08:27
Hakdan halatly perişdäm / hekaýa
HAKDAN HALATLY PERIŞDÄM

Garry öýümizi alkymlap geçýän ene ýabyň boýundaky şatuduň aşagy çagalygymda-da meniň iň arzyly ýerimdi. Onuň her biri başam barmak ýaly bolup buldurap bişýän tudanalary ýa-da janyňa hoş ýakýan goýry kölegesi üçin däl-de, onuň täsin gudrata basyrylyp oturandygy üçin şeýledi. Täsin gudrat diýýänimiň aňyrsynda bolsa bir täsin ahwalatlar ýatyrdy. Men olar barada hiç kime gürrüňem berip bilemokdym, düşündiribem. Geliň, men ony siziň bilen paýlaşjak bolup göreýin.
Bir gezek ene ýabyň boýunda oýnap otyrkam, şatuduň gür ýaprakly şahalarynyň birine gonup saýrap başlan hüýpüýpigiň geň owazy eşidildi. Men oňa kän bir ähmiýet bermesemem, beýleräkde tamdyra nan ýapyp duran enem begençli seslendi:
— Eşidýäňmi, Myrat jan, oglum, darakguş saýraýar.
Enemiň darakguş diýýäni hüýpüýpikdi. Men palçyga bulaşan ellerimi silkeleşdirip, öz güýmenjämden ünsümi sowman, biparhlyk bilen eneme jogap berdim:
— Saýranda näme?!
— Wah, Myrat jan, könelerimiz: «Darakguş saýranda onuň oturan daragtynyň daşyndan üç gezek aýlanyp, näme dileg etseň hem, dilegiň kabul bolýandyr» diýerdiler — diýip, enem «Nämä otyrsyň?» diýen terzde ýüzüme dikanlady.
Men:
— Ene men ondan näme dilejegimi bilemok ahyryn — diýdim.
Enem:
— Dileg-dogasyz adam bolmaz Myrat jan, göwnüň näme isleýän bolsa şony dileg et — diýdi.
— Onda näme doga-dileg etsem şo-da bolarmy? — diýip, men ýene-de eneme sorag bilen ýüzlendim.
— Elbetde, bolar enşalla — diýip, enem dillendi.
Dogrudan hem şol bir heňde saýrap duran hüýpüýpigiň owazyna diň salyp, gobsunanym hem şoldy welin, birden goňşymyzyň gozakly motorynyň sesi daş-töwerege ýaň salyp zenzele turuzdy. Hüýpüýpigiň saýramasam, motoryň galmagalam garym-gatym boldy. Töwerek imisalalyk bolanda bolsa guş eýýäm ýerinde ýokdy.
Şu wakadan soň ala-mulaja hüýpüýpik meniň aňyma bagt guşy bolup baky ornady. Onuň uzyndan inçejik çüňki, ýumruk ýalyjak naşyja göwresi, depesinde darak-darak bolup duran perjagazlary gijeler düýşüme girýärdi. Men her gezek ondan şatuda gonup saýramagyny haýyş ederdim. Ol meniň diýenime gulak asyp, saýrap başlanda-da, her gezek bir sebäp bilen ukudan oýanardym. Şoldur-şoldu¬ram diňe düýşümde däl, huşumda-da şatuduň aşagy meniň iň arzyly ýerime öwrüldi. Soň-soňlar men: «Asyl şatuduň özünde-de täsin bir gudrat bar bolaýmasyn?» diýip, oýlanyp başladym. Ýogsa her gezek men hüýpüýpik hakynda hyýal atyma atlanamda şatut ýadyma düşüp durmazdy ahyryn. Meniň üçin welin ol endige öwrülip gitdi. Atamdan käýinç eşit¬semem, enemi zeýrendirsemem şatuduň aşagyna gidip oturardym. Hüýpüýpik gelip saýrap başlasa atamy käýindirmejekdigim, enemi zeýrendirmejekdigim barada oňa söz bererin diýip pikir öwrerdim.
Käteler bolsa köp wagtyny işde geçirýän atamyň geljek ýoluna gözläbem, uzyn gününi bir çeti şol ýerden başlanyp, çöl etege tarap uzalyp gidýän ekinzarlykda geçirýän enemiň atyzdan çykaryna garaşybam, şol ýerde oturardym. Ak alaňlaryň arasynda inçejik ýoda bolup, çala göze ilip duran tozanlyja ýoldan köne ulagy garşylamak, hatar-hatar ak fartuklary egninden asyp maňa tarap ýönelen enemiň gujagyna dolýançam gaýtalaýan ezizläp aýdýan sözlerini eşitmek gör, nähili ýakymlydy.
Çagalyk ýyllarymyň iň ezizlenen günleri bolup hakydalara siňen şol pursatlar misli ýene-de gaýtalanaýjak ýaly, men oba aýagym degenden şatuduň aşagyna howlukdym.
Şatudam gojalypdyr. Meniň üçin welin ol şol birwagtky şatutdy. Şahalary ýognap giden merdemsi oturan şatutdy.
Men endige öwrülen edähedimi gaý¬talap, çagalykdan el yzlarymyň galan şa¬halary eda bilen sypaladym. Daş-töweregi demikdirip barýan günortanyň jokrama yssysy şatuduň kölegesinde duýlanokdy. Göwnüm aram tapyp, şatuda arkamy diräp aşak çökdüm. Kalbyma şeýle bir ýakymly rahatlyk aralaşdy. Bir ýerlerden bolsa gulagyma enem janyň mylaýym sesi eşidilýän ýalydy. Men ol sese şeýle bir suwsapdym, şeýle bir suwsapdym welin, ol gije-gündiz gulagymda ýaňlanyp dursa-da, asyl ondan doýup biljek däldim. Ol bolsa şol birwagtky tamdyra nan ýapýan ýerinde durup «Depäňe seret, depäňe» diýýän terzde maňa bir zady yşarat edýärdi. Ene didaryna suwsan sergezdan gursak şol pursatda özüni arzyly gujakda duýýan ýaly towsaklaýardy. Giň giden meýdanlaryň ýazylyp ýatan giňişligi salgyma öwrülip barýan çagalyk hakydasyny dörjeläp başlady. Öçügsilenip barýan süýji ýatlamalaryň deňzini gulaçlamak juda ýakymlydy...

* * *

... Oglanlar bolup, şor çaýyrly ala meýdanda guduk oýnardyk. Köne mata-marlyklardan topbaklanyp ýasalan ýumruk ýaly top tommakly taýaklaryň urgusyndan ýaňa bir sagdan çykardy, bir-de soldan. Her kim öz çäginde gudugy goramalydyr. Seniň çägiňden geçip top guduga giräýse — sen eşekçisiň, sütügiň süýnüp halys bolýançaň kowalaber onsoň topuň yzyn-dan. Şol gezegem oýna gyzygyp otyrkak Mergen geň sorag bilen ýüzüme jikgerildi:
— Sen guýrukly ýyldyzy gördüňmi?
Men garaşylmadyk soraga aňka-taňka bolup, onuň ýüzüne seredipdim:
— Heý ýyldyzda-da bir guýruk bolar¬my?
Mergen janykdy:
— Gatam bolýan eken şol-a, men gözüm bilen gördüm.
Jogap berip ýetişmedim, hyzlap gelen topdan gudugy goramaga häzirlendim. Emma eýýäm giçdi.
Eşekçiligiň ezýetini çekip halys bolanymdansoň, guýrukly ýyldyz baradaky gutarylmadyk gürrüň agşam ýatjak wagtym ýadyma düşdi. Men bu barada eneme Mergeniň buýsanyp gürrüň berendigini aýtdym.
Enem:
— Elbetde, buýsanandyr, guýrukly ýyldyzy synlamak hemme kişä nesip edip duranok, sebäbi ol asmanda görünýär-de, ýene-de ýitip gidýär. Adamlar onuň her gezek dolanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Enemiň bu gürrüňleri meni gyzyklandyrdy:
— Näme üçin?
— Her kim ondan haraý gözleýär. Ötüp-geçen ene-mamalarymyzyň aýtmagyna görä, guýrukly ýyldyzy görüp, oňa doga-dileg bilen ýüzlenen adamyň arzuwy hasyl bolýar. Isleseň daňa golaý men ony saňa görkezeýin.Ýöne sen näme doga-dileg etjek?
Men sesimi çykarmadym. Ol meniň näme diýjek bolýanyma düşündi.
— Dilegiň hasyl bolar enşalla — diýdi.
Gijäniň tüm garaňkylygynda enemiň synyndan tutaklap, şatuduň ýanyna gelenimiz şu günki ýaly ýadymda. Petreşip duran ýyldyzly asmanyň astynda aňyrsy görünmeýän garaňky gözýetim birhili sussuňy basýardy. Enem çörek bişirende hemişekije oturýan ýerinde çommalyp oturdy-da, gataňsy aýasynda gysymyna gysyp saklap oturan horja ellerini dik ýokaryma göterip:
— Ha-anha, guýrukly ýyldyz diýilýäni — diýdi.
Asman giňişligine jäjek dökülen dek ýylpyldaşýan san-sajaksyz ýyldyzlaryň arasynda ýaňy körükden çykarylan demir kesindi ýaly, ýalynsow guýrukly nokat bada-bat gözüme ildi. Birdenem bütin durkumy düşnüksiz gorky gaplap alyp, saňňyldap başladym. Nädip özümi enemiň gujagyna oklanymy bilemok. Gözüm arşda, göwräm ýerde, oý-hyýallarym bolsa guýrukly ýyldyzyň ýesiri dek ikiýana urunýardy…

* * *

Ol döwürde mekdepde okuw tamamlanandan soň pile ýygmaga giderdik. Ýüpek gurçugynyň ap-ak edip daşyna çolan pilesini çölde biten ýumşajyk kertden saplap, daşynyň hapa-hupasyny arassalamagyň özboluşly gyzygy bardy. Ýüpekçileriň bir aýlyk hysyrdyly zähmetiniň netijesini terezä goýýan bu möwsüm maý aýynyň ortalaryna tamamlanardy. Şoňa çenli welin tutuş bir aý ber-başagaýlyk bolardy. Daňyň ujy çyzylandan alada başlanardy, onsuzam gije idili uky ýokdur, ozalagşam, ýarygije, daňa golaý saryma durjak ýüpek gurçuklarynyň üstüni tut ýapraklary bilen basyryp çykmalydyr. Gündizine-de şol haldyr. Üstesine-de gowaçalary ýekelemeli döwrem şol günlere gabat gelerdi. Mundan başga-da, hojalygyň mal-garasydyr biş-düşüne-de ýetişmeli. Enem janyň bu işleriň nädip hötdesinden gelenine indi oturyp-oturyp haýran galýaryn.
Şol günleriň arasynda ahyr bir gün pile ýygylmaly gün hem gelerdi. Ana, şol gün biziňem öýümiz kiçijek toýhanany ýatladardy. Men mekdepden ähli synpdaşlarymy kömege alyp gelerdim. Ählijämiz topbagymyz bilen şatuduň gapdalyndaky jaýa girip, guşuň ýumurtgasy ýaly ap-akja pileleri hapadan saplap başlarysam welin, biziň üçin iň gyzykly pursat gelerdi. Goňşymyz Durdy mugallym gaty ertekiçil adamdy. Sähel böwşeňlik tapdygy ol töweregine okuw¬çylary toplap, erteki aýdyp bererdi. Şeýle günlerde bolsa onuň tüýs diýeni gelerdi. Ýöne şol gün ol näme üçindir erteki däl-de, Hydyr ata barada rowaýat aýdyp berjekdigini aýtdy.
— Siz indi ýagşy-ýamana parh goýmagy başarýan ýaşa ýetdiňiz, durmuş parasadyna akyl ýetirmek üçin rowaýatlaryň manysyny tirmegi hem öwrenmek gerek — diýip, ol synp otagynda sapak geçýän terzde gürrüňe başlapdy.
— Adam aljyranda, gyssananda, çykgynsyz güne galanda ýa-da haýyrly bir zady dileg edende özüni halas eden kişä: «Hydyr ata bolup dadyma ýetişdiň» diýýändir. Ine, meniň size gürrüň berjek bolýan rowaýatym hem şol kişi hakynda. Hydyr ata adatdan daşary güýje eýe bolup, onuň aýdan-diýeni hasyl bolýan eken. Ol elmydama ýagşylyga ýaran kişilere kömek edipdir we olaryň dilegini bitiripdir. Emma ol hemme adamyň gözüne görünmändir. Ine, bir gezek hem...
Pile ýygylyp oturan içeriniň dymyljyk howasy hemmeleri bihuş eden dek hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Diňe rowaýaty barha gyzykdyrýan Durdy mugallymyň ýognasdan gelen basygrak sesi hem-de inçejik okuwçy barmaklarynyň piläniň daşynda aýlanýan şyg-şygy diýäýmeseň, uly bir jaýyň içi doňdurylyp goýlan heýkelleri ýatladyp durdy. Hemmeler wakanyň soňunyň näme bilen gutararyna garaşýardylar. Ahyry Durdy mugallym Hydyr atanyň daýhan bilen duşuşygyn-daky soňky sözlerini onuň keşbine girip, owazlandyryp aýtdy:
— Adamlara eden bu ýagşylygyň üçin men hem saňa ýagşylyk edeýin, aýt, üç dilegiňi bitirjek?!
Birden oturanlaryň aşagyna buzaw girene döndi. Okuwçylar rowaýatyň gahrymanynyň etjek dilegi barada däl-de, öz göwün matlaplary hakynda pikir ýüwürdipdi. Kim: «Sen näme dileg ederdiň?» diýip, gapdalyndakyny hürseklese, beýleki biri etjek dilegleriniň sanyny üçe ýetirme¬giň aladasy bilen başagaý samyrdaýardy. Synpdaşlarymyň basga düşüp oturyşlary birýandan gülkünç ýaly hem bolsa, beýleki tarapdan her kimi hem oýlandyrman duranokdy. Şeýle bolansoň meniň hem kellämde: «Men näme dileg ederdim?» diýen sowal ýyldyrym deý at çapýardy. Durdy mugallym içeriniň galmagalyny ýatyrmakçy bolup ardynjyrady. Men bolsa bu wagt darakguş hem guýrukly ýyldyz bilen baglanyşykly wakalary ýatlap, sary sadylla bolup durdum...

* * *

Birden tomsuň günorta jokra¬masynyň epgeginiň garry peýwendiniň ýapraklaryny şabyrdadyp geçmesi meni ol jadyly dünýäden sogrup aldy. Darakguşdyr guýrukly ýyldyz hem Hydyr ata baradaky geň gudratlar nirädir bir ýerlere zym uçan ýaly boldy. Ýöne enem janyň mahmal deý mylaýym ýakymly sesi welin bir ýerlerden gulagyma gelýän dek bolup dur. Göwnüme bolmasa ol biziň görülmedik gudrata maýyl kalbymyzda «enşalla» diýip, arzuw-hyýallarymyzy şineledip ýören ýaly...
...Asyl biziň doga-dileglerimizi wysala ýetirýän hakdan halatly perişdelerimiz ahyryn.

Akmyrat ABDYLLAÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Abdyllaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]