23:44
Gyzylgül Annagylyjowanyñ döredijigine gysgaça syn
GYZYLGÜL ANNAGYLYJOWANYÑ DÖREDIJILIGINE SYN

"Türkmen edebiýaty" (kitapcy.com) portaly türkmen, şol sanda türkmen dilini bilýän okyjylaryñ mañlayyndan dörän uly göwrümli edebi žurnal boldy. Ozallar "Sowet edebiyaty" ("Garagum"), "Yaşlyk" ("Ýunost") žurnallaryna bir ayyñ dowamynda intizar-sabyrsyz garaşan bolsak, indi ol edebi jurnallaryñ aýda bir gezek çap edýän eserlerini "Türkmen edebiýaty" portaly (žurnaly) 5-6 sagada goýman, okyjylara ýetirip dur.
Onda-da nahili eserler?!.
Öz döwrunde ýiti seslenme döreden edebi makalalar. Roman-powestleriñ, poema-goşgylaryñ çeper mazmunyny okyjylara çigit çigitlän ýaly edip düşündirip berýän edebi synlar. Belli şahslaryñ ömür ýollarynyñ garañkyda galdyrylan böleklerini ýagtylyga çykaran doly mazmunly terjimehal makalalar. Täze-täze eserler yzygiderli goýulýar.
Goşgylary diysene!
Ýürek ýagyna ýag damdyrýan şygyrlar. Şahyrlaryñ goşgylary-azy yaran talantyñ miweleri. Bulary ýetirip durýanlygy üçin žurnalyñ adminstrasiyasyna, gündeki muşakgatly zähmetlerine çuññur minnetdarlyk bildiräýmek galýar.
Hawa, men şol edebi portalda çykyş edýän görnukli şahyrlaryñ biri Gyzylgül Annagylyjowanyñ döredijiliginiñ bir aýratyn ugry barada, başardygymdan, söz açmakçy.

• Ylahyýet:

munuñ özi ynsanyýet añyndaky iman (ynam) -ygtykatyny arşy-agla sary özüne imrikdirýän, onuñ kalbyny bent edýän tebigy bir ýönelişdir. Şol ugruñ ýaşayyş barlygynda adamzadyñ köñluni zabt edýän oz rowan ýoly bar. Soýuz döwründe ol ýol açyklygyna dursa-da, oña metbugat ýüzünde meýil eden şahyr tapylmady. Tapylanlaram ylahy goşgylaryny enesiniñ sandygyndan daşary çykarmaga het edip bilmedi. Çünki, ylahy eserler üçin metbugatyñ gapysy ýedi gulpuñ astynda bent edilipdi. Ylahy goşgylary il-gun okan yagdayynda ol hereketde bolyar. Yogsa, öz pikiriñi kagyz bilen paylaşanyñ galyar.
Emma, 80-nji ýyllaryñ ortalarynda zamana uly öwrülişik etdi. ,"Aç-açanlyk", "Üytgedip gurmak" eýýamy geldi. Dine ýol açyldy. Musulmanlaryñ Mukaddes Gurhana eli ýetdi. Dini dogalar dilleri zibana getirdi. Arş-aglanyñ ylahy ýalkymy jemgyýetiñ kalbyna şugla saçdy.
Şol şugladan paý alanlaryñ biri Şähribossan Geldimämmedowady. Onuñ okuwçy döwründäki ýaş kalby ylahy nygmat bilen añyndaky şahsy nygmaty eýläp-ýugrup, şeýle bir ylahy goşgylar ýazýardy, hat-da, Watan, Ene, Söýgi baradaky şygyrlarynda-da ylahy müşk bark urýardy. Onuñ goşgylary halk köpçüligi tarapyndan örän yhlasly garşylanyardy. Ylaýta-da, şol döwürdäki yaşuly nesiller onuñ poeziýasynyñ muşdagydy. Uly talantly, entek orta mekdep okuwçysy bolan çepiksije gyzyñ mylaýym, ruhy mazmunly setirleri suwsan dowar sürüsiniñ çöluni gandyrjak dury çeşma meñzeýärdi.

• Eyse, Şähribossanyñ poeziyasynyñ hümmeti näme sebäpden beyle yokary galdyka?

Meniñ garyp pikirimçe-hä, aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolan ýaly.

1). Uly taryhy öwrülişik bolup, dine ýol açylmagy;

2). Nijeme ýyllap dini-ygtykada suwsan okyjylaryñ şahyryñ ylahy mazmunly goşgylaryny gapyp-garbap almagy;

3). Dini taglymata ýol açylansoñ takdyryñ Şähribossana ylahyýete tarap ilkinji at göçümini etmek bagtyny bermegi;

4). Ýaradanyñ ony iti talant bilen sylaglamagy. Ine, şu aýratynlyklar Şähribossanyñ ömür ýoluny, mertebe derejesini, edebi ugruny kesgitledimikä diýýän. Eger şol taryhy öwrülişik bolmadyk bolanda, meniñ pikirimçe, näçe talant-zehinli bolanda-da, şahyr halk mähellesiniñ içinde ýitip giderdi. Eýse, Şähribossan bilen Gyzylgülüñ doredijiliginiñ poetiki ugry biri-birinden parhlanýarmy?!

• Elbetde, parhlanýar.

Ikisi halypa-şägirtlik ýolunda bile gadam urýan ýaly bolup görünse-de, iki şahyryñ döredijilik stilinde uly tapawut aýyl-saýyl duýulup dur. Şähribossan ylaha ýüzlenende, mynajat edende arada poçta-kurýer serişdesini ulanmayar. Aralykda giñişlik goýmaýar we Ýaradana gös-göni ýüzlenýär, hem-de içki ahwalatyny arz edýär. Gyzylgul bolsa Arşy-agla gudratyna ýüzlenende sufizmiñ mertebe-basgançaklaryna nazar aýlaýar. Ol sufistler yaly a:ñy elendiriji peýnek görnüşhinde, Hak didaryna dahyl bolmak niýeti bilen deñiz-derýalara poçta-kurýer hökmünde ýüzlenýär. Şähribossan goşgylarynyñ mazmunyny 7-8-11-bogunly setirlerde beýan edýär. Gyzylgul bolsa, esasan, 11-bogunly goşgylara ýykgyn edýär. Şähribossan goşgylaryna mylaýym röwüş çaýyp, ýazmagy gowy görýär. Şygyrlarynyñ mazmunyny beýan edende ýuwaş-ýuwaş ýokary göterip, assa-assadan aşak düşürmegi halaýar. Gyzylgül bolsa, mazmuny belent tempde başlap, belent tempde soñlamagy müwessa bilýär. Şu hili aýry başgalyk şahyrlaryñ dil manerasyny, stil aýratynlygyny esaslandyrýar. Munuñ özi olaryñ döredijilik şüweleñine şüweleñ goşýar. Şu ýerde Gyzylgülüñ döredijilik önüm-bereketliligini agzaman geçmek kemterlik bolar. Şahyr soñky wagt ylahy mazmuna ýanaşmakdan el çekdi. Onuñ (Gyzylgülüñ) atygsap duran zehini başga ugra gönükdi. Elbetde, Watana, ene-ata, dogan-garyndaşa, söwer yara, ýanýoldaşa... bagyşlanan goşgylar hem derwaýys mazmunly eserler. Olary hem döretmeli, wasp etmeli. Bu şahyrlaryñ borjy. Yöne, seriñi sämediji ylahy goşgylaryñ öwezine däl. Gyzylgul teswiriniñ birinde ylahy goşgylary yzygiderli döretmek üçin teoriýa bazasynyñ kiçilik edýändigini ýañzydypdy. Ýok, onuñ döreden ylahy şygyrlary az sanly bolsa-da, eýesiniñ añynda uly ylahy taglymatyñ ykjam bazasynyñ ýerleşýändigini salgy berýär. Meniñ duýşumca, Gyzylgul arşy-agla tarap uzaýan ylahy merdiwanyñ birinji ýa ikinji basgançagyna aýak basyp durşuna, töweregine gözleýär, ýaýdanýar. Ylahy ugurdaky mazmuna mundan artyk el urmaga heder edýän ýaly görünýär. Äpet uly teoriýa onuñ sussuny basýar. Şonuñ üçin şahyr özüni ejiz duýýar. Bu hala duşmek Gyzylgülüñ zehinine hem badak salýan ýaly. Şeýle-de bolsa okyjylar onuñ ýene-de ylahy tema öwrülip gelmegini isleýär.

Şyhymyrat ABDYLLAÝEW.

7-nji iýul, 2018.





Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 617 | Добавил: Нawеran | Теги: Şyhymyrat Abdyllaýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

"Aldamaga oglan ýagşy..." / felýeton - 16.05.2022
Gürrüñ gümürtik galmasyn... - 17.05.2022
Abdylla Myradow - görnükli edebiýatçy - 05.05.2022
Öde Abdyllaýew - teoretik - 06.05.2022
Hanguly Tañryberdiýew - edebi tankytçy - 05.05.2022
Görýäniňi duýmak ukyby - 15.01.2022
Saýlaw Myradow - 06.05.2022
Aşyk bolsañ bol, ýöne çilme! - 16.05.2022
Ata Kerimow - edebi tankytçy - 06.05.2022
Gazanylmadyk şöhrat - 28.05.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Shapak_A   [Материал]
Gumlygelin yagny Gyzylgulin gosgulary yurege yakyn.

0
4 Garayolly   [Материал]
Bu sayt meniñ iñ yakyn hemram bolup galdy.

0
3 Garayolly   [Материал]
Sahmet gorman shu saytda goyanyñ ucin juda minnetdar. Ozum goni shu yere goyberjek boldym. Basharmadym. Nadogry basyp saydy ocurup goyaymayyn diyip gorkdym.Ozal zordan acdyrypdym yegenime. Olam hazir uzakda ishde

0
2 Garayolly   [Материал]
Sag bol, Haweran, duzedeniñ, elbetde, gowy bolupdyr. Mende harp, soz yalñyshlary kop gidyar.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
@Garaýolly aga, ömrüñiz uzak bolsun. Ynsan oglunyñ ahli etjek işleriniñ başlangyjynda ynam ýatyr. Belki siziñ we köpçüligiñ ynamy meñ üçin badalgadyr...
@Haweran sizem Tañry ýalkasyn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]