowamynda edilmeli beýleki iş-aladalar döredijiligimdäki etsem-goýsamlaryma asla wagt galdyranok. Onsoňam men birnäçe ýyllap jogapkärli wezipelerde işledim. Bu meni juda ýadatdy hem tapdan düşürdi. Şonuň üçin indi jan saglygym hakynda-da alada etmek gerek. Saglygymy dikeltmek hemem ine-gana döretmek maksady bilen çete çekildim. Garaz, terkidünýä ýaşaýşymyň «Ma Çiao obasynyň sözlügi» romanymyň çykmagy bilen hiç hili baglanyşygy ýok.

— Okyjylar siziň gündelik oba durmuşyňyz bilen gyzyklanýar. Olara bu hakynda gürrüň beräýseňiz. Onsoňam ýer-ýurt edindiňizmi? Günde nämeler bilen meşgullanýarsyňyz? Asla siz bärde ýaşamak bilen özüňizi bagtly duýýaňyzmy?

— Özüme çaklaňja jaý salyndym. Gapymda towuk saklaýan, dürli nahallary oturtdym, bakja önümlerini ekdim. Golaý-goltumda dükan ýok. Hemme zat özüňden önmese, bärde ýaşaýyş kynrak. Tebigat bilen durmuşymy, zähmet bilen döredijiligimi sazlaşdyryp ýaşaýan. Şular ýaly ýaşaýşy ömür arzuw edipdim.

— Şäherde ýazmak bilen obada ýazmagyň näme tapawudy bar? Adamlardan çete çykyp ýaşamak döredijiligiňize nähili täsir etdi?

— Men çete çekilip ýaşasamam, adamlardan aramy üzemok. Häzirem gazet-žurnallarda makalalarym, hekaýalarym çap edilip dur. Onsoň meniň nädip adamlardan çetleşdigim bolýa?!
Ýeri bolýa, indi ýaňky sowalyňyza anyk jogap bereýin. Edil häzir obada ýaşaýan. Bu ýeri daglyk; haýwanat, ösümlik dünýäsine hem juda baý. Gözel tebigaty bar. Haýwanlaryňam özboluşly dünýäsi bar, janawarlar bir gün tersleşseler, ertesi gün hiç zat bolmadyk ýaly tirkeşip ýörler. Güller şu gün pyntyklap durandyr, ertesi gün görseň, gunçalap gül açýar. Bu ýerdäki durmuşym şäherdäki ýaşaýşym bilen deňeşdireniňde, many-mazmuna baý. Öýümi süpürip, kilim kakyp ýadasamam, şäherdäki ýaly ruhy taýdan ýadamok.
Maglumat üpjünçiligi, sanly ulgamyň mümkinçilikleri şäheriňkiçe ýok, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyz ýygy däl, öýüňe setanda-seýranda biri geläýmese, gapyňdan gümür-ýamyr edip, çaý içeli diýip geljek ýok. Ýöne şu asudalyk maňa gymmatly wagtymy ýerlikli sarp edip, güýç-gaýratymy dogry ulanmaga ýardam berýär. Bu ýaşaýşymdan men müň mertebe razy. Bu durmuşym döredijiligime-de oňyn täsir etdi. Köp wagtymy döredijilige sarp edip bilýän. Iň esasy hem, şu durmuşymy söýýän. Men çagalykdan şular ýaly ýerde ýaşap, döredijilik etmegiň hyýalyndadym. Ahyry arzuwym wysal boldy.

— Halypa, bu ýerden Miluo derýasy akyp geçýär. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Çü Ýüän şahyrlygynyň agramly bölegini şu derýanyň kenarynda goşgy düzüp, aýdyma hiňlenip geçirer eken. Size-de bu ýerde Çü Ýüän şahyryň ruhy dünýäsinden ylham almak başardýarmy?

— Bu ýer Miluo derýasynyň Jiaňlu derýasyna guýýan ýeri. Bäriniň tebigaty maňa köp zady öwretdi. Ýöne şu hakykaty bellemek isleýän: bir adam Lu Şünüň (häzirki zaman hytaý edebiýatynyň düýbüni tutujy, ýazyjy) dogduk obasyna gündelik barany bilen, Lu Şün bolup bilmez. Aýtjak bolýan zadym, men bu ýerde ömrümiň ahyryna çenli ýaşasamam, Çü Ýüäniň yzyna eýerip bilerin öýdemok.

— Biz zamana görä aýak basyp, gün-günden döwrebaplaşmak isleýäris. Döwrebap geýinýäris, ýaşaýarys. Hemmämiz döwürden yza galmakdan ätiýaç edýäris. Dünýäde bolup geçýän wakalary, täzelikleri tizden-tiz biljek bolýarys. Ýöne siz, döwrebap ýaşamakdan gaça durýarsyňyz. Şäherlerden alysda ýaşaýarsyňyz. Siz döwürden yza galmakdan gorkaňzokmy?

— Telefonym, telewizorym, kompýuterim, internedim bar. Onsoň nädip men döwürden yza galýamyşym?! Ýöne bu ýeriniň bir kemçiligi bar, olam gazet-žurnallar giç getirilýär. Şonuň üçin gazet okajak wagtymy ýerli adamlaryň arasynda bolup, olaryň durmuşyny öwrenmäge çalyşýan.

— «Kinaýa» atly täze kitabyňyz okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Eşidişime görä, çaphana «Kinaýa» eseriňizi 80 müň nusgada çap edipdir. Bu eseriňiz näme hakynda? Özüňiz bu kitabyňyza nähili baha berýäňiz?

— Men bu kitaby hökman ýazaýmalydym. Belki, başga biri üçin ähmiýetsizem bolup biler, emma meniň üçin bu juda möhüm eserdi. Ýöne men birbada bu eserimiň köp nusgada neşir edilmegine garşy boldum. Bu eserimiň okyjyny özüne çekjegine o diýen ynamym bolmansoň, çaphananyň ony az nusgada çap etmegini isläpdim.
Ol romana meňzemänem duranok, emma ol roman däl-de, esse ýa-da ýörite okyjylar köpçüligine niýetlenen bir neşir önümi.
Dogrusy, bu eserde ylmy-nazary pikirler öňe sürülmeýär. Ol hälki bir durmuşdan alan ýönekeý sapaklarymyň beýany. Mysal üçin, onda adamyň ýüz keşbine ýa-da gepleýşine görä baha bermek, ýa bolmasa nähili geýinmeli, nähili iýmitlenmeli, nädip medeniýetli ýaşamaly, gymmatly wagtyňy nädip ýerlikli peýdalanmaly... diýen ýaly sowallaryň jogaby gözlenýär.
«Ma Çiao obasynyň sözlügi» diýen kitabymy bir oba bagyşlap ýazan bolsam, «Kinaýa» eserimi özüme hem durmuşym bilen baglanyşykly wakalara bagyşlap ýazdym. Onuň durmuşda adamlara ýolgörkeziji eser bolup bilmegi-de mümkin.

— Siz «Kinaýa» eseriňizi ýazanyňyzda edebiýat tankytçylarynyň aýdaýjak tankydy pikirlerini göz öňünde tutduňyzmy?!

— Ýazyjynyň tankytçylara ýaranjak bolmagy dogry däl. Bu ýazyjy üçin utanç. Aslynda, her bir işiň medeniýeti, ahlak taraplary bolýar; söwdagär harydyny aldap satmaly däl, aşpez bal ýaly nahar bişirmeli. Ýazyjynyň ahlagy bolsa kämil çeper eser döretmäge gönükmeli. Ol ýaşaýyş-durmuş hakyndaky pikirlerini, duýgularyny, başdangeçirmelerini çeper hakykata öwrüp, kagyza geçirmeli.
Edil özüm döredijiligi sagdyn tankyt edip bilýän adam bardyr diýip biljek däl. Adalata daýanyp, pikirini aýdyp bilýän tankytçy bolaýanda hem, oňa ýaranjaňlyk etmek, döredijiligiň ahlagyny bozup, ýazyjylygyňa ikilik etdigiň bolýar.
Köpçüligiň pikiri diýilýän düşünjäniň ömri gysga bolýar. Kän wagt geçmänkä, jemgyýetiň şu günki pikirdir garaýyşlarynyň ornuny täze garaýyşlar, düşünjeler eýeleýär. Şunlukda, köpçüligiň düýnki «aňynda» höküm süren pikirinden bu gün nam-nyşan ýok.
Ine, alyp göreliň, 1980-nji ýyllarda birnäçe eser abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ol eserler ençeme ýyllap halkyň dilinden düşmedi, ýöne şu gün olary kim ýatlaýar?! Men häzir şol baýrak alan ýazyjy-şahyrlary aýtsam, ýek-tük kişiniň ýadyna düşer. Wagtyň hiç zada nebsi agyrmaýar, ol hemme zady ýerbe-ýer goýýar. Ömri gysga eserleri wagt diýen närse syryp-süpürip alyp gidýär. Şonuň üçin biz — ýazyjylar uzakly gün «Iller eserime nähili baha bererkä?!» diýip oýa batyp oturman, hakykaty çeper beýan etmeli.

— Bu wagt çalt işläp, kän eser döredýänler köpeldi. Bir ýylda iküç eser ýazýanlar bar. «Ma Çiao obasynyň sözlügi» romanyňyzy 1996-njy ýylda tamamlapdyňyz, «Kinaýa» eseriňiz bolsa alty ýyldan soň okyjylara gowuşdy. Döredijilik tejribäňizden çen tutanymyzda, siz kän işläp, çalt ýazýan bolmaly. Näme üçin alty ýyllap hiç zat ýazmadyňyz?

— Sebäbi men bir telbe, başga sebäbi ýok.

— Siz täzelikde «Fransiýanyň sungat gerçegi» medalyna eýe bolduňyz. Fransiýada çap edilen «Dagdaky ses» atly hekaýalar toplumyňyz bu ýurduň okyjylary tarapyndan «2000-nji ýylyň fransuz edebiýatyndaky iň gowy 10 kitabyň biri» diýlip yglan edildi. Siz nädip fransuz okyjylarynyň söýgüsini gazanyp bildiňiz?!

— Bä-ä, men näme diýsemkäm, baýrak almagym fransiýaly okyjylaryň eserimi gowy görýändiklerini aňladýar diýýäňizmi?! Eger şeýle bolsa men ýürekden begenerdim. Öwünmek üçin däl-de, fransuz dilinde çykan eserlerim hakyndaky aýdanlaryňyza şulary goşaýyn. Alty kitabym fransuz diline terjime edildi. Olar Fransiýanyň kitap dükanlarynda satyldy, ýöne ol baýrak alan eseriň, hakykatdanam, baýraga mynasypdygyny görkezýär diýip biljek däl.
Bir ajaýyp eser okyjynyň kalbyny gozgaman biler. Munuň tersine, okyjynyň gowşak eseri halamagy-da mümkin, hatda Nobel baýragyna mynasyp bolmagy-da mümkin.
Hytaýda gowy ýazyjylar az däl. Ýöne häzir hytaý dili batly depginde dünýä ýaýraýar we öwrenilýär diýerden ir. Hytaýşynaslar we hytaý ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini okaýan daşary ýurtly adamlar az. Okyjylar köp bolaýanda-da, hytaý edebiýatyna düşünmek aňsat däl. Ýöne ýokarky aýdanlarym ilkinji çözülmeli meseleler däl. Ilki bilen, hytaý ýazyjy-şahyrlaryna döredijiligini daşary ýurt dillerine terjime etmek däl-de, ajaýyp eserleri döretmek derwaýys. Gowy eser döredip bilsek, onda olary daşary ýurt dillerine terjime etmesegem, dünýäde çeper döredijiligiň hili boýunça ilkinji onlugyň içine düşüp bilmesegem zyýany ýok. Hytaýyň 1 milliard 300 million ilaty bar. Bu uly sanymyzyň üstüne daşary ýurtdaky hytaýlylaram goşsak, tutuş adamzat jemgyýetinde aýratyn bir dünýä diýsegem boljak. Bu biziň ösüp kämilleşmegimiz üçin ýeterlik san ahyry.

— Siz öň edebiýatyň aslyny, köküni tapmaly diýýärdiňiz, bu pikiriňize jogap tapdyňyzmy? «Edebi kök» diýen pikire nähili düşünmeli?

— Dünýä edebiýatyny köp okaýan. Olaryň köpüsini terjime-de etdim. Umuman, Günbatar medeniýeti, sungaty bilen içgin gyzyklanýan. Emma Gündogary doly öwrenmän, Günbatary nädip gowy biljek. Napoleonyň muzeýine baranymda, ol ýerdäki fransuz muzeý işgäri Napoleonyň Hytaýyň bilim ulgamyny öwrenip, Fransiýada ornaşdyrandygyny aýtdy. Isaýy dini ilki Orta Gündogarda döräp, soňra Ýewropa ýaýrady ahyry. Matematikanyň dörän ýeri Hindistan bilen Arabystan, ýöne soňra Günbatar bu ylmy has-da özleşdirip, ykdysady taýdan kuwwatlandy. Ýewropanyň kuwwatly ykdysady-syýasy gurluşy diňe Günbataryň ýerli halklary

na mahsus däp-dessury, ylym-bilimi esasynda emele geldi diýip, hiç kim aýdyp bilmez. Günbataryň köp zadynyň, hatda kanunlarynyňam Gündogardan alnandygyny aýtmak isleýän. Şol sebäpli Gündogar bilen Günbatar medeniýetiniň arasynda uly gapma-garşylygyň bardygy bolup biljek zat däl.
1980-nji ýyllarda edebiýatyň köküni gözlemek pikirini öňe sürdüm. Hytaýyň medeni gymmatlyklaryny mazaly seljerip, aýyl-saýyl etmeli. Islendik zadyň asly, köki bar ahyry. Şonuň üçin bu meselä akyl ýetirmek örän wajyp. Ol umumadamzat meselesidir. Geljekde medeni, ykdysady, syýasy, ynsanperwer ulgamlaryň gurluşynyň taryhy köküni tapmak meselesi möhüm ähmiýete eýe bolar diýip pikir edýän.

— «Raýatlaň adyndan ýazýan» diýýärsiňiz. Biz «intellektual ýazýar» diýip eşidipdik, ýöne «raýatlaň adyndan ýazýan» diýýäne gabat gelemzok. Intellektual ýa-da raýatlaň adyndan ýazmagyň arasyndaky tapawudy aýdaýsaňyz?!

— Bir gezek ýanyma gelen habarçy jemgyýetiň meselelerini gyzyklanyp öwrenýänligim üçin menden: «Eserleriňizi intellektual ýazýaňyzmy?» diýip sorady. Menem «intellektual ýazýaňyzmy» diýeniňizden, «raýatlaň adyndan ýazýaňyzmy» diýip sorasaňyz gowy bolar diýdim. Sebäbi jemgyýetçilik meseleleri bilen gyzyklanmak — diňe intellektual adamlara degişli diýlen anyk kesgitleme ýok. Her bir raýat jemgyýetiň bir bölegi. Onsoňam jemgyýetiň meselelerini islendik adamyň öwrenmäge haky bar.
Ýazmak, döredijilik manysynda aýdylanda, olar biri-birinden tapawutly many aňladýandyr diýip biljek däl. Dogrymy aýtsam, özümem intellektual ýazmak bilen raýatlaň adyndan ýazmagyň tapawudyny bilemok. Şonuň üçin bu düşünjeler hakynda şu aýdanlarymdan başga zat aýdyp biljek däl.

— Milan Kunderanyň «Durmuşyň çydap bolmajak ýeňilligi» atly terjime eden romanyňyz okyjylaryň arasynda häzirem uly meşhurlyga eýe, ýatda galan eserleriň biri. Siz ol eseri terjime edip, jemgyýetiň uly sarpa goýýan ýazyjysy bolduňyz. Milan Kunderanyň size ýetiren täsiri ulumy?

— Men köp ýazyjydan täsirlendim. Elbetde, olaryň arasynda Milan Kundera hem bar. Ýöne men Milan Kunderanyň käbir pikirleri bilen ylalaşyp biljek däl. Mysal üçin, men onuň «ýeňil» bilen «agyr» diýen sözlere bolan garaýşyny asla unamok: Ilki bilen, Milan Kunderanyň ol düşünjeler hakyndaky pikirleri hakykata gabat gelenok, şeýle hem bu ýazyjy ol sözlere takyk düşündirişem berenok.
Kitap okamak — nahar iýen ýaly bir zat. Iýen naharyň haýsy agzaňy, haýsy süňküňi ösdürdi — muny aýtmak kyn ahyry. Bilip aýdanyňda hem ynanmazlar.

— Ynsan medeniýeti bilen beýleki jandar¬lardan tapawutlanýar. Bir halkyň medeniýeti, ilki bilen, şol halkyň ylymly adamlary tarapyndan ilik-düwme öwrenilip, soňra halka öwredilmeli. Islendik halkyň jemgyýetçilik medeniýetine, ylmyna garap, şol halka baha berip bolsa gerek.

— Meniň bilen pikirdeş adamlar kän ahyry. Belki, ýigrimi ýyla ýetmän, häzirki pikirler düýbünden üýtgär. Şeýlelikde, Hytaý bilen daşary ýurt medeniýetini deňeşdirip, arkaýynlykda köp zat öwrenip bolar. Bu zatlar medeniýetimiziňem ösmegine getirer.
Ykdysadyýetimiz ösüp, ýaşaýyş-durmuşymyz oňatlaşsa, ömür ýitmejek hasaplanýan pikir-düşünjeleriň ornuny täze garaýyşlar eýelär. Elbetde, men muny teklip edemok, döwrebap pikir-düşünjeleriň döremegini ýaşaýyş-durmuşymyz talap edýär, sebäbi durmuş biziň iň gowy mugallymymyz ahyry.

Hytaý dilinden terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW.

______________________________

HAN ŞAOGUN

Hytaýyň görnükli ýazyjysy, professor Han Şaogun 1953-nji ýylda Hytaýyň Hu Nan welaýatynda dünýä inýär. 1974-nji ýylda oba medeniýet öýünde zähmet ýoluna başlaýar. Ol hut şu ýerde hem döredijilik bilen meşgullanyp başlaýar.
1979-njy ýylda Hu Nan mugallymçylyk institutynda okaýarka «Aý» atly ilkinji hekaýasyny ýazýar. Okuwy tamamlap Hai Nan welaýatynyň Edebiýat we sungat federasiýasynyň ýolbaşçysy, Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy, «Tian Ýa» žurnalynyň baş redaktory ýaly dürli kärlerde zähmet çekýär.
«Gök asman», «Kaka», «Gyzlar», «Tukat şäher» ýaly hekaýalaryň we başga-da ençeme eserleriň awtory bolan Han Şaogun birnäçe döwlet we halkara baýraklaryna mynasyp bolýar. 1980-nji ýylda «Hytaýyň iň gowy hekaýasy» baýragyna, 2002-nji ýylda «Fransiýanyň sungat rysary» medalyna, 2007-nji ýylda «Hytaýyň görnükli ýazyjysy» diýen hormatly ada, «Lu Şün edebiýat» baýragyna, «Amerikanyň Newman hytaý edebiýat» baýragyna eýe bolýar.


“Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Han Şaogun | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Bagabat   [Материал]
Şu taýy örän jaýdar aýdylypdyr:

Ýazyjynyň tankytçylara ýaranjak bolmagy dogry däl. Bu ýazyjy üçin utanç. Aslynda, her bir işiň medeniýeti, ahlak taraplary bolýar; söwdagär harydyny aldap satmaly däl, aşpez bal ýaly nahar bişirmeli.

Ýöne, gynandyrýan ýeri, ilki ýaranmak ýa-da ýaranmazlyk üçin öz ýazanyňy iş edinip okaýan hem-de çyny bilen öwrenýän tankytçy tapynmaly.

Muňa-da neme diýip jogap berip bolýar:

-Okanyňa hem-de tankyt edeniňe mynasyp zat bolsa, gözlemäňde-de tapylar...

Kyn ýagdaý. Öz soragyňa özüň jogap berip ýörmeli.

0
1 Bagabat   [Материал]
Şu ýeri bir anekdoty ýatlatdy:

— Halypa, bu ýerden Miluo derýasy akyp geçýär. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Çü Ýüän şahyrlygynyň agramly bölegini şu derýanyň kenarynda goşgy düzüp, aýdyma hiňlenip geçirer eken. Size-de bu ýerde Çü Ýüän şahyryň ruhy dünýäsinden ylham almak başardýarmy?

— Bu ýer Miluo derýasynyň Jiaňlu derýasyna guýýan ýeri. Bäriniň tebigaty maňa köp zady öwretdi. Ýöne şu hakykaty bellemek isleýän: bir adam Lu Şünüň (häzirki zaman hytaý edebiýatynyň düýbüni tutujy, ýazyjy) dogduk obasyna gündelik barany bilen, Lu Şün bolup bilmez. Aýtjak bolýan zadym, men bu ýerde ömrümiň ahyryna çenli ýaşasamam, Çü Ýüäniň yzyna eýerip bilerin öýdemok.

Anekdot:

Ýaş şahyr uly joşgun bilen kärdeşine aýdýar:
-Dos, men-ä ylhamym joşup, hasam gowy ýazyp başlar ýaly, Beýik Pyragynyň dogduk ülkesine zyýarat-seýle gidip geljek.
Kärdeşi hüňürdäp, jogap berýär:
-Gözel göwnüň. Ýöne ýazyşyňdan çen tutsaň-a, sen ol-a seýil edip gaýtmak ekeni, Garrygalaň gumuna suwa düşüp gaýtsaňam peýda etmezmikä diýýän...:-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]