09:00
Hafyzdan bir parça
HAPYZ

(Hapyzyñ "Diwanyndan" parçalar, 321-nji gazal).

▪︎Mefûlü Failâtü Mefâîlü Fâîlün

Herçend pîr u hastedil u nâtewân şodem
Hergeh ki ýâd-i rûý-i tu kerdem, jewân şodem.

Şukr-i hodâ herçi taleb kerdem ez hodâ
Ber muntehâ-ýi himmet-i hod kâmrân şodem.

Eý gulbun-i jewan, ber-i dowlet bohor ki men
Der sâýe-i tu bulbul-i bâg-i jihân şodem.

Ewwel zi taht u fovk-i wujûdem haber nebûd
Der mekteb-i gam-i tu çonin niktedân şodem.

Kismet hewâleten be herâbât mîkoned
Herçend k' inçonin şodem u ançonân şodem.

An rûz ber dilem der-i ma' nî guşûde şud
K' ez sâkınân-i dergeh-i pîr-i mugân şodem.

Der şâhrâh-i dowlet-i sermed be taht-i baht
Bâ câm-i meý be kâm-i dil-i dûstan şodem.

An zemân ki fitne-i çeşmet be men resîd
Îmen zi şerr-i fitne-i âhirzemân şodem.

Men pîr-i sâl u mâh niýem, ýar biwefast
Ber men çu omr mîgozered, pîr ez an şodem.

Dûşem newîd dâd inaýet ki Hâfizâ
Bâz â ki men be afw-i gunähet zimân şodem.

▪︎ TÜRKMEN DILINE TERJIMESI:

Gartaşan, köñli ýaraly
güýç-kuwwatsyz galsamam,
Her çak roýun ýada salsam
ýigdelişen ýaly boldum.

Şükürim bar Biribara
näme dileg etsem ondan,
Her islegme hümmet berdi
bagtly bolan ýaly boldum.

Eý juwan, gel, gunça çagyñ
ýaşa döwletiñ baharyn,
Saýañda jahan bagynyñ
saýraýan bilbili boldum.

Owwal habaryñ ýokmudy
barlygymyñ her ýanyndan,
Seniñ gussa mekdebiñde
söz ussady ýaly boldum.

Kysmat meni çykarypdyr
meýhananyñ gapysyndan,
Geñ görme düşen günümi
eýle boldum, beýle boldum...

Göýä syrlar gapysyny
açan ýaly boldy şol gün,
Piri-mugan dergähinde
sakylarnyñ biri boldum.

Baky döwletiñ ýolunda
bagtyýarlygmyñ tagtynda,
Elimde meýli pyýala
dostlañ diýşi ýaly boldum.

Gözleriñ pitnesi meni
kül-peýekun eden çagy,
Kyýamatyñ pitnesinden
Aman sypan ýaly boldum.

Gojaltmady meni ýyllar
wepa ýokmuş ýar diýlende,
Ömrüm geçip barýar, ömrüm!
Şondan garran ýaly boldum.

Düýn agşam Tañry maña
buşluk berdi: "Gel, eý, Hapyz!
Men seniñ eden günäleñ
güzeştine kepil boldum."

Terjime eden: Has TÜRKMEN.

* * *

Türkmen diline terjimäniñ pars elipbiýindäki nusgasy:

، کؤنگلی یارالئ، گویچ_قووواتسئز غالسامام.
هر چاق رویونگ یادا سالسام، ییگدِلشِن یالئ بولدوم.

شوکوریم بار بیری بارا نأمه دیلِگ اتسِم اوندان،
هر ایسلِگمه هومّت بردی، باغتلئ بولان یالئ بولدوم

ای جووان، گِل، غونچا چاغئنگ، یاشا دؤولِتینگ باهارئن،
سایانگدا جاهان باغئ نئنگ، سایرایان بیلبیلی بولدوم.

اووال خابارئنگ یوقمودئ، بارلئغئمئنگ هر یانئندان،
سِنینگ غوصصا مکتِبینگده، سؤز اوسسادئ یالئ بولدوم.

قئسمات مِنی چئقارئپدئر، میخانانئنگ غاپئسئندان،
گِنگ گؤرمه دوشِن گونومی، اِیله بولدوم، بِیله بولدوم.

گؤیأ سئرلار غاپئسئنئ، آچان یالئ بولدئ شول گون،
پیری_موغان درگأهینده، ساقئ لارنئنگ بیری بولدوم.

باقئ دؤولِتینگ یولوندا، باغتئیارلئغمئنگ تاغتئندا،
اِلیمده مِی_لی پئیالا، دوستلانگ دییشی یالئ بولدوم.

گؤزلرینگ پیتنه سی مِنی، کول_پِیِکون اِدِن چاغئ،
قئیاماتئنگ پیتنه سیندن، آمان سئپان یالئ بولدوم.

غوجالتمادئ مِنی یئل لار، وِپا یوقموش یار دییلِنده،
عؤمروم گِچیپ باریار، عؤمروم! شوندان غارران یالئ بولدوم.

دوین آغشام تانگرئ مانگا، بوشلوق بِردی : '' گِل، ای، حافظ!
من سِنینگ اِدِن گونألِنگ، گوذِشتینه کِپیل بولدوم. ''

@s_salarinia

https://t.me/joinchat/AAAAAD8ycv74aW8RhNIutw





Категория: Goşgular | Просмотров: 495 | Добавил: Нawеran | Теги: Hoja Hafyz | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Watanym meniň / Goşgular - 17.01.2021
Ýa Sendendir, ýa Mendendir! / Goşgular - 26.03.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Ýör, dogan / Goşgular - 20.02.2021
Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly / Goşgular - 19.03.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Guşlaryñ tansy / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]